Hesperian Health Guides
Zir-zibili arassaçylyk çukurlarynda gömmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 18: Gaty galyndylar: saglyga howp salýan galyndylary peýdaly serişdelere öwürmek > Zir-zibili arassaçylyk çukurlarynda gömmek
Açyk zir-zibil dökülýän ýerleri arassaçylyk çukurlaryna öwrüp bolar. Adamlar zibil gömmek üçin täze çukur gazyp we köne ýerini arassalap, zibili täze ýere daşap biler. Zir-zibiliň arassa gömülmegi üçin:
- olar adamlaryň ýaşaýan ýerlerinden daşda bolmaly;
- keselleri ýaýradýan mör-möjekleriň we beýleki haýwanlaryň köpelmezligi üçin, agzy ýapyk bolmaly;
- ýerasty suwlaryň himiki maddalar we mikroblar bilen hapalanmagynyň öňüni almak üçin, düýbi palçyk ýa-da plastik bilen tekizlenen bolmaly.
Zir-zibiller gömülýän ýerleriň gurluşygy we dolandyrylmagy uly zähmeti talap edýänligi sebäpli, bu iş köplenç jemgyýetçilik toparlary, hökümetiň ýerli agzalary we kompaniýalar ýaly edaralar bilen ýerine ýetirilmelidir.
Zibilleriň gömülmegine oňat gözegçilik edilse, tutuş jemgyýetiň saglygyny gorap bolar. Oňat dolandyryş ulgamy öz içine şulary alýar: zir-zibili gömýän işçileri okatmak we goldamak, serişdeleri täzeden dikeldiş merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, zäherli galyndylary ýygnamak we hökümetiň ýerli agzalarynyň goldawyny kabul etmek.
Mazmuny
Zir-zibili gömmek üçin ýer saýlamak
Zir-zibilleri gömmek üçin, ilki bilen ýer saýlamalydyr. Köp ýerlerde hökümet arssaçylyk çukurlaryny gurmazdan öň şol ýeriň ähli talaplara laýyk gelýändigini tassyklamak üçin baha berilmegini talap edýär. Bu topragyň we gaýalaryň, ol ýerlerde ösýän ösümlikleriň görnüşlerini we suw çeşmelerinden we jaýlardan uzak bolmagyna öwrenmegi aňladýar:
- kenarýaka suwlaryndan 150 metr;
- akalar, howdanlar ýa-da batgalyklar ýaly süýji suwlary çeşmelerden 250 metr;
- goralýan tokaýlardan 250 metr;
- ýaşaýyş jaýlaryndan, guýulardan ýa-da beýleki agyz suw çeşmelerinden 500 metr;
- ýer titremeler zolagyndan 500 metr.
Çukuryň düýbi iň ýokary gatlakdaky ýerasty suwlaryň derejesinden azyndan 2 metr ýokarda bolmaly.
Zir-zibil gömülýän çukurlary gazmak
Zir-zibil gömülýän çukurlaryň ululygy onuň içine taşlanjak galyndylaryň mukdaryna bagly bolýar. Çukurlar opurylmaz ýaly, olaryň düýbi ýokarsyndan has dar bolmaly. Şeýle galyp galyndylaryň dykyzlanmagyna kömek edýär, sebäbi ýokardaky agram aşakdaka görä has artyk bolýar.
Zir-zibil taşlanýan ýerdäki derwezäniň ýanynda iş wagtyny görkezýän ýazgynyň asylmagy zirzibiliň haçan we nähili taşlanandygyny bellemäge kömek edýär.
Zir-zibilleri oňat ýygnaýan we saklaýan arassaçylyk çukurlary
Içki berkitme üç gatdan ybarat:
Çukurlary berkitmek
Ýerasty suwlary goramak üçin, zir-zibil taşlanylýan çukuryň düýbüni berkitmelidir. Ony palçyk, çagyl we toprak gatlary bilen oňat berkidip bolar. Gaty toýunly toprak zir-zibiller gömüljek çukuryň gurluşygyny ýeňilleşdirýär.
Serişdeleriň elýeter bolan ýagdaýynda çukuryň düýbüni plastik we galyň matadan edilen gorag bilen örtmeklik has gowy goragy üpjün eder. Çukurdaky suwuklygy aýyrmak üçin, turbalary we sorujylar ulgamyny gurup bolar.
Zir-zibiller gömülýän çukurlaryň dolmagy
Zir-zibil gömülýän çukurlaryň dolmagy galyndylaryň mukdaryna, adamlaryň ýerine ýetirýän işine sarp edýän wagtyna we ýerli howa şertlerine baglydyr.
