Hesperian Health Guides
Topragy gowulandyrmak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Topragy gowulandyrmak
Mazmuny
- 1 Topragyňyzyň ýagdaýyny biliň
- 2 Sideral (ösümlik) dökünler we örtüji ekinler
- 3 Mulça (topragy bugarmakdan, doňmakdan goraýan çüýrüntgi saman)
- 4 Ders (organiki dökünler)
- 5 Kompost
- 6 Topraga ýokumly maddalary goşmagyň beýleki usullary
- 7 Topragyň gowulandyrylmagy haşal otlara garşy göreşmäge kömek edýär
Topragyňyzyň ýagdaýyny biliň
Toprak – bu çägäniň, gyrmançanyň, palçygyň we organiki maddalaryň (meselem, mör-möjekleriň, bakteriýalaryň, ýapraklaryň, çüýrän ösümlikleriň we dersiň) garyndysydyr. Bu maddalaryň her biriniň mukdary we ýeriň işlenilmeginiň usuly topragyň gurluşyna (näderejede iri ýa-da ownuk), hasyllylygyna (ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin näderejede baý) we topragyň hiline täsir edýär. Gurluşy, hili we hasyllylygy oňat toprak howa, suwa, ýokumly maddalara we ösümlikleriň köklerine öz içinden geçmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa topragyň ekinleri ösdürmäge we pytrama garşy durmaga bolan ukybyny artdyrýar.
Mundan başga-da, topragyň käbir görnüşleri aşgarly bolýar (“esas” ýa-da “süýji” diýip atlandyrylýan şor toprak), käbirleri bolsa turşulykly (“turşy” diýlip atlandyrylýanlar) bolýar. Siz topragyňyzyň turşulyk derejesini (näderejede turşy ýa-da süýji) bilmek üçin, ony barlaň ýa-da tagamyny dadyp görüň.
Ösümlikleriň köpüsi ne aşa süýji, ne-de aşa turşy bolan toprakda ösýärler. Aýratyn ýokumly maddalaryň goşulmagy topragy has süýji ýa-da has turşy edip biler. Organiki maddalaryň goşulmagy dürli görnüşdäki topragy gowulandyrýar.
Topragy sürmek, bejermek, agdarmak ýa-da gazmak üçin agyr enjamlaryň ulanylmagy ony has dykyz, ýagny ne giňişlik, ne-de howa galar ýaly edýär. Suw we ösümlikleriň kökleri dykyz toprakdan kynlyk bilen geçýär. Ösümliklere hem dykyz toprakdan zerur bolan ýokumly maddalary almak kyndyr.
Dykyzlanmanyň öňüni almak üçin toprak aşa öl ýa-da aşa gury däl-de, sykylan esgi ýaly çyglyka, ony arassalaň we agdaryň. Köp daýhanlar topraklaryny seýrek agdarýarlar, oňa ders dökýärler we topragyň ekiş üçin ýumşak bolar ýaly, şänik ekmek ýa-da sideral dökünleri bermek ýaly usullardan peýdalanýarlar.
Himiki dökünler ilkibaşda kömek etse-de, soň zyýan ýetirýärler
Himiki dökün |
Himiki dökünler daýhanlar üçin-de, daýhanlar birleşigi üçin-de gymmada düşýär, sebäbi olar topraga zyýan ýetirip, suwy hapalaýar. Olar topragy özüne garaşly edýär. Dükandan alnan dökünli halta seretseňiz, onda N-P-K harplary ýazylandyr. Bu harplar ösümliklere zerur bolan esasy ýokumly maddalary aňladýar (N-Azot, P-Fosfor, K-Kaliý). Himiki dökünler himikatlaryň örän goýaldylan mukdaryny (konsentrirlenen) öz düzüminde saklaýarlar. Bu goýaldylan ýokumly maddalar meýdanlardan ýerasty suwlara ýa-da suw akarlaryna düşse, şol suwlary içmek we ýuwunmak üçin ýaramsyz edýär.
Ekinleriň himiki dökünler bilen ösdürilip ýetişdirilmeginiň iň uly meselesi – olary ulanýan daýhanlaryň topraga ders ýaly organiki maddalary bilen dökünlemegi bes etmekden ybarat. Bu toprakdaky ýokumly maddalaryň ýok bolup gitmegine we topragyň dykyzlanmagyna sebäp bolýar. Şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagy zyýanly mör-möjekler, pes hasyl, suwuň ýitirilmegi we himiki dökünlere garaşly bolmak ýaly kynçylyklary döredýär. Siz himiki dökünleri ulanýan bolsaňyz, oňa tebigy dökünleri hem goşmagyňyz örän wajypdyr.
