Hesperian Health Guides

Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak


Bu bapda:

A happy woman sits with her baby beneath a tree as others farm in nearby fields.

Oba hojalygynyň durnukly usullar arkaly alnyp barylmagy adamlaryň we ýeriň uzak möhletleýin saglygyny kepillendirýändir. Durnukly usullardan peýdalanýan daýhanlar öz maşgalalaryny gerek iýmit bilen üpjün etmek bilen birlikde suwy aýap saklamaga, topragyň ‎ýagda‎ýyny gowulandyrmaga we tohumlary gelejek üçin saklamaga çalyşýarlar.

Iýmitiň köp bölegini ýer berýär. Emma köp adamlaryň hususy ýerleriniň azdygy ýa-da onuň asla ýokdugy sebäpli sagdyn iýmit mätäçliklerini kanagatlandyryp bilmeýärler. Oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagy ýa-da azyk marketingi we iýmitiň adalatly paýlanylmagy bu kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam berýär.

Daýhanlar ýer eýeleri bolup, öz işleriniň hötdesinden gelmegi başarýandyrlar. Daýhanlar oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagynyň usullaryny işläp düzýärler, olary öz obasynyň mätäçliklerine we öz işleýän ýeriniň şertlerine laýyklykda uýgunlaşdyrýarlar.

Uly we kiçi şäherlerde ýa-da oba hojalygynyň asyrlar boýy alnyp barlan ýerlerinde oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagy açlygyň, göçüp-gonmanyň, gymmatly topragyň ýitirilmeginiň we suw gorlarynyň hapalanmagynyň meselelerini çözmäge kömek edýär. Oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagynyň usullary diňe daýhanlara niýetlenen däldir. Bu usullar öz hususy ekininde işleýän bagbanlar, ösüş we saglygy goraýyş işgärleri, azyk howpsuzlygyny we ilatyň sagdynlygyny goramak üçin jemgyýetçilik baglaryny ýa-da şäher ýerinde ekin ekmekçi bolýan islendik adamlar üçin hem peýdalydyr.

Huan, Pedro we “Mitç” atly tupan
A man speaks.

Huanyň atasy ýaşaýan jülgelerinde (Gonduras, Merkezi Amerika) öňler bol hasylly ekinleri ösdürip ýetişdirýärdi. Emma ir-iýmiş kompaniýasy onuň ýerini satyn alansoň, ol ýokardaky baýyrlara göçýär. Şol ýerde ol öz ogluna, Huanyň kakasy Aurelio baýyrlaryň ýapgytlaryny agaçlardan arassalamagy we töňňeleri ýakyp aýyrmagy öwredýär. Topragy dökünlemek üçin, olar her hasyldan soň kül emele geler ýaly, mekgejöweniň baldaklaryny we kösüklileriň çybyklaryny otlaýardylar.


Aurelio Huana oba hojalygyny edil şol usulda alyp barmagy öwredýär. Emma Huan ýigit çykýança, toprak tapdan düşüp, hasyl berijiligi peselýär. Beýleki daýhanlaryň, ir-iýmiş kompaniýalaryň we maldarlarynyň töwerekdäki ähli ýerleri öz eýeçiligine alandyklary sebäpli, Huan ýeri arassalap bilmeýärdi.


Huan baýryň ýapgydyndaky ähli agaçlary çapyp aýyrýarda, mümkin boldugyndan köp mekgejöwen, kösüklileri we bakja ösümlikleri ekýär. Emma mekgejöwen ýekeje baş getirýär, kösüklileri bolsa mör-möjekler zaýalaýarlar. Goňşularynyň köpüsi ýaly, Huan hem himiki dökünleri satyn alyp, onuň ekinini zaýalaýan mör-möjeklerden dynmak üçin, olara pestisidleri pürkýär. Muňa pul tapmak aňsat däldi. Sebäbi ýerden önýän hasyl onuň maşgalasyny zordan ekleýärdi.


Günleriň birinde güýçli ýel öwsüp, tupan turýar-da, 4 günläp çabgaly ýagyş ýagdy. Ýagyşdan ýaňa baýyrlaryň ýapgytlary läbikli derýalara öwrüldiler, obanyň ähli ýerlerinde jaýlar ýumruldy. Läbikli suw Huanyň ekinlerini syryp äkitdi. Onuň topragy ýuwlup, diňe daşlar galdy. Onuň ekini weýran bolansoň, ol ähli zada täzeden başlamaly boldy.


Huanyň goňşusy Pedro tupandan köp zyýan çekmedi. Pedro mekgejöweni, kösüklileri, bakja önümlerini we mallaryň ot-iýmlik ekinlerini miweli, saýaly baglaryň arasynda ösdürip ýetişdirýärdi. Pedro mekgejöweniň baldaklaryny we kösüklileriň çybyklaryny otlaman, olary hasyl ýygnalandan soň, çapyşdyryp topragyň üstüne dökýärdi. Şeýle hem Pedro meýdanyndaky topragyň ýuwlup gitmezligi üçin, kaktuslary, agawany we beýleki ösümlikleri haýat hökmünde aýlaw görnüşinde ekipdi. Tupandan soň kökler topragyň köp bölegini pytramakdan gorap, onuň eken “haýatlary” bolsa galan bölegini saklapdy.


Pedro: “Dürli ösümlikler bir-birine kömek edip, topragy baýlaşdyrýar. Bu ýerde tupanyň bolandygyna ynanar ýaly-da däl. Suw has gowy siňýär, sebäbi meniň topragym tokaýdaky topraga meňzeýär” – diýip gürrüň berýär.


Huan Pedronyň kömegi bilen öz ýerini dikeldip başlaýar. Ol topragyň hasyllygyny dikeltmek üçin sideral (ösümlik) dökünleri hökmünde kösükli ekinleri ekmekden başlaýar. Şeýle hem ol dürli agaçlary ekip, ekin meýdanyň daşyna haýat aýlaýar. Soňra beýleki goňşularam şu usullardan peýdalanyp başlaýarlar. Huan we ýerli daýhanlar ekerançylygyň şeýle durnukly usullarynyň olaryň maşgalasyna indiki boljak tupanlara döz gelmäge kömek etjekdiklerine ynanýar.


Huan gök öwsüp oturan baglara we ösümliklere seredip, geljek ýyllaryň dowamynda şu toprakdan peýdalanjak çagalary barada pikir edýär.