Hesperian Health Guides
Çagalary pestisidlerden goramak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 14: Pestisidler zäherdir > Çagalary pestisidlerden goramak
Çagalary pestisidlerden daşda saklamaly
Çagalar:
- pestisidli gaplary oýnamaly we ulanmaly däl, hatda ellemeli hem däl;
- pestisidleri pürkmek üçin ulanylýan oba hojalyk enjamlaryny oýnamaly däl;
- zeýkeş we suwaryş ýaplaryna girmeli däl we suwa düşmeli däl;
- golaýdaky pestisid pürkülen meýdanlara girmeli däl we ol ýerde oýnamaly däl.
Ulular çagalary pestisidlerden gorap biler:
- öýe girmezden we çagalary ellemezden öň, iş geýimleriňizi, köwşüňizi we elleriňizi ýuwuň;
- çagalaryň geýimlerini ulularyňkydan aýry ýuwuň;
- ir-iýmişleri we bakja önümleri iýilmezden öň oňatja ýuwuň;
- pestisidleri öýde, esasanam içerde ulanmakdan gaça duruň;
- pestisidli gaplary we enjamlary çagalaryň eli ýetmejek ýerde saklaň.
Oba ilaty pestisid zäherlenmesine garşy göreşýär
Hindistanda, Keraleniň Padre obasynda adamlar özlerine gargyş edilendir öýdýärdiler. Ýaşlar garaguş, beýniniň şikeslenmesi, rak ýaly agyr keseller bilen keselläp, ösmelisi ýaly ösmeýärdiler. Aýallaryň köpüsiniň çagasy bolanokdy. Dogulýan çagalaryň köpüsi elsiz we aýaksyz dogulýardy. Bu keselleriň ählisine gargyşdan başga näme sebäp bolsun?
Padre obasy hoz ekinli meýdanlary bilen meşhurdy. Köp ýyl mundan öň keşýu ekin meýdanyna eýeçilik edýän kompaniýa endosulfan atly pestisidi pürküp başlapdy. Şondan soň oba ýaşaýjylary şol ýerden balarylarynyň, gurbagalaryň we balyklaryň ýok bolandygyna üns berdiler. Adamlaryň köpüsi olary endosulfanyň ýok edendigini aňsalar-da, muny subut edip bilmediler.
Ýerli daýhan we žurnalist Şri Padre aýaklarynyň gurluşy üýtgän göläniň doglandygyny görýärler. Endosulfan ençeme gezek onuň ekin meýdanlarynyň töwereginde pürkülendigi sebäpli, ol dogabitdi ýetmezçiligiň pestisidler zerarly bolandygyna güman edýär. Şri Padre adamlarda hem şeýle saglyk meseleleriniň ýüze çykýandygyna üns beren lukman bilen gürrüňdeş bolýar. Hindistandaky adamlara bu barada ýazanlarynda, olaryň üns beren ýagdaýlarynyň aglaba bölegi endosulfandandygy mälim boldy.
Beýleki guramalardan gelen adamlar hem Şri Padreniň we lukmanyň bilen zatlaryny tassyklaýardylar. Oba ýaşaýjylary ekin meýdanlarynyň jaýlarynda ýygnanyp, pürkmäniň bes edilmegini talap etdiler. Ekin meýdanynyň gullukçylary, pestisid senagaty we käbir ýerli hökümetler endosulfanyň saglyga zyýan ýetirýändigini inkär etdiler. Olar polisiýany çagyryp, pitnäni ýatyrdylar.
Tiz wagtdan metbugat we telewideniýe bu wakalara üns berýär. Örän gysga wagtda Hindistanyň ilaty we ähli dünýädäki adamlar endosulfanyň saglyga ýetiren zyýanlary barada bildiler. Hökümet Keralda endosulfanyň ulanylmagyny gadagan etdi.
Emma pestisid senagatyndaky adamlar heniz-de endosulfanyň howply däldigi barada jedel edýärler. Olar saglyk kynçylyklarynyň endosulfan bilen bagly däldigini aýtdyrmak üçin birnäçe lukmanlara we alymlar para berýärler. Birnäçe wagtdan pestisid senagatynyň zarbyndan, gadagan etmeklik aradan aýryldy. Padre ekin meýdanlaryna ýene-de pestisidleri pürküp başlaýarlar.
Ýerli daýhanlar, lukmanlar, oba ýaşaýjyylary hökümetiň bu meseläni öwrenmegini talap etdiler. Ahyrynda hökümet Padre obasynyň ýaşaýjylary bilen razylaşýar: endosulfan – ölüm howply zäher. Hindistanyň şol ýerinde onuň hemişelik gadagan edilmegi barada kanun kabul edildi.
Ýöne endosulfan Hindistanyň beýleki çäklerinde we başga ýurtlarda häzir hem ulanylýar. Kanun endosulfanyň zäherlidigini ykrar edýän-de bolsa, ol başga ýerlerde howpsuz hasaplanylýar. üýtgeşmeleri gazanmak ugrunda agzybir hereket edip, hökümete we senagata zor salnan ýagdaýlarynda, endosulfan ýaly zäherler gadagan edilýär.