Hesperian Health Guides

Durnuklylyk usuly ekologik kynçylyklarynyň öňüni alýar

Bu bapda:

Durnuklylyk – bu uzak wagtyň dowamynda amala aşýan haýsydyr bir işi goldamaklyk ukyby. Jemgyýetiň talaplaryny kanagatlandyrýan saglyk öýleri ýa zir-zibilleri gaýtadan işleýän merkezleri, ýa tokaý ýaly tebigy baýlyk, ýa sähralar, ýa suw gözbaşlary – tapawudy ýok, olar ýaýbaňlandyrylyp, durnukly usulda peýdalanylmalydyr. Şeýle edilmedik ýagdaýynda ekologik saglyga zyýan ýetirilýär.

Mundan başga-da, durnukly usullar adamlaryň diňe şu günki isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, gelejekki nesilleriň talaplaryny hem göz öňüne tutýandyr. Daşky gurşaw biziň ýaşaýşymyzyň esasy çeşmesidir. Ol bizi iýdirýär, bize mesgen bolaýr, bizi geýindirýär, suw, kuwwatlylyk we derman bilen üpjün edýär. Şonuň üçin-de, adamlar öz isleglerini kanagatlandyranlarynda, daşky gurşawa mümkin boldugyndan zyýan ýetirmejek bolmalydyr.

Biz özümizi gurşaýan zatlaryň durnuksyz usulda ulanylýandygynyň alamatlaryny ähli zatlarda görýäris. Sagdyn iýmitiň, arassa howanyň we suwuň, ýaşaýyş üçin howpsuz serişdeleriň ýetmezçiligi gitdigiçe artýandyr. Daşky gurşawyň hapalanmagy we zaýalanmagy, tokaýlaryň çapylyp ýok edilmegi, keselleriň sany hem ýylsaýyn artýandyr. Adamlar daşky gurşawdan durnuksyz usulda peýdalansa, özlerine we geljek nesle uly zyýan ýetirýändirler.

Şu kitapda, aýratyn hem beýan edilýän wakalarda, durnuklylygyň käbir esasy ýörelgelerini mysal getirilýär. Wajyp ýörelgeleriň beýany indiki sahypalarda berilýär.

Villagers at a meeting watch as a woman writes on an easel, "Principles for sustainable living: Respect the web of life: Work with nature; Prevent pollution."

Ýaşaýyş ulgamyna sarpa goýmak

Tebigat dünýäsi dürli-dürli jandarlardan ybaratdyr. Adamlaryň, ösümlikleriň, haýwanlaryň we mör-möjekleriň dürli görnüşleri biologiki köpdürlülik diýip atlandyrylýar. Alymlaryň janly-jandarlara şeýle ylmy adalgany bermezinden ozal hem adamlar öz çagalaryna ýaşaýyş ulgamy hakynda köp gürrüň berýän ekenler. Mysal hökmünde möýüň kerebini alyp göreli. Ol ençeme sapajyklardan ybarat bolup, bu sapajyklar özara birigip, biri-birlerine “garaşlydyrlar”. Biologiki köpdürlüligi düzýän janlyjandarlaryň-da ählisi umumy ýaşaýyş ulgamyna garaşlydyr.

Mysal üçin, adamlar öz saglyklary üçin ýaramly bolan miweleri ýygnaýarlar. Bu miweler mörmöjekleriň agaçlary tozanlandyrmasynyň netijesinde ösýär. Eger baglar tozanlandyrylmasalar, elbetde agaç hasyl bermez. Guşlar mör-möjekleri iýýärler, tilkiler guşlary awlaýarlar. Ýaşaýyş ulgamynyň deňagramlylygy haýsydyr bir araçäkde gülleriň, mör-möjekleriň, guşlaryň we tilkileriň ýeterlik bolmagyny aňladýar. Eger siziň jüýjeleriňizi iýýänligi üçin tilkiler öldürilse, onda guşlaryň sanynyň köpelmegi mümkin. Netijede, olar juda köp mör-möjekleri iýerler. Mör-möjekleriň sany azalsa, baglar ýeterlik derejede tozanlandyrylmaz. Baglar tozanlandyrylmasa, hasyl derejesi peseler

A farmer hoes in a garden filled with animals, plants, and insects.
Häzir we gelejekde adamzat saglygyny goramak üçin, ýaşaýyş ulgamyny goramalydyr.

