Hesperian Health Guides

Çagalar we pestisid zäherlenmesi

Bu bapda:

Uly adamlara garanyňda, pestisidler çagalar üçin has howpludyr. Çagalaryň kiçidigi we ösüp barýandygy sebäpli, ululara zyýan ýetirip bilmejek mukdardaky pestisidler olary keselledip bilerler. Ululary keselledip biljek mukdardaky pestisidler bäbekleri we çagalary öldürip hem bilerler.

As a worker sprays crops with pesticide, it blows back over 3 children playing.

Çagalarda pestisid zäherlenmesiniň alamatlary

Pestisidleriň azajyk mukdary hem çagalaryň okuw we ösüş ukyplaryna täsir edip bilýär. Pestisidler onuň dem alyş ýollarynyň kesellerinden we allergiki täsirlerden ömürboýy ejir çekmegine sebäp bolup bilerler.

Çagalarda pestisid zäherlenmesiniň adaty alamatlary:

  • ýadawlyk;
  • içgeçme;
  • aşgazandaky agyry;
  • deridäki örgün;
  • tutgaý görnüşli üsgülewük;
  • damarlaryň çekmegi we sandyrama;
  • huşy ýitirme.
A baby lying on a mat.



Çaga himikatlaryň täsirine düşeninden soň, birnäçe aýyň ýa-da ýylyň geçmegi bilen ýüze çykyp biljek alamatlar:

  • allergiki täsirlilik;
  • dem alyş kynçylyklary;
  • okuw bilen bagly kynçylyklar;
  • haýal ösüş;
  • rak;
  • beýleki saglyk kynçylyklarynyň beterleşmegi.

Pestisidler dogabitdi şikeslere hem eltip bilýärler. Zäherli himikatlaryň çagalara näderejede täsir edýänligi barada has köp bilmek üçin Himikatlaryň çagalara ýetirýän zyýany ser.