Hesperian Health Guides

Daýhanlaryň meýdan mekdepleri

Bu bapda:

Daýhanlaryň meýdan mekdepleri – bu daýhanlara umumy meseleleriň çözgütlerini tapmagy öwredýän maksatnamalardyr. Ýörite okadylan kömekçiler bilen daýhanlar öz soraglaryny berýärler, synaglary geçirýärler we öwrenýän zatýaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. Şeýle hem daýhanlaryň meýdan mekdepleri daýhanlara mesele çözmek we guramaçylyk endiklerini, ýolbaşçylyk häsiýetleri ösdürmäge kömek edýärler. Daýhanlara öz bilimleriniň we endikleriniň gadyryny bilmek öwredilende, olar oba hojalygyny has durnukly etmekde öz adaty usullaryna bil baglaýarlar.

People standing in a field of crops listen as a woman holding a plant speaks.
Daýhanlar öz meseleleriniň çözgütlerini hususy tejribesinden we meýdanlaryndan tapýarlar.


Daýhanlaryň meýdan mekdepleri endikleri we ynamy ösdürýär

Hoa we Khaan Wýetnamyň Dong Phi obasynda ýaşaýarlar. Olaryň ýanýoldaşlary olara ýeri ekiş üçin taýýarlamaga kömek edýärler. Olar möwsümiň ahyrynda ýetişdiren hasylyny hem ýygnaşýarlar. Ýylyň galan wagtynda Hoa we Khaan öz meýdanlaryny ýekelikde dolandyrýarlar, sebäbi olaryň ýanýoldaşlary obadan uzakda işleýärler. Hoa birnäçe ýylyň dowamynda şalynyň pes hasylyny ýygnandygyna üns berende, adamsy oňa köpräk dökün satyn almagy maslahat berdi. Ýöne Hoa dökünlere pulunyň ýokdugyny bilýärdi. Oba hojalygy boýunça geňeşçi oba ýaşaýjylaryna daýhanlaryň meýdan mekdepleri barada gürrüň berende, Hoa we Khaan oňa girmek kararyna gelýär.


Sapaklara gatnaşyp başlanlaryndan, olar bu mekdebiň beýleki mekdeplerden tapawutlanýandygyny görýärler. Hoa we Khaan beýleki daýhanlar bilen ekinler, mör-möjekler, howa we toprak barada gürrüňdeş bolýardylar. Olar oba hojalygyň dürli usullaryny synap görýärdiler we haýsy usullaryň olara ýarap-ýaramandygyny kesgitleýärdiler. Hoa şaly hasylynyň peselmeginiň sebäplerini beýleki daýhanlara hem düşündirmek üçin, olaryň hemmesini öz meýdanyna çagyrýar.


Khaan utanjaňdy we hiç wagt toparyň öňünde çykyş edip görmändi. Emma daýhanlaryň meýdan mekdebinde geçiren birinji möwsüminden soň, ol dogumlanyp, birnäçe synag geçirmäge synanyşýar. Meýdanda täze bir usuly ulanyp görende, Khaan beýleki daýhanlari hem çagyrýardy. Ol näme edýändigini we näme üçin edýändigini düşündirýärdi. Beýleki daýhanlar ony diňläp, düşünmedik zatlaryny soraýardylar, pikirleri we tejribeleri bilen paýlaşýardylar.

2 people bend to tend a rice paddy which is labelled with a sign reading "Experiment #2."


Hoa we Khaan oba hojalygyny alyp barmagyň usuluny üýtgedenlerinde, ony ýanýoldaşlaryna hem öwretmeli boljakdygyna düşünýärler. Hoa: “Meniň himiki pestisidleri ulanmaýanlygymdan adamymyň gorkmajakdygyna göz ýetirmelidim” – diýýär. Adamsy öýe gelende, Hoa oňa dürli mör-möjekleri görkezmek we olar bilen tebigy usullar arkaly göreşmek barada gürrüňdeş bolmak üçin, ony meýdana alyp barýar. Hoanyň ýanýoldaşy ol ýerde şalynyň has köpdügini görüp, aýalynyň paýhaslydygyna şübhelenmeýär. Hoa pestisidlerden tygşytlan puluna maşgalasy üçin motosikl satyn alanda, adamysy daýhanlaryň meýdan mekdepleriniň peýda getirýändigine göz ýetirýär.


Häzirki wagtda Hoa we Khaan ähki sebitdäki aýal daýhanlary okadyp başladylar. Khaan: “Meniň pikirimçe, biz, aýallar, erkeklerden aýry topar ýaly has gowy işleýäris. Biziň geçirýän ara alyp maslahatlaşmalarymyz hem has açyk bolýar. Her bir aýalyň meýdanda gören zatlary barada aýtmagyna, bu babatda pikirini beýan etmegine üns berýäris. Zyýanly mör-möjekler, dökünler we ekinlere ideg etmek baradaky bilim durmuşymyza gözegçiligi öz elimize almaga kömek etdi. Bu meniň arkaýyn bolmagyma ýardam berýär. Bu maňa kömek edýän bolsa, onda hemmelere-de kömek edýändir” – diýýär.