Hesperian Health Guides

Pestisidler daşky gurşawa zyýan ýetirýär

Bu bapda:

Pestisidler diňe adamlary we zyýanly mör-möjekleri zäherlemän, eýsem daşky gurşawa hem uly zayýan ýetirýändir.

Adamlary zäherleýişi ýaly, pestisidler haýwanlary hem ot-iým, suw, howa arkaly zäherleýärler. Iri, uly haýwanlar pestisidler bilen zäherlenen ownuk haýwanlary iýenlerinde, olaryň bedenindäki zäher olara-da geçýär.

A woman speaks.
Bir gezek pagta meýdanynda men sary garynjalara endosulfan pürkdüm. Soňra gurbaganyň öljek bolup ýatan sary garynjany iýenini gördüm.
Baýguş aşaklygyna okdurylyp, gurbagany iýdi. Soňra iýmitinden lezzet almak üçin agaçda oturdy. 10 minutdan baýguş ölüp, aşak gaçdy.

Pestisidler topragy zäherleýär
Pestisidler topragyň hasyllygyny we ýaşaýşyny goraýan ýokumly maddalary döredýän bakteriýalary we kömelejikleri, gurçuklary, mör-möjekleri öldürip, topragy zäherleýärler.

Pestisidler suwy zäherlerýärler
Pestisideler suw gözbaşlaryna düşende, olary zäherleýär. Pestisidler balyklary öldürýär, suw içýän adamlara we haýwanlara zyýan ýetirýär.

Pestisidler howany zäherleýär
Ýel bilen göterilen pestisidler howany zäherleýär. Pestisidler ulanylan ýerlerinden uzak aralyga göterilip, daşky gurşawa zyýan ýetirýär.

Pesticide spraying over many dead and a few live insects on a leaf.
Pesticide spraying over a few live insects on a leaf
Pesticide spraying over many live insects on a leaf.

Pestisidlere durnuklylyk

Pestisidler pürkülende, ölmeýän birnäçe zyýanly mör-möjekler hemişe bolýar. Olar has güýçli ýa-da bedenlerinde pestisidi zyýansyzlandyrýan himikatlar bar. Olar edil özleri ýaly güýçli pestisidleriň zyýan ýetirip bilmejek zyýanly mör-möjekleri döredýär. Şeýle ýagdaýa pestisidlere durnuklylyk diýilýär. Pestisidlere durnukly zyýanly mör-möjekleriň sany günsaýyn artýar. Bu bolsa şol bir himikatlaryň kömegi bilen ýok edip bolmajak durnukly mör-möjekleriň köpelmegine sebäp bolýar.

Şonda kompaniýalar durnukly zyýanly mör-möjeklere garşy täze ýa-da has güýçli pestisidleri döredýär. Her möwsümde daýhanlar öňküsinden hem köp pul harçlap, täze himikatlary satyn alýar. Ýyl-ýyldan daşky gurşaw himikatlaryň barha köpelýän mukdaryndan zäherlenýär, zyýanly mör-möjekleriň köpüsi durnukly bolýar, pestisid kompaniýalary bolsa girdeji alýarlar.

Pestisidler birnäçe möwsümiň dowamynda zyýanly mör-möjekleri ýok edýän-de bolsa, adamlary, haýwanlary, ýeri, soňra suwy hem zäherleýär. Netijede, diňe pestisidleri öndürýän himiki kompaniýalary bähbit gazanýar.

Pestisidler peýdaly mörmöjekleri öldürýär

Mör-möjekleriň hemmesi zyýanly däldir. Olaryň köpüsi ekinlere peýda berýär. Balarylary ösümlikleri tozgalandyrýarlar we bal ýasaýarlar. Okaraňy getir süýt bereýin ekinlere zyýan ýetirýän mör-möjeklere topulýar. Peýdaly mör-möjekler zyýanlylardan köp. Emma pestisidler adatça olary saýgarman, hem “gowulary”, hem “erbetleri” öldürýärler.

Mysal üçin, ösümlik bitini ýok etmek üçin, meýdana pestisidler pürkülende, zäher ösümlik bitini iýýän möýleri we okaraňy getir süýt bereýin ýaly mör-möjekleri hem öldürýär. Möýler we okaraňy getir süýt bereýinler ýok bolsa, ösümlik biti öňküsindenem köpelýär