Gynansak-da, her ýyl ösümlikleriň, haýwanlaryň käbir görnüşleri bütinleý ýitýär. Bu ýitip gidýän ösümlikler, haýwanlar öwezini dolup bolmajak baýlykdyr. Olar durmuş ulgamynyň sazlaşykly işlemegine gatnaşyp, adamyň saglygyny goraýardylar.

Ýaşaýyş ulgamyndaky näsazlyklar täze keselleriň döremegine sebäp bolýar

Biologiki köpdürlüligiň ýitirilmegi, ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşleriniň azalmagy, olaryň we adamlaryň arasyndaky deňagramlylygyň bozulýandygyndan habar berýär. Bu täze keselleriň döremegine sebäp bolýar. Ine, tokaý ýaly biodürlüligiň ýok edilmeginiň netijesinde täze keselleriň döreýşi barada 2 mysal:

  • Afrikanyň şäherleri we ekin meýdanlary üçin tropiki agaçlaryň çapylyp aýrylmagy peşehorda (leýşmanioz), sary gyzzyrma we uky keselleriniň ojaklarynyň döremegine sebäp boldy. Bu keseller mör-möjekler arkaly ýaýrap, suwuň topraga siňmän, ýata suwlaryň emele gelen ýerlerinde döreýär. Tropiki tokaýlaryň çapylyp aýrylmagy şol sebitlerde ýaşaýan haýwanlary hem mesgenlerinden mahrum etdi.
  • Demirgazyk Amerikada köp sanly agaçlaryň çapylmagy ak aýakly syçanlaryň iýmitiniň artyp, olaryň köpelmegine sebäp boldy. Ak syçanlar juda köpelensoň, olary iýýän haýwanlaryň sany olara garanyňda azaldy. Ak syçanlar Laýma atly tropiki keseli ýaýradyp, bu keseliň köp adamlara ýokuşmagyna sebäp boldy.

Derman ösümlikleri biologiki köpdürlülige garaşlydyr

A man and 2 women gather plants in a forest.

Dermanlaryň köpüsi ösümliklerden taýýarlanýar. Tokaýlar çapylyp, derýalar we batgalyk ýerler guranda, biz ösümlikleriň köpüsini ýitirýäris. Munuň bilen birlikde saglyk üçin peýdaly bolan şol ösümliklerden nädip peýdalanmalydygy baradaky maglumatlary hem ýitirýäris.

Biz biodürlüligi we ýaşaýyş ulgamyny goramak arkaly öz medeniýetimizi, bejergi usullarymyzy goraýandyrys.

Sagdyn berhiz biologiki köpdürlülige garaşlydyr

Gowy saglyk azyk önümleriniň, ýagny miweleriň, gök we däneli önümleriň, ýabany azyk önümleri bolan ir-iýmişleriň, balyklaryň we guşlaryň köpdürlüligine baglydyr. Biz biologiki köpdürlüligi ýitirenimizde, sagdyn berhiz üçin zerur bolan azyk önümleriniň köpüsini ýitirýäris. Azyk ýetmezçiliginiň netijesinde jemgyýetde saglyk kynçylyklary döräp başlaýar. Salyud Para el-

Different fruits, vegetables and nuts.

Pueblonyň saglyk gullugynyň işgäri Gloriýa ýaşaýyş ulgamynyň manysyna düşünipdi. Balarylary bal öndürmek üçin gülleýän agaçlara mätäçdir. Gülleýän agaçlar tozanlandyrylmaklary üçin balarylaryna mätäçdir. Adamlar balarylary tutup, baglary ýetişdirip, hem özlerini azyk bilen üpjün edýärler, hem-de ýaşaýyş ulgamyny dikeldýärler.

Biologiki köpdürlülik hasyllylygy gowulandyrýar

Däneli azyk ekinleriň ählisi, şol sanda şaly, mekgejöwen, bugdaý mundan müňlerçe ýyl ozal ýabany ösümliklerden ýetişdirilip alnypdy. Bu däneli ekinleriň gowy hasyl bermegi mör-möjeklere we haýwanlara baglydyr.

