Hesperian Health Guides
Ösümlikleriň keselleri
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Ösümlikleriň keselleri
Ösümlikleriň kesellerini olaryň ekinlere edýän täsirinden tanap bolar. Mysal üçin, olar ýapraklaryň reňkini üýtgedýärler, olary soldurýarlar ýa-da ösümligi adaty däl ýollar bilen ösmäge mejbur edýärler. Ösümlikleriň keselleri kömelejikden, bakteriýadan ýa-da wirusdan döräp bilerler. Olaryň ählisine tebigy usullar bilen gözegçilik etmek bolar.
Ösümlikleriň keselleriniň öňüni almagyň iň gowy usullary – topragy sagdyn saklamak we durnukly ekerançylyk ýörelgelerine eýermekdir. Ekiniňize kesel degendigine ynamyňyz bar bolsa, siz onuň beýleki ekinlere ýaýramagynyň öňüni alyp bilersiňiz.
- Kesellän ösümlikleri ýok ediň. Kesellän ösümlikler keseli we zyýanly mör-möjekleri beýleki ösümliklere geçirip bilýärler. Kesel ekinleriň ählisini ýok edýän bolsa ýa-da hasyly örän azaldýan bolsa, onda keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, ekini doly aýyrmaly we otlamaly. Olardan kompost taýýarlamaň, sebäbi keseller döredýän mikroblaryň käbiri kompost edilende-de diri galýarlar.
- Keselli ösümlikler siziň bedeniňize, gurallaryňyza we geýimleriňize degse, ösümlikleriň keselleri soňra sagdyn ösümliklere hem geçýärler. Sagdyn ekinlere degmezden öň, ähli zatlaryňyzy sabynly ýyly suwa ýuwuň.
- Şire sorýan mör-möjeklere gözegçilik ediň. Keselleriň köpüsi şire sorýan mör-möjekler arkaly geçýärler. Şire sorýan mör-möjeklere garşy tebigy pestisidleri ulanmak barada maglumat almak üçin “Şire sorýan mör-möjeklere garşy tebigy pestisidler” ser.
- Süýt kömelek kesellerini, kebelek gurçuklarynyň ýumurtgalaryny we gyzyl sakyrtgajyklary ýok edýär. 15 litr suwa 1 litr süýdi goşuň we ösümlikleriňize sepiň. Kömelek kesellerine garşy bu çäräni 10 günden ýene-de gaýtalaň. Kebelek gurçuklarynyň ýumurtgalaryna garşy 3 hepdeden gaýtalaň.
- Kül kömelek kesellerini döredýän bakteriýalary öldürýär. Tohumlaryň kül bilen ekilmegi käbir kömelekleriň öňüni alar. Pomidor we ýer alma ekinleriniň giçki kesellerine garşy ekinlere külüň we suwuň süzülen garyndysyny pürküň.