Hesperian Health Guides

Galyndylaryň mukdaryny nola barabar etmek

Bu bapda:

Dünýädäki ähli jemgyýetçilik toparlary galyndylarynyň mukdaryny nola barabar etmegiň usullaryny gözleýärler. Galyndylaryň mukdarynyň nola barabar edilmegi zir-zibilleri azaldyp, olaryň belli bir böleginiň gaýtadan işlenilmegini aňladýar, gaýtadan işlenilen galyndylar saglygy we daşky gurşawy goraýan ýollar bilen tebigata ýa-da bazarlara düşýärler.

Galyndylaryň mukdarynyň nola barabar bolmagy üçin, senagat pudaklary olary az öndürmegi ýada palastmassa ýaly önümleriň birnäçe gezek ulanylmagyny öz üstüne almaly. Uly we kiçi şäherler gaty galyndylar boýunça kompostyň öndürilmegi, gaýtadan işlemek we galyndylaryň azaldylmagy ýaly maksatnamalary düzüp bilerler. Maksatnama şowly bolar ýaly, oňa galyndylaryň täsirine ýygy- ýygydan sezewar bolýan adamlaryň gatnaşmagyny gazanmly.

Şäher gaty galyndylar bilen göreşýär we ýeňýär

Günorta Hindistanyň kenarynda ýerleşýän gözel Kowelem şäheri syýahatçylar üçin meşhur gelim-gidimli ýerleriň biridir. Emma zir-zibilleriň mukdarynyň artmagy zerarly, Kowelemde syýahatçylyk gelim-gidimi peselýär.


Syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň 30 ýylynyň dowamynda Kowelemde galyndylar howpsuz usulda ýok edilmeýärdi. Zibil atylyan gaplary, resirkulýasiýa maksatnamalarynyň ýoklugy, kompostyň az ulanylmagy we syýahatçylaryň müňlerçesi kem-kemden Kowelemi zir-zibile gömdüler. Polietilen paketler şäherlerdäki suw turbalaryna dykylyardy, zibil üýşmeklerinde aýakçylar köpelýärdi. Netijede, şäher gözelligini we sagdynlygyny ýitirdi.


Ýerli hökümetiň wezipeli agzalary zibilleri ýygnamak boýunça maksatnamany düzmek we galyndylary ýakmak üçin enjamy işletmek kararyna gelýär. Emma adamlaryň köpüsi zibilleriň ýakylmagynyň howany hapalaýan zäherli tüssäni bölüp çykarýandygyny nygtaýarlar. Uzaga çeken jedellerden soň, zibilleri otlamak pikirinden dänýärler. Hökümet zibiliň ýakylmagyna garşy çykan toparlardan tekliplerini aýtmaklaryny soraýarlar.


Tenel Goraýyş Topar atly guramanyň baştutanlygynda, bileleşik galyndylaryň mukdarynyň nola barabar etjek usullary hödürleýär. Jemgyýetiň beýleki agzalary hem öz pikirlerini paýlaşmak üçin olara goşulýar. Murali atly bir aýal kokosyň gabygyndan, palmanyň ýapraklaryndan we kagyz galyndylaryndan şarlary, çaşkalary, çemçeleri, sumkalary we beýleki peýdaly zatlary ýasandygyny we satandygyny görkezýär.


Kompost ýasamagyň we gaýtadan ulanylmagyň täze usullaryny öňe sürüp, nola barabar galyndyly Kowelem döreýär. Birnäçe ýylyň içinde Kowelem öňküsinden has owadan we baý şähere öwrülýär. Indi onda ýene-de bir täze ajaýyp ýer bar – galyndylaryň mukdaryny nola barabar edýän Merkez.


Ýerli restoranlaryň köpüsi ýapraklardan ýasalan tabaklary we kokos çaşkalaryny ulanýarlar. Bu merkezde işleýän aýallar kompost bilen dökünlenen bakja ekinleri we bananlary ösdürip ýetişdirýärler. Şäherde elektroenergiýa öndürmek üçin adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny gaýtadan işleýän zawod gurulýar.


Kowelem galyndylaryň mukdaryny nola barabar etmek arkaly jemgyýetiň sagdynlygyny, tebigatyň gözelligini dikeldip we artdyryp bolýandygyny, geljekki nesiller üçin daşky gurşawy gorap bolýandygyny bütin Hindistana we dünýä subut edýär.