Uly maşynlary we zäherli himikatlary ulanýan oba hojalyk senagaty ýokary hasyllylygy wada berýär. Ýöne bu himikatlar peýdaly ösümlikleri we mör-möjekleri ýok edip, topragy zaýalaýarlar. Eger hasyllylyk artaýanda-da, bu diňe bir ýylyň dowamynda bir görnüşiň hasylyna degişlidir. Birnäçe ýyldan bolsa saglyga gerek bolan azyk önümleriniň görnüşleri kem-kemden azalýar.

A woman waters her garden next to a goat and a hen house.
Durnukly usulda ýöredilýän oba hojalygy biologiki köpdürlülige bagly bolup, ony goraýandyr.

Daýhanlar oba hojalygyny ýöretmekde durnukly usullardan peýdalansalar, däneli ekinleriň hasyllygyny artdyryp, zyýanly mör-möjekleriň täsirini azaldyp bilerler. Bu usullar mör-möjekleriň we haýwanlaryň ýaşamagyna mümkinçilik berýär, topragy tebigy dökünler bilen baýlaşdyrýar, agaçlar we ösümlikler arkaly topragy goraýar (15-nji baba seret).

Hasylyň dürli-dürli bolmagy azyk önümleriniň ýagdaýynyň gowulanmagyny we adamlaryň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Biologiki köpdürlülik tebigatyň suw baýlyklaryny goraýar

Tokaýlaryň azalmagy we oba hojalygynda senagat usullarynyň ulanylmagy topragyň guraklanmagyna, derýalaryň guramagyna sebäp bolýar. Himiki dökünler we pestisidler toprak arkaly ýerasty suwlara aralaşyp, derýalary we kölleri hapalaýarlar.

Biologiki köpdürlülik jemgyýeti goraýar

Ýaşaýyş üçin zerur bolan serişdeleriň köpüsi tebigy baýlyklardan peýdalanmak mümkinçiligine baglydyr. Tebigy baýlyklaryň ýitirilmegi garyplyga uçradýar. Oba hojalygy bilen meşgullanylýan welaýatlarda oba hojalygyň senagat usullarynyň ulanylmagynyň netijesinde käbir adamlar bergidarlara öwrülýärler, käbirleri bolsa mülklerini ýitirýärler.

Ýaşaýyş ulgamyny dikeltmek

Ýaşaýyş ulgamyndaky janly-jandarlaryň ölmegi köp zatlara, şol sanda adamlara-da täsir edýärler. 1-nji bapda gürrüň beren wakamyzda, Manglaraltonyň adamlary tokaýlary çapyp gutaransoňlar, azyk we girdeji çeşmelerini ýitirdiler. Apy-tupan turanda, olar öýsüz galdylar. Ýöne olar gaýtaýdan agaç ekip, tokaý zolaklaryny dikeldip başlanlaryndan soň, munuň diňe toprak pytramasynyň (eroziýanyň) öňüni almak we bal öndürmeklik bilen çäklenmeýändigine göz ýetirdiler. Olar tokaý zolaklaryny dikeltmek bilen ägirt işi amala aşyrandyklaryna düşündiler. Sebäbi ekilen agaçlar topragy sagdynlaşdyryp, şol sebitdäki janly-jandarlaryň, mör-möjekleriň ýaşaýşyny gowulandyrdy. Bularyň netijesinde şol sebitde ýaşaýan adamlaryň saglygy we durmuş ýagdaýlary oňatlaşdy.

illustration of the below: arrows point from an ear of corn, to a goat eating, to a goat making manure, to a farmer to a crop of corn, back to the ear of corn, making a circle.
Toprak hasyl öndürýär
Hasyl iýmite öwrülýär
Dökünler topragy iýmitlendirýärler
Topragy durnukly usullar arkaly işläp bejerýän daýhanlar şu aýlanyşygy ulanyp, topragy mes saklaýarlar.
Dersi dökün hökmünde ulanýarlar
Iýmit derse öwrülýär

Tebigat bilen işlemek

Tebigatda hiç zat biderek sarp edilmeýär. Her zadyň öz ulanylýan ýeri we maksady bardyr. Tebigat özündäki baýlyklary “galyndysyz”, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanýar.

