Hesperian Health Guides

Öýdäki zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmek

Bu bapda:

Ahli ýerlerde adamlar çybynlary, garynjalary, büreleri, alakalary we beýleki zyýanly mör-möjekleri ýok etmek üçin zäher ulanýarlar. Emma olary ýok etmek üçin ulanylýan zäherleriň köpüsi adamlara hem zyýan ýetirip bilerler.

Large insects crawl toward a village.


Oba hojalyk işgärleri öýdäki zyýanly mör-möjekleri ýok etmek üçin, pestisidleri öýlerine getirýärler. Ýöne pestisidleriň ýapyk ýerlerde ulanylmagy örän zyýanlydyr. Iň gowusy oba hojalyk himikatlaryny işde goýup, öýdäki zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmegiň başga usullaryny tapmakdyr.

Zyýanly mör-möjekler bilen himikatsyz göreşmegiň birgiden usullary bar. Ol usullar pestisidlerden howpsuz we arzan bolup, gowy netijeleri berýärler. (Himikatlary öz öýňüzden daşda saklamagyň beýleki usullary barada 17-nji baba ser.)

Eger siz pestisidleri öýde ulanýan bolsaňyz:

A locked box labelled with skulls, crossbones, and the word "pesticides."
  • pestisidli gabyň daşyndaky ýazgylary okaň we görkezmelere eýeriň.
  • pestisidleri ýapyk jaýlarda ulanmaň. Penjireleri we gapylary açyň.
  • pestisidleri diňe niýetlenen zyýanly mör-möjeklere garşy ulanyň.
  • pestisidleri çagalardan daşda saklaň.
  • pestisidleri hiç wagt düşege pürkmäň, pestisid pürkülen düşekde ýatmaň.
  • gap-gaçlaryň we iýmit üçin ulanylýan enjamlaryň ýanynda pürkmäň.
  • pestisidleri hiç wagt bellik edilmedik gaplarda goýmaň.
  • gerekmejek pestisidleri seresaplyk bilen ýok ediň.