Hesperian Health Guides
Zäherli maddalaryň bedenimize aralaşmagy
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 4: Ekologik hukuk we adalatlylyk > Zäherli maddalaryň bedenimize aralaşmagy
Iýmit we suw arkaly | Dem alyş arkaly | Deri arkaly |
Himiki zäherleriň adama edýän täsiri onuň dowamlylygyna baglydyr. Himiki zäherler näçe uzak täsir etse, şonça-da köp zyýan ýetirýärler. Bhopalda müňlerçe adamlar şol bir wagtyň dowamynda hem zäherli gazdan dem aldylar, hem-de onuň tene ýetiren täsirine sezewar boldular. Bu betbagtlygyň netijeleri derrew mese-mälim boldy. Himiki betbagtçylykdan soň arassalaýyş işleri geçirilmänsoň, himikatlar fabrikden has uzak ýerlere ýaýrady, zäher topraga we şäheriň ýerasty suwlaryna siňdi. Indi birnäçe ýyl bäri adamlar şol awuly suwdan içýärler. Bu heniz-de dowam edýän betbagtçylygyň bir bölegidir.
Bhopalda bolan wakadaky ýaly zäheriň uly möçberdäki täsirimi, ýa-da reňklerdäki, eredijilerdäki ýa-da beýleki adaty önümlerdäki zäheriň ýönekeý täsirimi – tapawudy ýok, zäher täsir etmez ýaly, himikatlary özüňizden daşlaşdyrmaly. Zäherli maddalaryň gelejekde etjek täsiriniň öňüni almak üçin, degişli çäreleri görmek möhümdir. (Zäherli himikatlaryň saglyga ýetirýän zyýany barada 16-njy baba seret).
Mazmuny
Daşky gurşawy goramak üçin saglyk hassahanalarynyň gurulmagy
Bhopalyň adamlary ekologik adalatlylyk ugrunda göreşýärler. Şol bir wagtyň özünde-de, olar üstlerinden inen betbagtlykdan saplanmak üçin degişleri işleri geçirýärler. Diri galanlar we meýletinçiler topary tutuş jemgyýetiň saglygyny goramak üçin, Sambhawna hassahanasyny bina edip başladylar. Bu hassahanada adama onuň pul, kasta, dini ýagdaýyna garamazdan kömek edilýär. “Sambhawna” sözi sanskrit we hindi dilinde “mümkinçilik” diýmegi aňladýar.
Sambhawna hassahanasy ekologik saglygyň nusgasydyr. Ol howpsuzlyk we durnuklylyk ýörelgesine laýyklykda bina edildi. Muňa mysal hökmünde, ine, şulary aýtmak mümkin:
- Hassahanany arassalamak üçin diňe gyzgyn suw we sabyn ulanylýar. Bu arassalaýjy serişdeleriň hiç kime zyýan ýetirip bilmezligi üçin edilýär.
- Hassahananyň işçileri bagyň düýbüni tutup, onda dermanlyk ösümliklerini ekdiler. Bagda hiç hili himikatlar ulanylmaýar. Hassahanada bejergi alýan adamlar bagda işleýärler we özlerine gerek bolan otlary ýygnaýarlar.
- Hassahananyň täze jaýy gurulmaly bolanda, zähersiz gurluşyk materiallary ulanylýar.
- Jaý üçin ýerli materiallar ulanylýar. Olar tebigy ýagtylyk düşer we howa girer ýaly usulda gurulýar.
- Ygally döwürde jaýyň üçegine ýagan ýagyş suwy ýerasty howdanlara ýygnalyp, gurakçylyk möwsümlerinde ulanylýar.
- Ýuwunmak we arassalamak üçin ulanylan suw turbalar boýunça howdana akyp barýar we topragy hem-de bagdaky otlary suwarýar.
- Hassahananyň işine gerek bolan kuwwatlylygy öndürmek üçin, Gün şöhlelerinden kuwwatlylygy ýygnaýan ýörite enjamlary ulanýarlar. Bu enjamlaryň işiniň daşky gurşawa zyýany ýok diýen ýalydyr.
Sambhawna hassahanasy diňe bir syrkawlary bejermek bilen däl, eýsem keseliň öňüni almak üçin degişli çäreleri geçirip, saglygy dikeltmegiň usullaryny görkezýär. Zäherleriň ýetirýän zyýanyny azaltmakda olaryň görkezýän göreldesi mekdeplerde, söwda kärhanalarynda, hökümet edaralarynda we öýlerimizde ulanylyp bilner. Ýöne biz öz öýlerimizi we edaralarymyzy özgerdip, olary has sagdyn we durnukly edäýemizde-de, senagat zäherli maddalary öndürmekligi we ulanmaklygy dowan edýärkä, biziň hemmämiz howp astynda bolarys.
Özgerişlikler üçin geçirilýän işler
Bhopaldaky betbagtlykdan soň diri galanlar uzak möhletli saglyk we abadanlyk ugrunda göreşmek üçin, öz jemgyýetçilik toparlaryny döretdiler. Olaryň bu hereketi bütin dünýädäki adamlary ekologik hukuklary we adalatlylyk ugrunda hereket etmäge ruhlandyrdy. Guramanyň zäherli himikatlaryň zyýanyny azaltmak boýunça öz ýörelgeleri bardy. Bu ýörelgeleriň oňat netije berýändigi subut edildi.