Emma, gynansak-da, adamlar we ösen senagat bu tebigy aýlanyşygy bozýarlar. Munuň netijesinde ekologiýa erbetleşýär. Bu bolsa öz gezeginde keselçiligiň artmagyna sebäp bolýar. Tebigy aýlanyşygyň bozulmagynyň netijesinde ýüze çykan ekologik meseleleriň biri hökmünde dünýä möçberindäki maýlamany mysal getirip bolar.

illustration of the above: Arrows show the path of rainwater to and from a hilly terraced landscape.
Bulut ýagşa öwrülip, ýere ýagýar... Suw bugaryp, bulutlary emele getirýär...

A woman speaks.

Toprakdan önýän zatlar topraga dolanmalydyr.

Durmuşda tebigy aýlanyşyklar usulyny saklamak

Filippinlerdäki ekologik saglygyň howandarlary şeýle diýýärler:

“Toprakdan önýän zatlaryň ýene-de topraga dolanmagy örän wajypdyr. Muňa düşünip, tebigata ýardam bermegimiz örän wajypdyr. Biz tebigata ýardam bermek arkaly tebigy baýlyklarymyzy we saglygymyzy gorap bileris. Biziň öz öýlerimizde, jemgyýetimizde, iş ýerlerimizde döredýän aýlanyşyklarymyz ekologiýanyň, ýagny daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda edýän kiçijek ädimlerimizdir. Mysal üçin, topraga dökün bolaýjak zatlary dökün etmek, aýna çüýşeleri we demir gaplary mümkin boldugyndan birnäçe gezek ulanmak ýa-da olary ikilenç işläp öndürmek ýaly işler bize tebigat aýlanyşygynyň usulyny saklap, zir-zibilleriň juda artmagyndan gorar”.

Tebigy aýlanyşygynyň usulyny senagatda ulanmak

A man speaks.

Fabriklerden galýan zyýanly galyndylar fabriklere gaýdyp barmalydyr.

Filippinlerdäki ekologik saglygyň howandarlary ýene-de şeýle diýýärler:

“Iri senagat iň zäherli hapaçylygy döredýändir. Ýöne tebigat aýlanyşygynyň usulyny senagatda-da ulanyp bolýar. Mysal üçin, senagat arassa önüm diýip atlandyrylýan önümçiligiň dowamynda kuwwatlylygy we materiallary ikilenç ulanyp bilýär. Daşky gurşawy sagdyn saklamak ugrunda senagatyň etmeli ilkinji ädimi – öz önümçiliginiň netijesinde emele gelýän galyndylary yzyna ýygnap almakdan ybarat. Eger bu galyndylar zyýanly himikatlar bolup, olary gaýtadan işläp, ulanyp bolmaýan bolsa, onda bu zyýanly galyndylary daşky gurşaw üçin howpsuz usulda ýok etmelidir. Şeýle zäherli himikatlaryň senagatda ulanylmagyny kem-kemden azaldyp, olary ulanyşdan bütinleý aýyrmalydyr. Eger senagat gelejekde-de öz ornuny mäkäm saklajak bolsa, ol özüniň zyýanly galyndylaryndan gazanyljak girdejilerine däl-de, hemmeleriň saglygyny kepillendirip biljek howpsuz çärelere esaslanmalydyrlar”.

Arrows point from a factory, to soda containers, to crushed soda containers, and back to the factory.
Senagat tebigy baýlyklary çäklije ulanmak, önümçiligiň netijesinde emele gelen zir-zibillerini gaýtadan işlemek we olary ikilenç ulanmak arkaly biziň saglygymyza täsir edýän daşky gurşawy arassa saklap bilýär.

Daşky gurşawyň hapalanmagy zerarly döreýän zyýanyň öňüni almak

Daşky gurşaw adamlaryň işiniň, aýratyn-da senagat, ulag we oba hojalalyk pudaklarynyň işiniň netijesinde emele gelýän zäherli maddalaryň çendenaşa köp bolmagy zerarly hapalanýar. Bu bolsa öz gezeginde adamlaryň we daşky gurşawyň saglygyna zyýan ýetirýär. Zäherli galyndylar daşky gurşaw arkaly howada, suwda, toprakda “gezýärler”.