Topragy öwrenmek
Maksady: Bu sapak oba hojalygynyň dürli usullar bilen alnyp barylmagynyň topraga edýän tasirini görkezmäge kömek edýär.
Wagty: 3 sagat.
Enjamlar: pil, 3 agaç ýa-da 3 bölek gaty kagyz, galam ýa-da flomaster.
- Dürli usullarda ulanylan 3 ýer bölegini saýlaň. Mysal üçin, mekgejöwen meýdanynyň ýa-da gury bejergi edilen şaly meýdanynyň, ýa-da ir-iýmişler, ýa-da öý bagyny, ýa-da köp ýyllaryň dowamynda öri hökmünde ulanylan meýdanynyň bir bölegini saýlaň. Saýlanylan ýerler biri-birine ýakyn bolmalydyr. Bu olara baryp görmegi aňsat eder.
- Daýhanlar topary bilen saýlanylan meýdanlaryň her birine baryp görüň. Görmäge baranyňyzda, topraga nämeleriň kömek edendigine üns beriň. Haýsy alamatlar ýeriň ulanylandygyny görkezýär? Toprak pytramasynyň alamatlary (gorplar, ýalaňaç ýa-da daşlak ýerler, baýryň etegindäki topragyň has mes bolmagy) barmy?
- Saýlanylan meýdanlarda işleýän daýhanlar bilen gürrüňdeş boluň. Olaryň soňky 5-10 ýylyň dowamynda nähili usullary ulanandygyny biliň. Siziň daýhanlar bilen gürrüňdeş bolup bilen zatlaryňyz toparyň synlan zatlary bilen deň gelýärmi?
- Saýlanylan meýdanlaryň hersinde 50 sm çuňlukda uly bolmadyk çukurjyk gazyň. Çukurjygyň bir diwaryny tekiz we dik aşaklygyna gidýän ediň. Tekiz pili ýa-da pyçagy alyň-da, çukurjygyň tekiz tarapyndan nusgalyk üçin 3 sm galyňlykda topragy gazyp alyň. Ony tagtanyň ýa-da tekiz zadyň üstünde goýuň. Nusgalyk topragyň haýsy meýdandan alnandygyny bilmek üçin, oňa bellik ediň.
- Meýdanlaryň ählisinden nusgalary alanyňyzdan soň, olary ahli toparyň öwrenip bilmegi üçin, ýygnak geçirilýän ýere getiriň. Topraklaryň nusgalarynyň arasynda nähili tapawut bar? Alnan topraklaryň reňkinde, gurluşynda, hilinde, ysynda we mör-möjekleriň ýa-da gurçuklaryň bolupbolmazlygynda nähili tapawutlaryň bardygyny ýüze çykaryň. Turşuluklaryny deňeşdirmek üçin her toprakdan bir bölejigini dadyp görmek bolar. Ol turşumy ýa-da süýji? Goý, dürli adamlar dürli topraklardan birazragyny ellerine alsynlar. Her topragyň nusgasyna azajyk suw guýuň we elläniňizde onuň nähilidigini aýdyň (ýelmeşýärmi, irimçikmi, ýylmanakmy ýa-da pytraýarmy?).
- Bu tapawutlaryň haýsylary ýel we howa sebäpli, haýsylary ýeriň ulanylyş usuly sebäpli döräpdir?
UToparlaryň ýygnan maglumatlary, şu kitapdan we beýleki çeşmelerden alnan maglumatlary ulanyp, oba hojalygyny alyp barmak üçin ulanyljak ýerleriň topragyny gowulandyrmagyň we goramagyň usullary barada pikir alşyň.
Bu usullar tebigy dökünlerini goşmak, topragy pytramakdan goramak ýa-da mallary bakmak we öz içine alýarlar.
Kösükli ösümlikleriň köklerindäki kiçijik düwünlerde mesgen tutýan bakteriýalar howadaky azody ösümlige geçirýärler, toprak-da azot bilen baýlaşýar. |
Sideral (ösümlik) dökünler we örtüji ekinler
Sideral ösümlikler – kösükliler maşgalasyna degişli köp ýyllyk ösümlikler. Olara gök otdan emele gelen dökün hem diýilýär. Sideral ösümlikler topragy dökünläp, haşal otlary ýok edýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Ösümlikleriň köpüsiniň şeýle häsiýetleriniň bolandygy sebäpli olara sideral dökünler we örtüji ekinler diýilýär. Sideral dökünleriň köpüsi “kösükliler” maşgalasyna (nohut, noýba ýaly kösükli ösümlikler) degişlidirler.
