Hesperian Health Guides
Zir-zibillerden howpsuz dynmak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 18: Gaty galyndylar: saglyga howp salýan galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek > Zir-zibillerden howpsuz dynmak
Kagyzyň we kartonyň gaýtadan ulanylyp, işlenilip ýa-da komposta garyp bolmajak ýerlerinde, olary jaýy ýylytmak we nahar taýýarlamak üçin odun hökmünde ulanyp bolar. Emma plastmassanyň we kauçugyň azajyk mukdarda otlanylmagy hem saglyk bilen bagly kynçylyklary döredýändir (Ýakylýan galyndylar bilen bagly meseleler we 16-njy baba ser.), sebäbi olar dioksinler, furanlar we PHD (polihlorirlenen definiller) ýaly zäherli himikatlary bölüp çykarýarlar.
Kagyzyň we kartonyň gaýtadan ulanylyp, işlenilip ýa-da komposta garyp bolmajak ýerlerinde, olary jaýy ýylytmak we nahar taýýarlamak üçin odun hökmünde ulanyp bolar. Emma plastmassanyň we kauçugyň azajyk mukdarda otlanylmagy hem saglyk bilen bagly kynçylyklary döredýändir (16-njy baba ser.), sebäbi olar dioksinler, furanlar we PHD (polihlorirlenen definiller) ýaly zäherli himikatlary bölüp çykarýarlar.
Hiç bir usulda işlenilip bolmaýan galyndylary kiçiräk çukurlarda we zir-zibil dökülýän ýerlerde gömüp bolar. Az mukdardaky galyndylary gömmek üçin suw çeşmelerinden daşrakda çukur gazyň. Onuň içine zir-zibilleriňizi taşlap, üstüni gum bilen gömüň.
Zäherli taşlandylar
Zäherli taşlandylar – bu düzüminde zäherli himikatlar bolan taşlandylar. Olar daşky gurşawa we saglygymyza uly zyýan ýetirýärler. (Zäherleriň zyýany barada 16-njy baba ser.).
Zäherli taşlandylaryň zyýanynyň öňüni almagyň iň gowy usuly – onuň emele gelmeginiň öňüni almakdan ybarat. Hökümet zäherli önümleri we olaryň öndürilmegini gadagan etmelidir. Jemgyýetçilik toparlary hojalykda, kärdeşler arkalaşygy bolsa senagatda zäherli önümlere derek haýsydyr bir howpsuz maddalaryň ulanylmagyny öňe sürüp bilerler. Zäherli maddalary ýygnaýan merkezleriň döredilmegi şol maddalaryň topragy we suw üpjünçilik ulgamyny hapalamaga ýol bermez.
(Öýde ulanylýan zäherleriň deregine has howpsuz zatlaryň ulanylmagy. Zäherler barada giňişleýin maglumat almak üçin 14-nji, 16-njy we 20-nji baplara ser.).
Zäherli materiallardan boşan uly gaplary döwüşdirseňiz, olar beýleki önümler üçin, esasan hem iýmit we suw üçin ulanylmaz. |
Zäherli serişdeleri saklamak we olardan howpsuz usul arkaly dynmak
Zäherli taşlandylardan howpsuz dynmak çylşyrymly we gymmat bolup biler. Hökümet zäherleri ulanmagyň, saklamagyň we olardan dynmagyň esasy düzgünlerini girizse, gowy bolar. Olar zäherli taşlandylaryň gaýtadan işlenilmegini we howpsuz ulanylmagy boýunça jemgyýetiň agzalaryny okatmagy we tärleri öz içine almalydyr. Zäherli taşlandylar ulanylanda, şu amaly düzgünlere eýermeli:
- Zäherli önümleri iýmitden we suwdan daşda, çagalara elýeter bolmadyk ýerlerde saklaň.
- Zäherli önümleri ilkibaşdaky gaplarynda saklaň we etiketkalaryny aýyrmaň. Bu gaplaryň gaýtadan suw we iýmit üçin ulanylmazlygyna kömek eder.
- Zäherli galyndylary beýleki hojalyk zir-zibillerinden aýry saklaň.
- Zäherli galyndylary ýakmaň! Ot himikatlary kül we tüsse arkaly ýaýradyp, käte has howply himikatlary döredýär.
- Zäherli materiallary ýuwundy çukurlaryna, hajathanalara, ýaplara, drenaž kanallaryna, suw akýan ýaplara ýa-da jaýyň binýadynyň düýbüne taşlamaň.
Öz ýaşaýan çäkleriňizdäki zäherli taşlandylardan dynmagyň iň oňat usullary barada saglygy goraýşyň we serişdeleri täzeden dikeltmek merkezleriniň agzalary bilen maslahatlaşyň.
Adaty zäheri ýok etmeklik
Adaty hojalyk önümleri seresaplyk bilen işlenilmese we howpsuz ýok edilmese, zyýanly galyndylary döredýärler.
Reňkler we olardan boşan gaplar. Içi reňkli gaplaryň agzyny berk ýapyp, salkyn ýerde saklaň. Gabyň içindäki reňk gutarandan soň, boşan gaby ýemşerdip, kagyza dolaň-da, polietilen pakete salyp, zir-zibil dökülýän ýerde gömüň. Lateksli reňkler beýlekilere garanyňda, onçakly zäherli däl. Emma ol hem beýleki reňkler ýaly ýok edilmelidir.
Eredijiler (ýag aýyrýan serişdeler, skipidar, eredijiler). Eredijiler öz-özünden ot almaz ýaly, olar ýapyk gaplarda salkyn ýerde saklanylýar. Erediji gutarandan soň onuň gaby gaýtadan ulanylmaz ýaly, ony deşim-deşim etmeli. Gaplary ýemşerdip, gazete dolaň-da, polietilen pakete salyp, zir-zibil dökülýän ýerlerde gömüň ýa-da ýapyk gaplara salyň.
Ulanylan motor ýaglary. Nebiti hiç haçan ýere ýa-da suw akýan ýaplara dökmäň. Ony ýapyk gaplarda saklaň. Ulanylan motor ýagy, käte ulaglara hyzmat edýän kärhanalar tarapyndan işlenilip biler. Ulanylan motor ýagyny gurluşykdaky agaç sütünler çüýremez ýaly, agaçlaryň daşyny örtmek we käbir peçlerde ýakmak üçin ulanylyp bilner.
Bu adaty önümler seresaplyk bilen işlenilmese, zyýanly galyndylary bölüp çykarýarlar. |
Batareýler. Käbir ýerlerde batareýler gaýtadan işlenilip bilýärler. Emma batareýleriň el bilen gaýtadan işlenilmegi howpludyr. Bu işi ýörite okuw we gorag enjamlary bolmasa, ýerine ýetirmeli däldir.
Pestisidler. Pestisidlerden boşan gaplar gaýtadan ulanylmaz ýaly, olary deşiň ýa-da döwüşdiriň. Olary zir-zibil taşlanylýan ýerlerde gömüň. Oba hojalygynda ýa-da öýde azrak pestisid ulanmak barada bilmek isleseňiz, 15-nji baba serediň.
Saglygy goraýşyň galyndylary. Bulara ganly hasalar, hapa sanjym iňňeleri we beýleki gurallar, zaýa bolan dermanlar we ş.m. zatlar degişlidir. (Saglygy goraýyş galyndylary bilen iş salyşmak, saklamak we olary azaltmak barada 19-njy baba ser.)