Zyýanly galyndylaryň köpüsi biziň gündeki ulanýan zatlarymyzyň netijesinde döreýär. Adamlar adatça, ine, şu ýollar arkaly zäherli taşlandylara sezewar bolýarlar:

  • Ýangyndan döreýän tüsse, aýratyn-da plastik jisimleriň ýanmagyndan döreýän tüsseler. Biz zäherli tüsseden dem alýarys, zäherli kül bolsa biziň agyz suwumyzy, topragymyzy we hasylymyzy zaýalaýar.
  • Fabriklerden gelýän tüsse howany, suwy we topragy zaýalaýar.
  • Fabriklerde, gazylyp alynýan magdan senagatynda, nebit burawlamasynda ulanylýan himikatlar; bu senagat pudaklarynyň zyýanly galyndylary suw çeşmelerine taşlananda, olar howany we topragy hapalaýar.
  • Azyk önümleriniň, suwuň, öýde ulanylýan zatlaryň töwereginde pestisidleriň pürkülmegi. Olar pürkülende howanyň üsti bilen ýaýrap, uly zyýan ýetirýärler.
  • Batareýleri, reňkleri, boýaglary we elektron enjamlary öndürmekde ulanylýan himikatlar. Bu himikatlar elektron enjamlaryň önümçiliginde işleýän adamlara uly zyýan ýetirýändir.
  • Awtoulaglaryň tüsseleri howany, suwy we topragy zaýalaýar.


Zäherli taşlandylar diňe bir çykýan ýerlerinde däl, ondan uzakdaky ýerlerde hem adamlara, ösümliklere we haýwanlara düýpli zyýan ýetirýärler. Taşlandylaryň we zäherli maddalaryň zyýanyndan goranmak durnuklylygyň wajyp bölegidir (“Özgerişlikler üçin geçirilýän işler,” “Öýdäki zäherler,” “Zäherli taşlandylar,” “Himiki galyndylary howpsuz ýok etmek,” we Bap 14, Bap 16, Bap 20, Bap 21, Bap 22 we Bap 23 ser.)

Seresaplylyk ýörelgesi

Uly kompaniýalar we kärhanalar täze önümleriň, uly girdejiniň gözleginde bolup, tebigatda hiç haçan bolmadyk müňlerçe himikatlary işläp taýýarladylar. Bu himikatlaryň köpüsi olaryň howpsuzdygyny subut etmek üçin degişli barlaglardan geçirilen däldir. Emma muňa garamazdan, bu himikatlar biziň satyn alýan harytlarymyzyň önümçiliginde giňden ulanylýar. Adamlar ol himikatlaryň zyýanlydygyna güman etseler-de, anyk subutnamalaryň bolmadyk ýagdaýlarynda olary ulanmagy dowam etdirýärler. Jemgyýetçilik toparlarynyň käbir ýolbaşçylary we alymlar durmuş şertleri babatdaky çözgütleri kabul edenlerinde, seresaplylyk ýörelgesinden ugur alýarlar. Olar: “Haýsydyr bir zatlaryň zyýanlydygy barada gönüden-göni subutnamasy bolman, zyýanlydyr diýip güman eden ýagdaýymyzda, töwekgellik etmän, şol zatlardan gaça durmak gerek” diýip aýdýarlar. Emma gynansak-da, köp ýurtlar bu seresaplylyk ýörelgelerine eýermeýärler.

Häzirki döwürde siz haýsydyr bir zyýanly zadyň ualanylmagyny togtatjak bolsaňyz, ilki bilen şonuň zyýanlygyny subut etmäge mejbursyňyz. Biz şeýle ýagdaýy “Öli bedenler ýörelgesi” diýip atlandyrýarys.

Dünýä möçberindäki maýlama

Bütin dünýäde ýaşaýyş ulgamy dargap barýar. Tokaýlaryň çapylyp aýrylmagy, howanyň we suwuň hapalanmagy, janly tebigatyň ýitirilmegi – bularyň hemmesi mese-mälim görünýän üýtgeşmelerdir. Taşlandylar zerarly atmosferanyň ýylylyk derejesiniň artmagy bolsa assyrynlyk bilen bolýan üýtgeşmelere degişlidir.