Köp ýagyn ýagýan we galyndylary örän az bolan ýerlerde siz her hepdede ýa-da her aýda palçyk we çagyl bilen tekizlenen (zir-zibilleri gömmek üçin gerek bolan gatlakdan ýukarak gatlar bilen) täze çukury gazyp bilersiňiz. Zibilleri daşamaga, çukuryň dolmagyna, zibilleriň dykyzlanmagyna we onuň gum bilen örtülmegine jogapkärçiligi kimdir biri öz üstüne almaly. Zibilleriň gömülmegi ýagyn suwlarynyň çukurlarda ýygnanmagyna ýol bermeýär.
Zir-zibilleri köp bolan ýerler üçin iň aňsady uly çukuryň gazylmagydyr. Işçiler zibilleriň gelşine görä, olary çukurlara gömýärler. Her gezek üstüne zibiller goşulanda gatlak emele geler ýaly, onuň üstünden basylýar. Soňra uly ýapraklar we bir gat toprak, kül we çäge bilen örtülýär. Şeýle edilmegi ýakymsyz yslaryň döremegine ýol bermez we mör-möjekleriň köpelmegine päsgel berer. Çukuryň üstünden uly üçek gurulsa, ýagyş geçmez.
Zir-zibiller gömülýän ýerleriň ýapylmagy
Çukur dolandan soň, onuň üsti azyndan 20 sm galyňlykda gum bilen örtülmelidir. Onuň üstünde gül we ot ekip bolar, emma gök önümler we miweli agaçlar ýaly iýmit üçin ulanyljak ekinleri ekmeli däl. Zibilleriň gömlen ýeri ösümlikler bilen doly örtülmese, haýwanlary ol ýerden daşda saklaň.
Zir-zibilleriň gömlen ýeri ösümlikler bilen doly örtülen bolsa, ol gök öwüsýän ýakymly ýere öwrülip biler. |
Zir-zibilleriň arassaçylyk çukurlarynda gömülmegi bilen bagly kynçylyklar
Üsti toprak bilen örtülen zir-zibilli çukur uly kynçylyklary döretmeýär. Ýöne şeýle çukurlarda suwuklyk we gaz (metan) ýygnansa welin, olar kynçylyklary döredip biler.
Suwuk galyndylar (akdyrylýan hapa suwlar)
Ýagyş suwy zibil gömlen çukura siňse, onda suwlar ýygnanýar. Olar bolsa öz gezeginde zibilleriň zäherini ýerasty suwlaryna geçirip bilýär. Şonuň üçin-de, zibil gömlen çukury tekizlemek we ony derýadan hem kölden daşda gazmak zerur.
Ýagyş we beýleki akar suwlarynyň zir-zibil gömlen çukurlaryna düşmezligi üçin, olaryň üstüne üçek, kendir mata ýa-da plastmassa örtük ýapmaly.
Howply gaz
Çukura gömlen zir-zibilleriň düzümindäki bakteriýalar köpelip, metan gazyny çykaryp bilýärler. Çukura oňat gözegçilik edilmese, metan ýarylyp ýa-da otlanyp biler. Metan tutuş ýer ýüzüniň ýylylyk derejesiniň artmagynda uly orun eýeleýändir. Köp ýerlerde zibil gömülýän ýerlerdäki metany ýygnap, ony elektroenergiýany öndürmek üçin ulanýarlar. Bu işi amala aşyrmak üçin serişdeleriňiz bolmasa, metan bölünip çykar ýaly, çukury ýelejirediş ulgamy bilen üpjün etmeli. Eger şeýle ulgamy üpjün etmäge serişdeleriňiz ýeterlik bolmasa, çukurda sadaja gurluşlary – gazy çukuryň daşyna çykarýan tüsseçykarlary ýasap bilersiňiz.
Zir-zibil gömlen çukurdaky gazlary daşyna çykarýan gurluşlar. |
Ýönekeý tüsseçykary maýdaja daşlardan tegelek ýa-da dörtburçlyk şekilinde gurmak bolýar. Olaryň daşyna sim tory oralýar. Şeýle tüsseçykarlary ýasamak üçin 200 litrlik çelekleri ulanyp bilersiňiz (ýöne olaryň düýbüni aýyrmalydyr). Tüsseçykaryň beýikligi gömülýän zibilleriň artmagy bilen ýokary galýar. Zerur bolan tüsseçykarlaryň sany çukuryň möçberine we gömlen zir-zibil galyndylarynyň görnüşine bagly bolýar.
Zir-zibiller gömlen çukurlaryň üsti ot ýa-da ösümlik bilen örtülen bolsa-da, käwagt metan bölüp çykarmagy mümkindir. Şeýle meýdanlarda guran otlar bar bolsa, aýratyn-da aýlaw şekilinde guran bolsa, bu metanyň bölünip çykýandygynyň alamatydyr. Şol ýeri belläň we adamlardan ol ýerden 10 metr daşlykda durmaklaryny haýyş ediň, sebäbi partlama duýdansyz döräp biler. Ýörite bilimli hünärmenler zibil gömülýän ýerleri barlaşdyryp, partlamanyň öňüni almagyň iň oňat çözgüdini gözlemeli.