Hesperian Health Guides

Ýowar geçirmek we serişdeleri dikeltmek

Bu bapda:

Ýaşaýan çäklerimiziň zyýanly zir-zibillerden arassalanylmagy we olaryň peýdaly serişdä öwrülmegi adamlaryň saglygyny, daşky gurşawy gowulandyryp, puly tygşytlaýar. Mysal üçin, Argentinadaky zir-zibil ýygnaýan topar Buenos-Aýres şäherindäki ähli gerekmejek kagyzlar ýygnalyp täzeden işlenilse, her ýylda ABŞ-nyň 10 million dollaryny tygşytlap bolýar diýip hasaplaýarlar. Bu pullar şäherdäki zir-zibil ýygnaýanlara tölense, her adam aýda 150 amerikan dollaryny gazanardy.

Zir-zibiliň azaldylmagy we onuň howpsuz ýerde saklanmagy babatdaky jogapkärçiligi her adam we her jemgyýetçilik topary öz üstüne alyp biler. Jemgyýetçilik toparlary bu işi özbaşdak etmegi başarsalar hem, galyndylar syýasy meseledir. Bu meseläni çözmek üçin hökümet, senagat we jemgyýetçilik toparlary hyzmatdaşlyk etmelidir. Hökümet zir-zibiliň adamlara we daşky gurşawa täsir etmegini azaldyp, senagat önümleriniň mümkin boldugyça az galyndyly öndürilmegini talap etmelidir. Hökümet puly tygşytlamak, iş ýerlerini döretmek üçin adamlaryň zir-zibili täzeden ulanmaklaryny, ony gaýtadan işlemeklerini we howpsuz ýerlemeklerini üpjün edýän maksatnamalary goldaýar we jemgyýetçilik meseleleri çözmäge kömek edýär.

“Zir-zibiller nagt pula satyn alynýar,” “Kompostlamak we galyndylary gaýtadan işlemek,” “Serişdeleri dikeldýän merkezler,” we “Şäher gaty galyndylar bilen göreşýär we ýeňýär” ser.).