Tutuş ýer ýüzünde atmosferanyň ýylylyk derejesiniň artmagy dünýä möçberindäki mesele bolup, köp ýerlerdäki klimatyň (belli bir ýerde uzak wagtyň dowamynda bolýan howa şertleri) üýtgemegine sebäp bolýar. Howanyň ýylylyk derejesiniň ujypsyz artmagy-da klimaty düýpgöter üýtgetmegi ahmal. Ýer ýüzüniň käbir ýerlerinde uly suw joşgunlary, gaý-tupanlar tursa, başga ýerlerinde ýagynlar az ýagyp, güýçli gurakçylyklar ýüze çykýar. Tutuş ýer ýüzünde atmosferanyň ýylylyk derejesiniň artmagy zerarly klimat üýtgeýär. Munuň netijesinde bütin dünýäde tebigy betbagtlyklar ýüze çykýar, adamlaryň saglyk ýagdaýy erbetleşýär.

  • Suw joşgunlary, uly apy-tupan we gurakçylyk hasylyň ýitirilmegine, açlyga, jaýlaryň ýumrulmagyna, köpçülikleýin göçüşlere, ýaralanmalara we ölüme sebäp bolýarlar.
  • Keselçilik beterläp ýa-da ýaýrap başlaýar, sebäbi klimatyň üýtgemegi haýwan kesellerini ýokuşdyrýan mör-möjekleri getirýär, olaryň başga ýerlere-de göçüp-gonmagyna mümkinçilik berýär.
  • Ýokary derejeli ýylylyk keselleriň we ölümiň artmagyna getirýär.

Dünýä möçberindäki maýlamanyň ilkinji sebäpleri

Daşky gurşaw adamlaryň we senagatyň taşlandylaryny özüne siňdirip bilýär. Emma daşky gurşawa zyňylýan taşlandylaryň juda köp bolan ýagdaýlarynda, Ýer togalagy olary siňdirip bilmeýär. Soňky ýüz ýylyň içinde adamlar gazylyp alynýan ýangyçlary: nebiti we kömri çykaryp, olary ýakyp başladylar. Munuň netijesinde daşky gurşawa zyňylýan taşlandylaryň möçberi artdy. Bu dünýä möçberindäki maýlamanyň ilkinji sebäbidir. Mundan başga-da, önümçilik üçin öndürilen himikatlar howany zaýalayp, daşky gurşaw tarapyndan siňdirilip bilmeýär. Bu bolsa öz gezeginde atmosferanyň ýylylyk derejesiniň artmagyna sebäp bolýar.

Black smoke rises from factory smokestacks.

Tebigy baýlyklary adalatsyz paýlap, olardan durnuksyz usulda peýdalanmaklyk dünýä möçberindäki maýlamanyň ýene-de bir sebäbidir. Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaly baý döwletler tebigy baýlyklary çendenaşa köp peýdalanyp, uly girdeji hem ýokary ýaşaýyş derejesini gazanmak üçin köp taşlandylary döredýärler. Munuň netijesinde bolsa atmosferanyň ýylylyk derejesi artýar. Pukara ýurtlar hem şeýle durnuksyz ýörelgä eýerip başlanlarynda, Ýer togalagyna bu taşlandylaryň hötdesinden gelmek has hem agyr düşýär.

Dünýä möçberindäki maýlama zerarly döräp biläýjek kynçylyklaryň we tebigy betbaglyklarynyň öňüni almak üçin, ösen ýurtlar-da, ösüp barýan ýurtlar-da tebigy baýlyklary ulanmak babatda öz garaýyşlaryny üýtgetmelidirler. Dünýädäki ýurtlaryň hemmesi tebigy baýlyklary ulanmakda durnukly usullardan peýdalanmalydyrlar. Bu aýratyn hem gazylyp alynýan ýangyçlara degişlidir. Adamlar gazylyp alynýan ýangyçlary ulanmagy bes edip, energiýanyň has arassa gözbaşlaryndan peýdalanyp başlamalydyrlar (Bap 20 we Bap 23 ser.)