Hesperian Health Guides

Suwdan oýlanyşykly peýdalanmak

Bu bapda:

Her bir daýhan suwa mätäçdir. Siz gurak ýerde ýaşaýan bolsaňyz, suwy gorap saklamagyň iň gowy usuly ýaşaýan ýeriňize mahsus ýa-da diňe ýagyş möwsüminde suwa mätäç ösümlikleri ekmekden ybarat. Sideral dökünler topragy saklamaga kömek edýär, sudury böwetler bolsa suwuň akyp gitmegine ýol bermän, ony gorap saklaýar. Daýhan birleşiginde suwy gorap saklamagyň başga usullary hem bar:

  • Ýeriň üstünden ýa-da onuň aşagyndan geçirilen damja suwaryşy suwy tygşytly sarp edýär. Ol topraga üstünden akan suwa görä az zyýan ýetirýär.
  • Ekinleri we topragy günden goramak üçin saýaly agaçlary oturtmaly. Käbir agaçlar ýüzleý kökli ekin üçin has çuň ýerleşen suwy almaga kömek edýär.re or by planting a variety of crops together in the same field.
  • Topragy saýaladar ýaly, ekinleri bir-birine golaý ekmek. Bu topragyň guramagynyň öňüni alar. Sebäbi ekinleriň arasyndaky howa biraz yzgarly bolup, ösümlikler solmaýar.
A woman pours water into a pail hanging from a scaffold, which drips water onto her crops.
Şlanglardaky we turbalardaky uly bolmadyk deşikler suwuň haýallyk bilen ýere siňmegine mümkinçilik berýär.
Alternating ground-cover and non-ground-cover plants grow along a slope.
Zolaklaýyn ekiş
  • Zolaklaýyn ekiş (sudury çyzyklaryň ugry boýunça dürli ösümlikleri ekmek) ösümlikleriň bir-birleri bilen yzgary paýlaşmagy üçin zerurdyr. Topragyň üstündäki ekinler ýapgytda sudury çyzykdan ýokarda ekilýär, biraz toprak örtügini berýär ekin bolsa ondan aşakda ekilýär. Suw ýeriň üstündäki ösümlik örtüginde ýygnanyp, ýapgytdan aşakda ösýän ekinlere akýar.

Crops growing in planting pits.

Gurak döwürlerde çuňlugy 15 santimetre golaý çukurjyklary gazyň.
Uly bolmadyk diwary ýasamak üçin, aşaky ýapgydyň topragyny tapbatlaň.
Her çukurjyga dökün ýa-da kompost döküň.
Çukurjyklaryň arasy olaryň giňliginden 1,5 esse uly bolmaly.

Ekiş üçin çukurjyklary ýasamak

Ekinler örän gurak şertlerde hem oňat öser ýaly, olaryň düýbünde çukurjyklar ediň. Bu çukurjyklar ýagyş suwuny ýygnamaga kömek edýär. Şol bir çukurjykda birnäçe ösümligiň oturdylmagy suwy has ýerlikli ulanmaga ýardam berer. Köp suwa mätäç ekinler ýapgydyň aşak çetinde has gowy ösýär. Suwuň az mukdary bilen osüp bilýän ekinler ýapgydyň ýokarsynda gowy ösýär.

Indiki ýyl olary ýene-de şol çukurjyklarda oturdyň ýa-da köne çukurjyklaryň arasyndan täze çukurjyklary gazyň. Täze çukurjyklary gazsaňyz, birnäçe ýyldan ähli ýer dökünlenen bolar

Daş diwarlary toprak pytramasynyň öňüni alyp, suwy tygşytlaýarlar
Burkino Faso obasy baýyrly-pesli ýerleriň gezekleşýän belentliginde ýerleşýär. Ýagyş hemişe az ýagýardy, ýöne soňky ýyllaryň içinde olar öňküden hem azaldy. Ýer we adamlar kösenýärdiler. Suwy gorap saklamak we toprak pytramasynyň öňüni almak üçin, daýhanlar meýdanda keseligine geçýän pes daş diwarlary gurdular. Bu diwarlar suwuň akymynyň haýalladyp, onuň ýere siňmegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem diwarlar topragyň sowrulmagyna ýa-da köwülmegine ýol bermän, ýokardaky ýapgytlardan aşak süýşýän topragy togtadýarlar.


Mundan başga-da, daýhanlar uly ekiş çukurjyklaryny gazdylar. Olar çukurjyklary kompost ýa-da ders bilen doldurdylar. Bu ösümlikleri dökünlemäge we suwy saklamaga ýardam berdi. Daýhanlar emele gelen gorplary daşdan doldurdylar.

Farmers digging planting holes next to a gully.


Gorp örän uly bolsa, adamlar onuň keseligine daş haýatyny gurdular. Meýdanda hem bolşy ýaly, daş diwarlary suwy haýalladyp, gorpuň ýagdaýynyň erbetleşmgine ýol bermeýärler. Wagtyň geçmegi bilen toprak gorpy doldurýar.


Burkine Fasodaky daýhanlar bu usullardan peýdalanmak bilen, ýagşyň az ýagan döwürlerinde-de topragy baýlaşdyrmagy we hasyllygy ýokarlandyrmagy başardylar. Iýmit bolçulygy bolsa adamlaryň saglygyny gowulandyrdy.