Hesperian Health Guides

Pestisidler saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýa

Bu bapda:

Pestisidleriň täsirine düşen adamda keseliň birnäçe alamatlary ýüze çykyp biler. Käbir alamatlar pestisidleriň ulanylýan wagty bada-bat ýüze çykýar. Beýleki alamatlar bolsa sagatlaryň, günleriň, hatda ýyllaryň geçmegi bilenem ýüze çykmaýar. (Zäherli himikatlaryň täsiri barada bilmek üçin 16-njy baba serediň).

Adamlaryň köpüsi pestisidleriň täsirine düşse-de, mundan bihabar bolmaklary ahmal. Pestisidler bilen gönüden – göni aragatnaşykda bolýan kir ýuwulýan ýerde işleýänler, zir-zibilçiler, gaýtadan işleýän senagatyň işgärleri we başgalar hut oba hojalyk işgärleri ýaly zäherlenme howpunyň astyna düşýärler.

Pestisid zäherlenmesiniň alamatlary
Tk EHB Ch14 Page 252-1.png
Göreçleriň
kiçelmegi
Burun we agyz:
tüýküligiň akmagy we burundan bölünip çykmalar
Döş we öýken:
agyry, dem alyş bilen bagly kynçylyklar, üsgülewük
Aşgazan:
agyry, içgeçme, ýürekbulanma we gaýtarma
Kelle we göz:
kellagyry, görüşiň peselmegi, göreçleriň kiçelmegi we ýaşarmagy
El we aýak:
dyrnaklaryň zaýalanmagy, barmaklaryň guruşmagy we sançmagy
Deri:
gijilewük, örgün, çişler, gyzarma, ýanma, aşa köp derleme

Pestisidler bilen iş salşanyňyzda, ýokarda sanalyp geçilen zatlaryň biri biynjalyk etse-de, şol pursatyň özünde işi taşlaň. Ýagdaýyňyzyň erbetleşerine garaşyp durmaň. Pestisidlerden daşlaşyň we derrew hassahana gidiň!

Ýiti zäherlenmäniň alamatlary:
A man lying sprawled out on the ground.
Ýiti pestisid zäherlenmesi öldürip hem bilýär.

Huşuňy ýitirmek, peşewi we täreti saklap bilmezlik, dodaklaryň we dyrnaklaryň gögermegi, sandyrama