Hesperian Health Guides
Käbir galyndylar dargamaýar
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 18: Gaty galyndylar: saglyga howp salýan galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek > Käbir galyndylar dargamaýar
Birwagtlar iýmit we beýleki harytlar tebigy ýa-da köp ulanylmaga niýetlenen banan ýapraklary, gazet ýaly zatlara dolanýardy. Gaplar we beýleki peýdaly zatlar toýundan, agaçdan we ýerden alnan başga zatlardan ýasalýardy. Olar zir-zibil hökmünde taşlanylanda, tiz çüýräp, topraga siňýärdiler.
Häzirki döwürde bolsa senagatyň ösmegi bilen plastmassa, metallar, himikatlar giňden ulanylýar. Ulanylandan soň, önümleriň köpüsi zir-zibile öwrülýärler. Çüýşelerden, bedrelerden we sumkalardan başlap ulaga we kompýutere çenli ähli zatlar berk we ýeňil materiallardan ýasalýar. Şol materiallaryň çüýremegine we dargamagyna uzak wagt gerek bolýar. Harytlaryň gaplara, çüýşelere we polietilen paketlere salynmagy olaryň daşalmagyny we satylmagyny ýeňilleşdirse-de, has köp galyndyny emele getirýär.
Polietilen paketiň “ömür” aýlawy
Adamlar ozal zatlary daşamak üçin köplenç sebetleri we matadan tikilen sumkalary ulanýardylar. Indi bolsa biz plastmassa önümleriniň bir görnüşinden ýasalan polietilen paketleri ulanýarys. Her ýylda olaryň millionlarçasy öndürilip, ulanylandan soň zir-zibile öwrülýär.