Hesperian Health Guides

Oba hojalygyny saglyk we durmuş abadançylygy üçin ýöretmek

Bu bapda:

Oba hojalygyny ekologik taýdan oýlanşykly ýöretmegiň usullary diňe bir azyk önümleri bilen üpjün etmän, eýsem topragy mes edýär, gymmatly tohumlary gorap saklaýar, ýeriň gelejekki nesiller üçin hem ýaramly bolmagyny we biodürliligini üpjün edýär. Azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde durnukly usullaryň ulanylmagy daýhanlara we bagbanlara az ýerde himiki pestisidleriň az mukdaryny ulanyp ýa-da olary ulanmazdan köp hasyl ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Bu usul satmak we ulanmak üçin azyk önümleriniň iň gowy hilini kepillendirip, olaryň sanyny artdyrýar. Ol iýmitiň öndürilişini, çykdajylaryň az bolmagyny, howanyň, suwuň, ýeriň we biziň bedenimiziň hapalanmazlygyny üpjün edýär. Oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagy adamlaryň saglygyny gowulandyrýar, sebäbi ol:

  • suwy aýap saklaýar we gurakçylyk howpuny azaldýar; himikatlara bolan garaşlylygy azaldýar, pullary tygşytlaýar we öz güýjüňe ynamy döredýär;
  • oba hojalygynyň himikatsyz alnyp barylmagy daýhanlarda, işgärlerde we ösdürilip ýetişdirilen iýmitden we suwdan peýdalanýanlaryň ählisinde ýüze çykjak saglyk kynçylyklarynyň öňüni alýar;
  • sideral dökünler ýaly durnukly usullar ulanylanda, azyk önümlerini öndürmek üçin talap edilýän işleriň möçberi azalýar. Bu esasanam göçüp-gonmagyň, AIW/AIDS-iň we beýleki kynçylyklaryň adamlaryň ýer bilen işleşmegini kynlaşdyrýan wagtynda örän wajypdyr.


Oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagy ýeri has öndürijilikli edýär, sebäbi şähere göçmäge mejbur bolýan adamlaryň sany azalýar. Topragyň gowulanmagy, suwuň we tohumlaryň aýalyp saklanylmagy daýhan birleşiklerini we oba ilatyny goldaýar.

Oba hojalygyny durnukly alyp barmagyň esaslary

Farmers in a maize field pause to talk.
Geçen möwsümde eken ýaşyl dökünlerimiz (sideral dökün) topraga hakykatdan hem kömek etdi.
Mekgejöwen öňküden has uly we iri başly bolup ýetişdi.
Meýdan ýylyň dowamynda ekinli bolany üçin, biz haşal otlary köp otamaly bolmadyk.

Daýhanlar ýerli şertlerde işlemegi öwrenip, öz bilmleri bilen beýleki daýhanlar bilen paýlaşsalar, oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagynyň usullary has-da oňat netijeleri berýändir. Oba hojalygyny durnukly alyp barmak üçin käbir umumy maslahatlar: