Hesperian Health Guides
Baglary we ekinleri utgaşdyryp ekmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Baglary we ekinleri utgaşdyryp ekmek
Agrotokaýçylyk baglar saýlanylanda we olar has peýdaly boljak ýerlerde ekilende seresaplygy talap edýär. Käbir daýhanlar aşakdaky ýörelgelere eýerýärler:
- Baglar suw, gün ýagtysy we ýer üçin ösümlikler bilen bäsleşmeli däldirler.
- Her bag iýmit, mallar üçin iým, derman, saýa, odun ýa-da tokaý materiallary ýaly 1-den artyk talaba hyzmat etmelidirler.
Baglaryň we gyrymsy ösümlikleriň sudury gyralarda we ýapgytlaryň ýüzünde ekilmegi topragy we suwy aýap saklaýarlar.
Ekin meýdanynyň töwereginde bir-birinden uzak ekilen baglar tokaý materiallaryny, miweleri, mallar üçin iými we beýleki önümleri üpjün edýärler. Mundan başga-da, bu gün ýagtysynyň ösümliklere ýetmegine mümkinçilik berýär.
Ekin meýdanlarynyň ýa-da öri ýerleriň şemally tarapynda hatarlaýyn ekilen baglar ýelden goraýandyrlar.
Öri meýdanlaryndaky baglar saýa, mallara iým, zyýanly mörmöjekleri iýýäň mörmöjeklere we guşlara öý bolup hyzmat edýärler.
Gün şöhlesine has köp mätäç ekinleri ýaş nahallar bilen utgaşdyryp ekiň. Bu ösümlikleriň üstüne saýanyň köp düşmezligini üpjün eder. Ösümlikleriň her ýyl täze ýerde ekilmegi hasyllygy artdyrýar.
Käte kokos baglary we kakao ýaly dürli beýikliklerde ösýän baglaryň garylyp ekilmegi, ösümlikleriň köp dürlüligini artdyrýarlar.