Hesperian Health Guides
Zyýanly mör-möjeklere we ösümlik kesellerine garşy göreşmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Zyýanly mör-möjeklere we ösümlik kesellerine garşy göreşmek
Zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmegiň tebigy çäreleri ösümlikleriň keselleriniň we zyýanly mör-möjekleriň meseleleriniň öňüni alýarlar. Bu çäreler zyýanly himikatlary bedenlerden we daşky gurşawdan daşda saklaýarlar. Şeýle hem olar himikatlara mätäçligi we pestisidlere durnuklylygy aradan aýyrýar. (Zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmegiň gyssagly çäreleri barada “Ot iýýän mör-möjekler üçin tebigy pestisidler” we “Zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmegiň fiziki usullary” ser.).
Siz pestisidleri ulanmakçy bolaýanyňyzda-da, zyýanly mör-möjekleriň siziň ekinleriňize hakykatdan hem zyýan ýetirýändiklerini, näderejede zyýan ýetirýändiklerini we meýdandaky beýleki janly-jandarlar tarapyndan gözegçilik edilip-edilmeýändigini biljek boluň. Diňe şeýle maglumatlary toplanyňyzdan soň, himikatlary ulanyp ulanmazlygy, olaryň haýsy görnüşlerini ulanmalydygyny çözmelisiňiz.
Zyýanly mör-möjeklere we ösümlik kesellerine garşy göreşmegiň iň gowy usuly ekinleri sagdyn saklamakdyr.
- Sagdyn topragy dörediň. Sagdyn toprak peýdaly mör-möjeklere ýaşar ýaly ýer berip, ösümlik keselleriniň öňüni almaga kömek edýär.
- Çydamly tohumlary ekiň. Siziň saýlajak tohumlaryňyzyň zyýanly mör-möjeklere we ösümlik kesellerine durnuklydygyna göz ýetirmek üçin, tohumlar barada daýhanlardan ýa-da oba hojalyk meseleleri boýunça hünärmenlerden soraň.
- Ekinleri dogry ýerleşdiriň. Ekinleriň bir-birine örän golaý ekilmegi ýapraklara howanyň we gün şöhleleriniň ýetmegini çäklendirip, keselleriň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Ýöne ekinleriň bir-birinden has daş oturdylmagy hem haşal otlara ýer galdyryp, topragy guradýar, hasyllylygy peseldýär. Her bir ekini nähili aralykda oturtmagyň has gowy boljakdygyny bilmek üçin, synaglary geçiriň.
- Dürli ekinler ekiň we ösdürip ýetişdirýän ekinleriňiziň düzümini üýtgedip duruň. Ekiniň bir görnüşi ekilen uly meýdanlar şol ekini halaýan zyýanly mör-möjekleri özüne çekýär.
- Aşakdan suwaryň. Ýokardan suwarma toprakdaky keselleriň siziň ekinleriňize syçramagyna mümkinçilik berer. Öl ýapraklar we baldaklar keseliň döremegi üçin amatly ýerlerdir. Damjalaýyn we suwa basdyryp suwarmanyň ulanylmagy ekinleriň we baldaklaryň sagdyn bolmagyna kömek edip biler.
Mazmuny
Zyýanly mör-möjekleri gözläň
Siziň ekinleriňize zyýan ýetirýänlerini ýa-da, tersine, kömek edýänlerini kesgitlemek üçin, mör-möjekleriň näme iýýändiklerine gözegçilik ediň. |
Ot iýýän mör-möjekler oba hojalygyny alyp barmagyň adaty bir bölegidir. Olar beýleki görnüşli mör-möjekler, esasanam zyýanly mör-möjekleri iýýänler bilen deňagramlykda bolsa, ekinlere köp zyýan ýetirip bilmeýärler.
Ekinleriňizi yzygider barlap duruň. Şeýle etmegiňiz siziň peýdaly mör-möjeklere öz işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berip, zyýanly-möjeklere garşy tebigy pestisidleri ýa-da beýleki usullary ulanmaly wagtyňyzy kesgitlemäge kömek berer. Siz zyýanly mör-möjekleri we keselleri gözleýän wagtyňyz, özüňize şeýle soraglary beriň:
- Mör-möjekler ekinleriň aýratyn bir böleklerini iýýarmi?
- Zyýan ýetirýärmi? Bu zyýan hasyllyga täsir edermi?
- Peýdaly mör-möjekler zyýanly mör-möjekleri gözegçilikde saklaýarmy?
Bu mör-möjek zyýanlymy, dostmy ýa-da zelelsiz mör-möjekmi?
