Hesperian Health Guides
Topragy pytramadan goramak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Topragy pytramadan goramak
Ýer goralmasa, howa we suw topragyň ýokarky gatlagyny köwýär ýa-da zaýalaýar. Bu topragyň suwy ýitirmegine eltip biler. Galan toprak köplenç dykyz, ýokumly maddasyz we ekin ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýsyz bolýar. Toprak pytramasynyň öňüni almak we topragy, ýeri gorap saklamak daýhanlaryň iň wajyp işleriniň biridir. (Toprak pytramasynyň öňüni almak barada has giňişleýin maglumat 11-nji bapda berilýär.)
Toprak üçin ýagyş näme edýär
Maksady: Topragyň üsti köwülmez ýaly, ony örtmegiň näderejede wajypdygyny görkezmek.
Wagty: 15 minut
Enjamlar: 2 bölek arassa kagyz ýa-da mata, suw pürküç ýa-da düýbünde maýdaja deşikler deşilip, suwy ýagyş ýaly sepeleýän köne tüneke gap (çäýnek).
- Goý, topar ýeriň hiç bir ösümliksiz we haşal otsuz takyr böleginde duşuşsyn.
- Arassa kagyz ýa-da mata bölegini ýerde goýuň. Pürküçden suwy ýere kagyzyň ýa-da matanyň gapdalyna sepeläň.
- Suw ýere syçranda, kagyzyň ýa-da matanyň ýüzündäki palçyk tegmilleriniň näçe bolandygyna serediň. Ýagyş takyr ýere ýaganda şolar ýaly bolýar. Takyr toprak ýagşy saklap bilmänsoň, ol köwülýär-de, syrylyp äkidilýär.
- Topragyň ot, haşal otlar ýa-da mulça bilen örtülen ýerine täze arassa kagyzy ýada matany goýup, sapagy gaýtalaň. Ikinji kagyzda we matada birinjidäkiden palçyk tegmilleri azrak bolmaly, sebäbi ösümlik döküni suwy saklap, oňa ýeriň aşagyna siňip gitmäge kömek edýär.
- Bolup geçen zatlary we topragyň üstüni örtmegiň ähmiýeti barada toparlarda pikir alşyň.
Mümkin, mulçanyň topragy goraýşyny görkezmek üçin, bu tejribe sapagyny ekin meýdanynda dowam edesiňiz geler. Uly bolmadyk görkeziji meýdany dörediň we onuň üstüni ekişden soň mulça bilen örtüň. Şol ekini başga bölekde mulçasyz ekiň. Ösüş döwrüniň ahyrynda netijeleri deňeşdiriň.