Hesperian Health Guides
Zir-zibiller we kanun
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 18: Gaty galyndylar: saglyga howp salýan galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek > Zir-zibiller we kanun
Filippinler zibilleri ýakmagy kanuna laýyk däl diýip yglan etdiler we galyndylar babatdaky kanunlary güýçlendirdiler
Uzak ýyllaryň dowamynda Filippinlerdäki zibiller açyk ýerlerde toplanýardy ýa-da ol ýakylýardy. Zir-zibilleriň köp mukdary zerarly daş-töwerek hapalanýardy. Jemgyýetçilik toparlarynyň köpüsi zibilleriň ýakylmagynyň gadagan edilmegini, resirkulýasiýa maksatnamasynyň düzülmegini we galyndylaryň açyk ýerlere taşlanylmagynyň öňüni almagyny hökümetden talap etdiler.
Bu hereket 1985-nji ýylda bilim maksatnamasyndan başlanýar. Işjeňler ýurduň ähli ýerlerine aýlanyp, adamlara galyndylaryň döremeginiň öňüni almagyň iň gowy usullaryny öwredýärler.
Olar adamlara zibilleri azaltmagy, kompostlanyljak, gaýtadan ulanyljak ýa-da işleniljek galyndylary saýlap görkezýärler. Olar daýhanlardan başlap, syýasy işgärlere, dindarlara çenli hemme adamlary zibilleriň mukdaryny azaltmak üçin hyzmatdaşlyga çagyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde olar ýerli ilata we hökümet agzalaryna ýakylýan zibilleriň bölüp çykarýan zäherli maddalary barada gürrüň berýärler.
Jemgyýetçilik toparynyň agzalary galyndylaryň ýakylmagy netijesinde dörän zäherli maddalaryň ýumurtgalarda we adaty önümlerde ýüze çykýandygyny görkezdiler.
Olaryň hökümetden eden talaplary öz netijesini berýär. 1999-njy ýylda Arassa howa hakynda Kanun kabul edilip, zibilleriň ýakylmagy gadagan edilýär. 2000-nji ýylda hökümet gaýtadan işlemek maksatnamasyna girişýär we zir-zibiller dökülýän açyk ýerleri zir-zibil gömülýän ýerlere öwürmek barada Kanun kabul edýär. 2001-nji ýylda hökümet uly we kiçi şäherleriň köpüsinde serişdeleri dikeltmek merkezleriniň açylmagy üçin, zibilleriň ekologik dolandyrylmagy barada Kanun kabul edýär. Birleşigiň agzalary kanunlary zibil ýygnaýan, saýlaýan we gaýtadan işleýän adamlara peýda getirýändigine göz ýetirmek üçin işlerini dowam edýärler.
Şeýle kanunlar galyndylary dolandyrmagy kadalaşdyrýarlar we jemgyýetiň her bir agzasynyň bähbidini araýarlar.