Kate göze görünýän mör- möjekler zyýanly mör-möjekleri iýip, ekinleri goraýarlar. Öz ösüşiniň belli bir döwründe ösümligiň özi hem zyýanly mör-möjeklere garşy durmagy başaryp, sagdyn bolýar.
Gurçuklar sagdyn toprak üçin ähmiýetlidirler. Balarylary, möýler we suwda (mysal üçin, şaly meýdanlarynda) ýaşaýan mör-möjekleriň köpüsi peýdaly bolup, zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmäge kömek edýändir. Şeýle hem ownuk arylar we neşderi inçe çirkeýler hem peýdalydyrlar. Peýdaly mör-möjekler siziň ekinleriňize kömek edip biler ýaly, iň gowusy olary biynjalyk etmezlikdir.
Mörmöjekleriň zyýankeşdigine, peýdalydygyna ýa-da zelelsizdigine düşünmek üçin, meýdanlaryňyzda mör-möjeklere syn ediň. Käbir mör-möjeklere ynamyňyz bolmasa, olary ösümlik bölejikleri bilen konteýnere ýygnaň we birnäçe günüň dowamynda olary synlaň. Mör-möjekleriň ýumurtgalaryny tapsaňyz, olardan näme çykjakdygyna syn ediň. Ol ýerden ownuk gurçuklar ýa-da liçinkalar çyksa, onda olar zyýanly mör-möjekler bolup bilerler. Olardan uçýan mör-möjekler çyksa, onda köplenç olar peýdalydyrlar.
Zyýanly mör-möjekleriň ekinleriň şiresini sormaklary we olary iýmekleri ekinlere zyýan ýetirmegiň esasy ýollarydyr.
- Şire sorýan mör-möjeklere ösümlik bitleri, gowluly mör-möjekler, tropiki we subtropiki ýerlerde ýaşaýan deň ganatlylar, ekinlere zyýan beriji mollýusklar, bökýän mör-möjekler, akganatlyjalara, seçeklije ganatly mör-möjekler, sakyrtgalar we togalak gurçuklar degişlidirler.
- Ot iýýän mör-möjeklere kebelek gurçuklary, ekinlere zyýan beriji mollýusklar, balykgulaklar we ognýowkalar degişlidir.
Mör-möjek zyýanly bolsa, ondan nädip dynmaly?
Siziň ösümlikleriňizi nähili mör-möjegiň zaýalaýandygyny kesgitleseňiz, siz onuň şol görnüşine garşy döredilen tebigy pestisidleri (indiki sahypa serediň) ulanyp bilersiňiz.
Zyýanly mör-möjegiň haçan görünýändigini we onuň daşky gurşaw bilen nähili baglydygyny bileniňizden soň, {{#phys|siz zyýanly mör-möjeklere garşy fiziki]] usullary ulanyp bilersiňiz. Aşakdaky soraglaryň jogaplary size zyýanly mör-möjeklere garşy nädip göreşmelidigini bilmäge kömek eder:
- Ol nireden gelýär?
- Ol bir görnüşde gelip, soňra başga görnüşe öwrülýärmi? (mysal üçin, kebelek gurçuklary kebeleklere öwrülýärmi?)
- Ol guşlara we beýleki mör-möjeklere ýa-da meýdan jandarlaryna iýmit bolýarmy?
Tebigy pestisidleri pürkmek
Himiki serişdelere garanyňda, tebigy pestisidler daşky gurşawa we adamlara has az zyýan ýetirip, ekinlere zyýan ýetirilmeginiň öňüni alýar. Olary ýasamak aňsat bolup, bahasy himiki pestisidlerden birnäçe esse arzandyr.
Ýöne tebigy pestisidler hem seresaplyk bilen ulanylmalydyr. Hiç wagt özüňize gereginden artyk ulanmaň. Tebigy pestisidler dürli şertlerde dürli-dürli täsir edip bilýär. Bir görnüş täsir etmese, beýleki görnüşleri ulanyp görüň.
Ot iýýän mör-möjekler üçin tebigy pestisidler
Ot iýýän mör-möjekleriň garşysyna sarymsak, sogan, gyzyl ajy burç, dyrnakgülliler we ot-iýmlik kösüklileriň ýapraklary ýaly ýiti ysly ösümliklerden taýýarlanan pestisidleriň kömegi bilen göreşmek netijelidir.
- Ulanjak bolýan ösümligiňizi ýygnaň, ony guradyň we ondan külke ýasaň.
- Külkäni suwda bir gije basyp goýuň (1 litr suwa bir gysym külke).
- Gaty zatlardan arassalamak üçin, garyndyny süzgüçden ýa-da matadan süzüň.