Kösükliler maşgalasyna degişli ösümlikler topragy azot bilen baýlaşdyrýar. Kösükli ösümligi sogrup görseňiz ýa-da kabir agaçlaryň köklerine seretseňiz, siz olarda emele gelen kiçijik düwünleri görersiňiz. Şol kiçijik düwünlerde bolan bakteriýalar howadaky azoty ýygnap, ony topraga geçirýärler. Bu topragy has mes edýär.
At kösüklileri Vicia faba |
Ýorunja Medicago sativa |
Al-gyzyl noýba Phaseolus coccineus |
Jöwen Sorghum |
Giasint kösük Dolichos lablab |
Mahmal kösük Mucuna pruriens Jöwen Sorgh |
Sideral (ösümlik) dökünleriň örän köp artykmaçlyklary bar:
- Olar toprak pytramasynyň öňüni alyp, toprakdaky suwy saklamaga kömek edýärler.
- Topragy organiki maddalar bilen baýlaşdyryp, onuň hasyl berijiligini atrdyrýarlar.
- Sideral dökünler birnäçe ýyl ulanylanylandan soň, topragy işläp bejermek aňsat bolýar.
- Sideral ösümlikler ekin ekiljek meýdanyň hut özünde ösýär. Şonuň üçin-de, iş we ulag üçin hiç çykdajy edilmeýär.
- Beýleki ekinler bilen ekilende, olar haşal otlar we zyýanly mör-möjeklere garşy göreşýärler.
Sideral dökünleriň mundan başga-da peýdasy bardyr. Olaryň käbiri, mysal üçin, däneli ösümlikler, amarant, çowdary, kösükler iýmit hökmünde hem ulanylýarlar. Ýorunja we klewer (ýorunja meňzeş ot-iýmlik) ýalylar bolsa mallara iým hökmünde ulanylýarlar. Gorçisalar maşgalasyna degişli sudan oty ýalylar bolsa ösümlik keselleriniň öňüni alýarlar. Sideral organiki dökün hökmünde ekilýän baglardan odun taýýarlanylýar.
Sideral dökünleri ulanmagyň 3 usuly
- Olary mekgejöwen, dary ýaly esasy ekinler bilen ösdürip ýetişdiriň.
- Topraga “dynç” bermekçi bolanyňyzda, oňa sideral ösümlikleri ekiň. Bir ýylyň dowamynda sideral ösümlikleri bilen dökünlenen topragyň ýagdaýy 5 ýyllap dynç berlen topragyň ýagdaýy bilen deň bolýar.
- Olary esasy ekinleriň hasyly ýygnalandan soň, gury möwsümde ekiň.
Dürli ösümlikleriň garyndysy iň oňat ösümlik örtügidir. Çalt ösýän däneli ösümlikler topraga organiki maddany goşýarlar. Kösükli ösümlikler bolsa topragy azot bilen baýlaşdyryp, topragy örtýärler. Topragyňyz üçin nämeleriň oňat boljakdygyny bilmek üçin, şol sebitlerde ýaşaýan daýhanlar bilen gürrüňdeş boluň.
Mulça (topragy bugarmakdan, doňmakdan goraýan çüýrüntgi saman)
Topragy hemişe, hatda ösüş döwründe hem örtülgi saklamak örän peýdalydyr. Topragy örtmek üçin ulanylýan zatlaryň ählisine mulça diýilýär. Mulça suwy saklamaga kömek edýär, haşal otlar bilen göreşip, toprak pytramasynyň öňüni alýar. Mekgejöweniň başlary, kösükleriň çybyklary ýa-da otlar ýaly ösümlik galyndylary iň oňat mulça bolup hyzmat edýärler. Sebäbi olary ýönekeý meýdanda çüýremäge goýsaň bolýar. Olar topragy organiki maddalar bilen üpjün edýärler. Haşal otlar hem şonuň ýaly ulanylsa bolýar, ýöne olaryň täzeden ösmeginiň öňüni almak üçin, tohumlamazlaryndan öň kesişdirmeli.
Mulça örtügi 10 santimetrden galyň bolmaly däldir. Gaty galyň mulça örän çygly bolup, ösümlik kesellerini döredýändir.
Mulça örtüginiň ösümlikleriň baldaklaryna galtaşmagyna ýol bermäň.
|
|
Saman bilen bededen örän oňat mulça emele gelýär, sebäbi olar haýal çüýreýärler. |
Ders (organiki dökünler)
Ders ösümliklere zerur bolan ýokumly maddalaryň ählisini berip, wagtyň geçmegi bilen topragyň gurluşyny, hilini we hasyllygyny gowulandyrýar. Himiki dökünler bolsa ekinlere bary-ýogy 2 ýa-da 3 sany ýokumly maddany berip, topragy gowulandyrmaýarlar.
