Hesperian Health Guides

Bap 14: Pestisidler zäherdir


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 14: Pestisidler zäherdir


Bu bapda:

Farm workers in a crop field leaning over, coughing, grimacing, and holding their bellies.

Pestisidler – biziň saglygymyza we ekinlerimize zyýan ýetirip biljek mör-möjekleri, gemrijileri we haşal otlary ýok etmek üçin ulanylýan himikatlar. Ýöne pestisidler peýdaly ösümlikleri, mörmöjekleri, adamlary we beýleki janly-jandarlary hem zäherleýärler. Pestisidler ulanylýan ýerleriniň daş-töweregine ýaýrap, topragy, suwy, howany zaýalaýarlar.

Şu bapda biz zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmekde ulanylýan himikatlaryň ählisini aňlatmak üçin, pestisid sözüni ulanýarys:

  • Insektisidler mör-möjeklere garşy ulanylýar.
  • Gerbisidler haşal otlara we gerekmejek ösümliklere garşy ulanylýar.
  • Fungisidler ösümlik heňine garşy ulanylýar.
  • Rodentisidler alakalara, syçanlara we beýleki gemrijilere garşy ulanylýar.
  • Türkmenistanda haşal otlaryň, ylaýta-da gamşyň garşysyna zäherli himiki serişde hökmünde glifos, suprut we uradan ulanylýar.


Daýhanlar pestisidleri hemişe ulanmaýardylar. Olaryň köpüsi oba hojalygyny himiki dökünsizde üstünlikli ýöredýärdiler. Eger siz pestisidleri ulanyp-ulanmazlygy özbaşdak çözýän bolsaňyz, ony ulanmazlyk oňatdyr. Bu siziň saglygyňyz we topragyň sagdynlygy üçin howpsuz bolardy. Pestisidler hiç wagt zyýansyz bolmaýar. Oba hojalyk işgärleri, ekin meýdanlaryň işgärleri we pestisidleri hökman ulanmaly diýýänleriň hemmesi üçin pestisidleriň mümkin boldugyça azaldylmagynyň we howpsuz bolmagynyň ýollary hemişe bardyr.

Pestisidler näme üçin ulanylýar?

Pestisidler iýmit, ekin meýdanlary, oba hojalyk işgärleri we daşky gurşaw üçin ýaramly däldir.

3 women picking flowers talk together.
Iri daýhan birleşikleriň eýeleri pestisidleri “derman” diýip atlandyrýarlar. Ýöne olar hakykatdan hem dermanmyka?
Ýok. Bu mörmöjekleri öldürýän zäherdir. Olar hatda adamlary hem öldürip bilýär.

Onda adamlar olary näme üçin ulanýarka? Pestisidler köplenç oba hojalyk maşynlary, ägirt suwaryş ulgamlary, arzan tölegli işçiler, pes bahadan satyp boljak ekinler we döwlet hemayat puly bilen utgaşdyrylyp ulanylýar. Pestisidler hasyly azaltjak ýa-da iýmitiň daşky görnüşine zyýan ýetirjek ähli zatlary ýok edip bilýär. Şonuň üçin-de, iri oba hojalyk birleşmeleri olary köp azyk satýan ulgamynyň bölegi hökmünde ulanýarlar.

Maşgala potraty bilen meşgullanýanlarda köplenç iri birleşmeler bilen bäsleşip, pestisidleri hökman ulanmaly diýip hasaplaýarlar. Gününi zordan dolandyrýan daýhan maşgalasynyň şu günki azygyny üpjün etmeli bolanda, özüniň we maşgalasynyň saglygyna ertir näme boljakdygy barada pikir edip bilmeýär. Emma ekinleriň şeýle ýol bilen ösdürilip ýetişdirilmegi adam saglygyna we daşky gurşawa gymmat düşýär.

Wagtyň geçmegi bilen pestisidler uly zyýan ýetirýär. Pürkülmeden birnäçe ýyl soň, zyýanly mör-möjekler himikatlara uýgunlaşyp, olara durnukly bolýarlar. Pestisidler zyýanly mör-möjekler bilen göreşýän zyýanly däl guşlary we mör-möjekleri ýok edip bilerler. Şeýlelikde, pestisidler hasylyň ýitgilerini azaltmaýar, hasyllyk peselýär we daýhanlary gedaýlyga uçradýar. Mundan başga-da, pestisidlerden her ýyl müňlerçe adam ýogalýar, ençeme adam pestisidler zerarly keselleýär.

Pestisidleri öndürýän kompaniýalar öz önümleriniň daýhanlar “tutuş dünýäni eklemäge” kömek etjekdigini aýdýarlar. Hakykatda welin, bu kompaniýalar uzak möhletleýin zyýan ýetirýändikleri barada pikirlenmän, öz gara nebislerine çapýarlar. Pestisidler sanlyja adamy baýadyp, ençemesini keselledýän adalatsyz we sagdyn däl ulgamyň bir bölegidir.

Pestisidleriň görnüşleri

Pestisidleriň köp görnüşleri we söwda belgileri bardyr. Olar dürli ýurtlarda dürli-dürli atlandyrylýar. Pestisidleriň kabiri örän howply bolandygy üçin bir ýurtda gadagan edilse-de, beýleki ýurtlarda aç- açan satylyp bilner.

Different containers of poisons, weed killers and pesticides.

Pestisidler dürli görnüşlerde öndürilýär: suw bilen garyp pürkmek üçin toz, tozgalandyrmak üçin tozga we owuntyklar, pürkmek üçin ergin, tohumlaryň örtügi, gemrijilere garşy logala we başgalary. Aýakçylara garşy spirallar we alaka awusy öýlerde mesgen tutan zyýanly mörmöjekleri we gemrijeleri ýok etmekde giňden ulanylýar.

Pestisidler dürli gaplarda: bankada, çüýşede, paketde we ş.m. satylýar. Köplenç pestisidleri getirilen gaplaryndan başga gaplara geçirýärler. Pestisidiň haýsy görnüşdedigine, nähili gapdadygyna garamazdan, ol zäherdir.

A man speaking.
Men pestisidleriň zäherdigine düşünýärin. Ýöne men şonda-da ekin meýdanlarynda işlemäge gitmeli. Käte öýe gaýdyp barýarkam, men özümi erbet duýýaryn. Munuň biziň ulanýan pestisidlerimiz sebäpli bolandygyny nädip bilmeli?