- Pestisid ösümlige ýelmeşer ýaly, oňa biraz sabyn goşuň.
- Ekinlere garyndyny pürküň ýa-da sepiň. Ilki bilen garyndyňyzy 1 ýa-da 2 düýp ekinde barlaň. Ol ekinlere zyýan ýetirýändir diýip pikir etseňiz, mümkin ol gaty güýçli bolandyr. Köpräk suw goşup, goýulygy kadalaýyk bolýança, ony birki ösümlikde barlap duruň.
- Taýýarlan pestisidiňiz gerek bolan ýagdaýlarda we ýagyşdan soň ulanyp bilersiňiz.
Şire sorýan mör-möjeklere garşy tebigy pestisidler
Şire sorýan mör-möjekleriň dem alyş ýollaryny ýapmak üçin üstlerine sabyn ýa-da ýag guýup, ýok edip bolar. Sabyn ýa-da ösümlik ýagy goşulan suw ekinlere pürkülse, bu zyýanly mör-möjekleri öldürer. Beýleki sabyn serişdelerini ýa-da güýçli sabynlary ulanmaň, sebäbi olar ekinlere, topraga we mör-möjeklere zyýan ýetirýärler.
Beýleki tebigy pestisidler
'Suw bilen garylyp pürkülen peşew zyýanly mör-möjekleri öldürýär. 1 bulgur peşewi 10 bulgur suw bilen garyň. Ony ýapyk gapda 10 gün saklaň. 10 günden soň garyndyny ekinleriňize sepiň. Temmäki hem köp zyýanly mör-möjekleri öldürýär. Temmäki ýapraklarynyň ýa-da çilim galyndysynyň 1 bulguryny 5 litr suw bilen gaýnadyň. Ýapraklary ýa-da çilim galyndylaryny aýryň-da, biraz sabyn goşup, ekinlere sepiň. Temmäkini pomidor, ýer alma, burç we badam üçin ulanmaň. Ol bu ekinlere zyýan ýetirer we olara hüjüm edýän zyýanly mör-möjekleriň köpüsini öldürmez.
Temmäki hem köp zyýanly mör-möjekleri öldürýär. Temmäki ýapraklarynyň ýa-da çilim galyndysynyň 1 bulguryny 5 litr suw bilen gaýnadyň. Ýapraklary ýa-da çilim galyndylaryny aýryň-da, biraz sabyn goşup, ekinlere sepiň.
Zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmegiň fiziki usullary
Siziň ekin meýdanlaryňyzdaky jandarlaryň zyýanly mör-möjeklere garşy göreşip-göreşmeýändigini bilmek üçin, olara gözegçilik ediň. |
Zyýanly mör-möjekler bilen göreşmegiň we olary iýýän mugthorlary we ýyrtyjylary goldamagyň köp usullary bardyr. Beýleki daýhanlar bilen olaryň ulanýan usullary barada gürrüňdeş boluň.
Haýwanlar we mör-möjekler
Guşlaryň, ýarganatlaryň, ýylanlaryň we mör-möjekleriň köpüsi zyýanly mör-möjekleri iýýärler we ekinleri tozgalandyrýarlar. Guşuň çüňküniň görnüşine ýa-da onuň siziň ekin meýdanyňyzda özüni alyp barşyna syn etseňiz, siz onuň näme bilen iýmitlenýändigini kesgitläp bilersiňiz. Ekinleri iýýän guşlary gorkuzmak üçin, daýhanlar ekinleriň ýanynda ýalpyldawuk kagyz, köne kassetalaryň ýorkasyny we demir bölejikleri ýaly ýylpyldyýan zatlary asýarlar.
Ýarganatlaryň köpüsi çybynlary iýýär. Ýöne käbir ýarganatlar ir-iýmişleri iýýärler, käbirleri bolsa haýwanlary dişleýär. Olaryň ýatýan ýerinde, köprüniň aşagyndaky iýmit galyndylaryna we özlerine syn edip, olaryň siziň agaçlaryňyzdaky ir-iýmişleri iýip-iýmeýändigini ýa-da siziň ekinleriňizi zaýalaýan mör-möjekleri iýýändiklerini kesgitläp bilersiňiz.
Zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmegiň fiziki usullary
Miwe siňejiklerine garşy göreşmek üçin biraz çüýräp başlan miweleri plastik çüýşä salyň-da, onda diňe şol siňejikler sygar ýaly birnäçe deşik ediň. Bu çüýşäni goramak isleýän miweli agajyňyzda miweleriň bişmegine 6 hepde galanda (siňejikleriň miwelerde ýumurtgalaryny goýýan wagty) asyp goýyň. Siňejikler içine girer, ýöne daşyna çykyp bilmezler.
