Hesperian Health Guides
Mallary köpeltmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Mallary köpeltmek
Mallar öz berýän iýmit önümlerinden başga-da köp peýda getirýär. Ösümlikler babatda bolşy ýaly, mallaryň dürli görnüşlerini saklamak ekin üçinem, daýhan üçinem gowudyr.
Balarylary hem bal berýärler, hem-de gülleri tozgaladýar.
Towuklar, gazlar we ördekler haşal otlary, haşal otlaryň tohumlaryny we zyýanly mör-möjekleri iýýärler, topragy dökünlemek üçin ders berýärler. Iýmit gözlänlerinde, olar ýeri dyrmap, ony edil sürlen ýaly edýär. Bir aýyň dowamynda towuklara bir bölek ýerde yglamaga mümkinçilik beriň. Soňra towuklary başga ýere geçiriň. Birinji ýer bölegini dyrmyk bilen tekizleşdirip, ekiň ekiberiň. Towuklar hereket edenlerinde, ýeri depeläp ýekelär.
Doňuzlar ýeri dyrmanlarynda ony edil sürlen ýaly edýär we köki uzyn haşal otlary iýýärler. Uly bolmadyk agyllary ýasaň. Doňuzlary hem towuklar ýaly bagyňyzyň bir ýerinden başga ýerine geçiriň. Geçiler gyrymsy baglaryň ýapraklaryny we ýumşak baldaklaryny iýip, ýeri arassalaýar. Geçileriň ähli zatlary iýýändikleri sebäpli, siz olary iýdirjek bolan gyrymsy agajyňyzyň ýanynda daňmaly bolarsyňyz.
Mazmuny
Örüde bakylýan mallar
Sygyrlar, goýunlar we geçiler ýaly örüde bakylýan mallar hem olara gözegçilik edilşine baglylykda ýere ýa zyýan, ýa-da peýda getirip bilerler. Mallar otly örülerde otlanlarynda, olar haşal otlary azaldýarlar we ýeri ders bilen üpjün edýärler. Ýöne otlaýan mallar otuň baryny iýseler, toprak gurap, gaty gabyk emele geler. Ýagyş ýaganda, suw akyp, topragy köwýär. Mallaryň köp bakylanlygy sebäpli toprak köwülse, onda hiç zat gögermez.
Mallary goramagyň we dersiniň ulanylmagyny aňsatlaşdyrmak üçin, olary öýüň golaýyndaky agyllarda saklaň. Emma mallaryň ýeri dar bolsa, olar derslerinde döreýän büreler, mugthorlar arkaly geçýän kesellere aňsat ýolugýarlar. Agyllary yzygider, esasanam ýagynly döwürlerde, adam we mal keselleriniň öňüni almak üçin arassalap duruň. Dersi komposta öwrüp, dökün hökmünde ulanyp bolar.
Siziň mallaryňyzyň ýapyk ýerde saklanýandygyna ýa-da erkin otlap ýörendigine garamazdan, mallaryň sany ýeriň ekläp biljek sanyndan artyk bolmaly däldir.
Mallary örüden örä sürmek
Mallary olaryň islän ýerlerinde baksaňyz, olar otlary köklerine çenli iýerler. Geljek ýyl ol ösümlikler ýaramaz öser. Ösümlikleriň ýapraklarynyň ýarysy iýlenden soň, otlaýan mallary başga öri meýdanyna sürüň.
Aýmança ýasap bilseňiz, ösýän ösümlikleriň görnüşine baglylykda öri meýdanyňyzy kiçijik öri meýdanlaryna bölüşdiriň. Mallary dürli ýer bölekleriniň arasynda sürüň. Siz mallary baksaňyz, hatda pes daş diwarlary hem olara örüden örä geçmäge mümkinçilik bermez. Siz mallaryňyzy goraýan bolsaňyz, size agyllaryň geregi ýok.
Mallaryň adamlaryň içýän suw çeşmeleriniň ýanynda otlamaz ýaly gözegçilik ediň. Adamlaryň içýän ýa-da suwa düşýän, ýüzýän ýa-da balyk tutýan suwuna ders düşse, ol keseliň ýaýramagyna elter. Suw çeşmeden mallaryň suw içýän nowasyna ýap geçiriň.
Mallary bir ýerden başga ýere haçan sürmeli
Mallaryň öri meýdanynda näçe wagt otladylmagy olaryň baş sanyna we örüniň hiline bagly. Her ýylda bir öri bölegine mal bakylmakdan doly dynç almaga mümkinçilik beriň. Bu topragyň dykyzlanmagynyň öňüni alyp, otlaryň täzeden gögermegine kömek eder.
Mysal üçin, siz ýeri 3 ýa-da ondan köp örä bölseňiz, mallary birinden başga hemmesine sürüň. Ol örä rahatlyk beriň, indiki ýyl beýleki örä dynç beriň. Ýa-da her hasyldan soň, mallara ýere gaçan ösümlik baldaklaryny, haşal otlary we däneleri iýdiriň. Olar meýdany arassalarlar we dersi ýaýradarlar.
Ýer näçe maly ekläp biler?
Mallar agyr döwürlerde howpsuzlygy üpjün edýärler, sebäbi adamlar olary satyp ýa-da iýip bilýärler. Maly köp adamyň il arasynda abraýy-da uly bolýar. Emma adamlar uly abraýa we howpsuzlyga eýe boljak bolup, ýeriň ekläp biljeginden artyk mal alsalar, onda ýerem, malam sagdyn bolmaýar. Mallara gerek bolan ýeriň meýdany onuň näderejede gök we suw bilen üpjün edilişine bagly bolýar. Gurak ýerlerde gök ýerlere garanyňda, mal bakmak üçin has köp ýer gerek bolýar