Hesperian Health Guides
Iýmitdäki pestisidler
Hyýar we alma ýaly gabygy mumly gök-miwe önümleri iýmezden öň daşyny artmaly. |
Pestisidler ulanylyp ýetişdirilen ir-iýmişleriň we bakja önümleriniň gabygynda pestisidler saklanyp galýandyr. Et, süýt, ýumurtgalar hem köplenç pestisidleriň täsirine düşen bolmagy ahmal. (Mysal üçin, mallar üçin niýetlenen erginlerde we pürküjilerde ulanylýan pestisidler ýa-da mallar pestisidleriň düşen meýdanlarynda bakylsalar).
Adamlar pestisidli iýmit bilen onuň biraz mukdaryny gündegünaşa iýse ýa-da içse, wagtyň geçmegi bilen olaryň bedeninde zäher ýygnanýar. Şol az mukdardaky pestisidler bir-biriniň üstüni ýetirip, dowamlaýyn saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar.
Salat we kelem ýaly ýaprakly ösümlikleriň daşky ýapraklaryny iýmäň, sebäbi olar pestisidleriň iň köp bölegini özüne siňdirýär. |
Pestisidleriň köp bölegini aýyrmak üçin, ir-iýmişleri we bakja önümlerini sabynly suwda (ýuwujy serişdeleri ulanmaň), duzly suwda (1 litr suwa 5 n.ç. duz garmaly) ýa-da nahar sodasy garylan suwda (1litr suwa 2 ç.ç. nahar sodasyny garmaly) ýuwmaly. Soňra olary arassa suwa durlamaly.
Pestisidsiz ösdürilip ýetişdirilen azyk önümleri olary iýýän adamlar üçin-de, ösdürip ýetişdirýän adamlar üçin-de has howpsuz we sagdyn bolýar. Gynansak-da, köp ýerlerde olaryň bahasy gymmadrak bolýar, olary tapmak hem kyn bolýar (Gök önümleri we ir-iýmişleri zäherli himikatlary ulanman ösdürip ýetişdirmek barada 15-nji baba ser.).