Kiçijik arylaryň köpüsi tozgajyk bilen iýmitlenip, zyýanly mör-möjeklere topulýarlar. Köp tozgajyk berýän, ösýän we gülleýän ösümlikler şol arylary özlerine çeker. Arylar bolsa ekinleri zyýanly mör-möjeklerden gorar.
Siziň ekin meýdanyňyzyň töwereginde ekilen uzyn agaçlar çekirtgeleriň şol ýerden geçmegine päsgel berip, olary meýdanyň ýokarsyndan uçup geçmäge mejbur edýärler. Şeýle hem agaçlar peýdaly mör-möjekleriň ýaşamaklary üçin ýer bolýar.
Garynjalar – gazaply ýyrtyjylardyr. Siziň meýdanlaryňyza liçinkalar hüjüm edýän bolsa, ösümligiň düýbüne ýa-da baldaklaryň üstüne şireli suw sepeläň. Garynjalar şekerli suwa gelip, liçinkalary iýmäge galarlar!
Uçýan mör - möjekleriň köpüsi ýumurtgalaryny ekinleriň üstüne taşlaýarlar. Olaryň ýumurtgalaryndan soňra liçinkalar we kebelek gurçuklary çykarýarlar. Suwly skwažinanyň ýa-da bedräniň ýokarsyndan asma çyra goýsaňyz, ol mör-möjekleri özüne çeker we olar suwa gaçyp, gark bolarlar. Bu meseläni ýumurtgalar taşlanylmanka ýa-da hiç zat çykmanka çözýär.
Ekýän ekinleriňiziň görnüşlerini üýtgetip duruň
Bir ösümlik maşgalasyndan bolan ekinler şol bir kesellerden we zyýanly mör-möjeklerden ejir çekip bilerler. Mysal üçin, şol bir ekin meýdanynda hemişe ýer almasyny ekýän bolsaňyz, ýer alma tomzaklary şol meýdana gelip, köpelip bilerler. Emma her 3 ýyldan siz olaryň iýmeýän bir zadyny ekseňiz, tomzaklar meýdany taşlap giderler ýa-da ajyndan ölerler. üçülenji ýyl ekiljek ekin ýer almasyna (mysal üçin, pomidor ýa-da burç) meňzeş bolmaly däldir. Bu mekgejöwen ýaly düýbünden başga zat bolmalydyr. Muňa ekin dolanyşygy diýilýär. Keselleriň we zyýanly mör-möjekleriň öňüni almagyň 2-nji usuly ekinleri gezekleşdirmekden we dürli ekinleri bile ekmekden ybarat.
Ekinleri gezekleşdiriň
Ekinleri gezekleşdirme (belli bir ekin meýdanda ösdürip ýetişdirýän ekinleriňiziň çalşygy) keselleri we zyýanly mör-möjekleri iýmitsiz goýup, olar bilen göreşmegiň ygtybarly usulydyr. Bu usul dürli ýokumly maddalary goşup, topragy has gowulandyrýar. Mysal üçin, bir möwsümde däne ekinlerini ekseňiz, indiki möwsümde kösükli ekinleri ekiň. Kösükli ösümlikler topraga azot goşsa, däneli ekinler topraga organiki maddalary goşýarlar. Netijede toprak mes bolýar.
Dürli ekinleri utgaşdyryp ekiň
Ekinleriň dürli görnüşleriniň ekilmegi mör-möjeklere ýaşamaga ýer berip, zyýanly mör-möjekleriň öz halaýan ekinlerini tapmagyny kynlaşdyrýar. Ekinleriň köp görnüşiniň ekilmegi azyk howpsuzlygyny hem gowulandyrýar. Sebäbi bir ekin ösmese, beýlekilerinden eklenip bolýar.
Dürli ekinleriň bir-birine golaý ekilmegi şu usullar arkaly zyýanly mör-möjeklerden goraýar:
- Käbir ýiti ysly derman ekinler we bakja önümleri zyýanly mör-möjekleri ürküzip kowýar.
- Käbir güller zyýanly mör-möjekleri ýok edýän ýyrtyjylary özlerine çekýär.
- Käbir ösümlikler zyýanly mörmöjekleri “tutýarlar”. Bu zyýanly mörmöjekleri daşda saklamagyň ters usulydyr. Zyäýankeşlere siziň ekinleriňizden has gowy ýaraýan zatlardan ekseňiz, olar “awçy ösümlikde” galyp, siziň ekinleriňizi biynjalyk etmez.
Daýhanlar käwagt girdejilerini artdyrmak üçin, haýwanlar we ekinler bilen agaçlary utgaşdyrýarlar.