Hesperian Health Guides

Bap 4: Ekologik hukuk we adalatlylyk


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 4: Ekologik hukuk we adalatlylyk


Bu bapda:

 Men, women and children cover their noses and mouths as they run down a street away from a factory from which gas is wafting.

Jemgyýetdäki her bir adamyň sagdyn bolmaga we howpsuz, sagdyn daşky gurşawa hukugy bardyr. Emma, gynansak-da, bu hukuklar köp halatlarda äsgerilmeýär. Köp adamlar zerur zatlaryň ýetmezçiligi we zäherli maddalaryň çendenaşa köpdügi zerarly düýpli saglyk kynçylyklaryna uçraýarlar. Bu kynçylyklara esasan-da jynsy, etniki gelip çykyşy, dini, kastasy, pukaralygy ýa-da haýsydyr başga bir sebäplere görä jemgyýetçilik derejesi pes bolan adamlar sezewar bolýarlar. Olar adatça bu kynçylyklara ilki uçrap, has köp ejir çekýärler.

Adamlar sagdyn, howpsuz, öndürijilikli we ýakymly gurşawda ýaşamak isleýärler. Ýöne käwagt häkimiýetler jemgyýetçilik toparlarynyň bu babatdaky hak-hukuklaryny sylamaýarlar. Adamlaryň şu hak-hukukarynyň ugrundaky göreşi ekologik adalatlylyk ugrundaky göreş diýip atlandyrylýar.

Adamlaryň ekologik betbagtlyklardan ejir çekişi baradaky wakalar dünýäniň ähli künjeklerinde duş gelýär. Adamlaryň saglyk we ekologik adalatlylyk babatdaky hak-hukuklaryny goraýan toparlar şeýle wakalaryň ençemesini gürrüň berip bilýärler. Şu bapda şeýle wakalaryň biri beýan edilýär.