Ýöne derse biraz seresaply çemeleşmeli. Dökünleriň aşa köp ulanylmagy toprakda ýokumly maddalaryň köp ýygnanmagyna we netijede suw ýollarynyň hapalanmagyna eltip biler. Şeýle hem täze dersiň düzüminde kesel dörediji ýokançlyklar bolýar. Zeýkeş ýaplarynyň we suw akarlarynyň golaýyndaky toprakda täze dersi ulanmaň. Ders bilen işläniňizden soň, elleriňizi we geýimleriňizi ýuwuň.
Adamyň galyndylary (nejasat we peşew) bilen dökünleme
Adamyň peşewini döküne öwrüp bolýar. Adamyň nejasaty bolsa topragy ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrýar. Ýöne olaryň düzüminde zyýanly mikroblar bolup, nädörgy ulanylsa, olar keselleri döredýär. Ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrmakda adamyň galyndylaryny howpsuz ulanmak barada bilmek üçin 7-nji baby okaň.
Kompost
Kompost – bu iýmit we ekinleriň galyndylaryndan, haşal otlardan we mallaryň dersinden ybarat tebigy dökündir. Kompostyň topraga goşulmagy ýokumly maddalary täzeden ýere gaýtaryp bermegiň usulydyr. Uly meýdanlar üçin kompostyň ýeterlik mukdaryny taýýarlamak köp işi talap edýär. Şonuň üçin-de, kompost ýeriň kiçiräk böleklerinde ulanylýar.
Kompost ulanmagyň dürli usullary:
- Miweli baglary oturtmazdan öň, çukurjygyňyzyň düýbüne bir pili dolduryp, kompost goşuň.
- Nahaly ekmezden öň, oturtjak çukurjygyňyzda bir gysym komposty toprak bilen garyşdyryň.
- Topragyňyzyň üstüne bir gat kompost döküň.
- Ösümlik ýetişýänçä, onuň baldagynyň töwereginde kompostdan aýlaw ýasaň. Bag üçin aýlawy onuň günortanlar kölegesiniň düşýän ýeriniň gyrasyndan aýlaň. Onuň üstüni biraz toprak bilen basyryň. Bag suwarylanda, kompostyň düzümindäki ýokumly maddalar kökleri iýmitlendirer.
Kompostly “çaý”
Kompost zyýanly mör-mejeklere garşy göreşmäge we ösümlikleri dökünlemäge niýetlenen suwuklygy taýýarlamak üçin ulanylyp bilner. Biraz komposty mata bölegine dolap düwüň. Matany suwly bedrä 7-14 günlük salyp goýuň. Suwuň reňki goňralanda, mata haltajygy çykaryň. Galan komposty öz meýdanyňyzda ýaýradyň. Ösümlikleriňiziň ýapraklaryna kompost çaýyny pürkiň ýa-da sepiň. Kompost çaýy bilen işläniňizden soň, hökman elleriňizi ýuwuň.
Topraga ýokumly maddalary goşmagyň beýleki usullary
Beýleki maddalar topragyň turşulygyny üýtgetmek (282-nji sah. ser.) we topragy ýokumly maddalara baýlaşdyrmak üçin ulanylyp bilner. Hek daşy, agaç küli ýa-da haýwanlaryň we balykgulaklaryň owradylan süňkleri topragyň turşulygyny peseldýärler. Haýwanlaryň owradylan süňkleri topragy fosfor bilen, agaç küli bolsa kaliý bilen baýlaşdyrýar. Çüýrän ýapraklar we sosnanyň pürleri topragy has turşy edýärler. Azyndan bir ýyllap çüýreýän şeker çiňrigi we guran kofe ösümliginiň galyndylary döküne öwrülip, topragy ýokumly maddalar bilen üpjün edýärler.
Topragyň gowulandyrylmagy haşal otlara garşy göreşmäge kömek edýär
Sideral dökünler, kompost, mulça ýaly organiki maddalar bilen topragy gowulandyrmagyň ähli usullary haşal otlara garşy göreşmekde ýardam berýär. Toprak sagdyn bolanda, az mukdardaky haşal otlar hasyllyga zyýan ýetirmeýärler. Haşal otlara ýer galmaz ýaly, ekinleri bir-birlerine golaý ekmelidir.
Mallara haşal otlary iýmäge mümkinçilik döredilen ýagdaýynda hem olar bilen göreşip bolar. Ýerli ekinlere ýerli haşal otlar az derejede zyýan ýetirýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýerli ösdürilip ýetişdirilýän ekinler howa, haşal otlara we zyýanly mör-möjeklere uýgunlaşyp, beýleki ekinleriň ýa-da olaryň görnüşleriniň ösüp bilmeýän ýerlerinde üstünlik gazanýarlar.