Ine, şolaryň käbiri:
- Gündeki durmuşda zäherlerden daşda duruň. Öýleriňizi, edara we iş ýerleriňizi arassalanyňyzda, zähersiz himikatlardan peýdalanyň. Bag ekeniňizde, himiki pestisidlerden we himiki dökünlerden peýdalanmaň, himikatsyz ýetişdirilen iýmiti iýiň, iýmezden öňürti miweleri we gök önümleri gowy ýuwuň. (14-nji baba ser). Biz öz ýaşaýan ýerimizde zäherli maddalara sezewar edilmegimiz ahmal. Şonuň üçin-de, biz korporasiýalaryň adamlara, aýratyn-da pukara adamlara howp salmagyny bes etmeklerini hökümetden talap etmeli.
- Daşky gurşawy hapalamaklygyň öňüni alyň. Zäherli himikatlar zerarly betbagtlygyň bolmazlygy üçin degişli çäreleri geçiriň. Munuň üçin sahnajyklary, KHS-ni (köpçülikleýin habar beriş serişdeleri), interneti we adamlary okatmak boýunça dürli usullary ulanyň. Şeýle çäreleriň taryhyndan belli bolşy ýaly, erjel işeňňirler öz işleriniň netije bermedik ýagdaýlarynda käwagt açlyk çekmekligi yglan etmek, iş taşlaýyş we talaplaryny beýan edýän ýörişleri guramak ýaly çäreleri hem geçirýärler. Eger fabrik daş-töwerekdäki gurşawy hapalaýan bolsa, onda işçilere güzeran dolar ýaly gazanç etmegiň başga ýollaryny salgy bermeli.
- Kompaniýalardan öz senagat taşlandylaryny ýok etmeklerini talap ediň. Muny gazanmak juda kyn. Kompaniýalardan öz zäherli hapalaryny aýyrmaklaryny talap etmek ekologik hukuk ugrunda göreşiň möhüm bölegidir. Adamlaryň hemmesiniň pikirine görä, kompaniýalar howpuň öňüni almakda we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakda jogapkärçiligi öz üstlerine almalydyrlar. Ýöne, gynansak-da, kompaniýalar bu pikir bilen ylalaşmaýarlar.
- Hökümetden howpsuzlygyň iň gowy standartlaryny talap ediň. Gynansak-da, hökümetleriň köpüsi adamlary goranlaryndan, hususy bähbitli girdejileri goranlaryny gowy görýärler. Kompaniýalar daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almakdaky jogapkärçiligi boýun alman, bu babatdaky çykdajylardan boýun gaçyranlarynda, ekologik adalatsyzlyk döreýär, adamlaryň we daşky gurşawyň betbagtçylyga uçramagy ahmal. Hökümet ähli adamlary, aýratyn-da pukara ilaty goramak üçin degişli çäreleri görmelidirler.
- Senagatyň öndürijilik usullaryny üýtgediň. Bhopaldaky Ýunion Karbid fabrigi hasyly zaýalaýan mör-möjeklere garşy pestisidleri öndürýärdi. Ýöne bu zyýanly mör-möjeklere garşy himikatsyz göreşilýän usullar hem bardyr. Umuman, ähli zady öndürmegiň has zyýansyz we has durnukly usullary bardyr. Näme üçin senagatyň bizi zäherläp durmagyna ýöl berilýärkä? Näme üçin bize zatlaryň nähili öndürilmelidigini çözmäge mümkincilik bermeýärlerkä?
Ýerlikli töwekgellik. ol kim üçin ýerlikli?
Senagat pudaklary we hökümet köplenç ekologik zyýanyň töwekgelligini ýerlikli diýip hasaplaýarlar. Olar Bhopaldaky bolan betbagtçylykly wakany “ösüşiň tölegi” diýip, töwekgelligi adaty zat hasaplaýarlar. Bu waka sanlyja adamlaryň öz hususy bähbitlerini aramak üçin pukara adamlaryň janyny, saglygyny pida edişini görkezýär. Biziň köpümiz üçin şeýle ýagdaý düýbünden ýaramly däldir. Gara nebse çapyp, gazanç etmek üçin adamlaryň saglyga we sagdyn daşky gurşawa bolan hukuklaryny bozmak asla ýerlikli däldir.
Eger Ýunion Karbid we Hindistanyň hökümeti seresaplylyk ýörelgelerine eýeren bolsalar, Bhopalda zäherli gaz betbagtçylygy bolmazdy.
Seresaplylyk talaplary
Howpsuzlygy saklamak üçin geçirilýän çäreler daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaldyp bilýär. Ýöne degişli çäreleriň hemmesi görülse-de, uly zawod-fabriklerde käbir töwekgellikler bar. Eger töwekgellikden gaçyp gutulyp bolmajak bolsa, onda ol, hiç bolmanda, jemgyýetde deň bölünmelidir. Töwekgellik diňe pukara adamlara ýa-da jemgyýetiň haýsydyr bir toparyna degişli bolmaly däldir. Gelejekde howpsuzlygy mümkin boldugyndan doly saklamak üçin, senagat pudaklary öz işini uly girdeji berýän usullarda däl-de, howpsuzlygy we durnuklylygy kepillendirýän usullarda gurnamalydyr.
Muny gazanmak üçin, biz uly korporasiýalardan öz önümçiliklerini has howpsuz we adalatly usulda gurnamaklaryny talap etmeli. Şeýle hem hökümet saglygy we daşky gurşawy goramak boýunça degişli kanunlary çykaryp, olary güýje girizmeli, adamlaryň we daşky gurşawyň saglyklary babatda korporasiýalaryň jogapkärçiligini artdyrmaly. Ekologik adalatlylygyň hemmelere degişli bolup, ony öňe sürmegiň iň esasy ýoly döwlet baştutanlaryndan we hökümet ýolbaşçylaryndan seresaplylyga daýanýan çözgütleri kabul etmeklerini talap etmeli.
Seresaplylyk çärelerini talap ediň! | |
Tüsseläp duran fabrik... | ...tüsseläp duran ýaraga öwrülip biler. |