Hesperian Health Guides

Toprak pytramasynyň öňüni almak

Bu bapda:

Toprak pytramasy ýel ýa-da topragy köwüp, ony dargadýan suw zerarly döreýär. Topragy, aýratyn-da baýyrlaryň ýapgytlaryndaky topragy pytramadan goramaklyk ýerleriň gurplulyk ukybyny artdyrýar, ýapgytlardaky suw baýlygyny goraýar we toprak süýşmeleriniň öňüni alýar. Daýhanlar toprak pytramasynyň we ýerasty suwlaryň öňüni almagyň 3 usulyna eýerýärler:

  1. Suw toplaýjy çäkleriň ýokarsyndan düýbüne çenli tebigy böwetleri goýup, suwuň akymyny haýallatmak;
  2. Akymy ugrukdyrmak we ony bölmek üçin kanallary döredip, suwy ýaýratmak;
  3. Suwuň ýere siňmegine mümkinçilik berer ýaly, topragy gowulandyryp, suwy aşak tarap ugrukdyrmak.


Käwagt toprak pytramasynyň alamatlaryny bilmek kyn bolýar. Ekin ýerleriň öňki ýaly bol hasyl bermezligi, derýalaryň suwunyň bulanmagy (aýratyn hem çabgalardan soň), ýukalýan toprak ýaly alamatlar toprak pytramasynyň bardygyny aňladyp biler.

Illustration of the below:2 men stand beside 2 gullies through a field: 1 narrow, 1 wide.
Toprak pytramasynyň netijesinde emele gelip başlan jaýryk... ...emma tiz wagtdan ol şeyle görnüşde bolar.

Toprak pytramasynyň öňüni almak üçin, mümkin boldugyndan köp sanly baglary we ösümlikleri goramaly, ýerasty suwlary tebigy suw gollaryna, howdanlara we ýaplara ugrukdyrmaly. Toprak pytramasy güýçli bolan ýerlerde hem onuň ýaýramagyny saklap, topragy dikeldip bolýar. Munuň üçin ýönekeý daş hatarlaryny örmeli ýa-da ýapgytda keseligine daşlardan pes diwar gurmaly. Bu topragyň aşaklygyna köwülmeginiň öňüni alyp, baglar we ösümlikler üçin ýokary hasylly ýerleri döredýär. Oba hojalyk işlerinde durnukly usullaryň ulanylmagy toprak pytramasynyň öňüni alyp, suw baýlygyny tygşytlamaga ýardam berýär. Bu usullura sideral ösümlikleri ekmeklik (boş ekin meýdanlaryna wagtlaýyn ösümlikleri ekmek), gezekleşdirip ekmeklik, mulçirlemek (toprak doňmaz ýa-da onuň düzümindäki suw bugarmaz ýaly, ony çüýrän otlar, saman bilen basyrmak), ekinler bilen birlikde baglary hem ekmeklik ýaly usullar degişlidir (15-nji baba ser.)

Döwlete Garaşsyz Guramanyň (DGG) işgärleri toprak pytramasynyň öňüni almagyň usulyny daýhanlardan öwrenýärler
A woman talks with a farmer in a stony field.

DGG-niň işgärleri Hindistanyň Karnataka ştatynyň Gulbarga welaýatynyň meýdanlarynda toprak pytramasynyň öňüni almak üçin ýerli daýhanlar bilen işlediler. Ýerli daýhanlar topragyň köp bölegini ýygnaýan beyik daş haýatlaryny gurýardylar. Emma şol haýatlarda suwy geçirýän yşlar bardy.


DGG-niň işgärleri gurlan daş haýatlarynyň topragyň belli bir bölegini aşagrakda ýerleşýän meýdanlara geçirýändigini gördüler. Meýdanyň aşaky çäklerinde beýik daş haýatlary gurlanda käbir daşlary gopup gaçýardy. Şonuň üçin-de, gaçan daşlary ýygnap, emele gelen yşlary ýapmaly bolýardy. DGG-niň işgärleri täze berk daş haýatlary gurmagy teklip etdiler. Şeýle haýatlar topragyň ýitirilmeginiň we haýadyň gaýta-gaýta dikeldilmeginiň öňüni almalydy.


Daýhanlar birnäçe daşlaryň çalşyrylmagyna garşy bolmajakdyklaryny aýtdylar. DGGniň işgärleri daýhanlaryň näme üçin beýle diýýändiklerine hiç düşünip bilmediler. Sebäbi daýhanlaryň gurýan daş haýatlary has köp işi talap edýärdi, olar toprak pytramasynyň öňüni alman, topragy aşak geçirýärdiler. Şonda DGG-niň işgärleri synag geçirmegi hödürlediler. Olar käbir meýdanlarda berk pes daş haýatlaryny gurdular. Beýlekilerde bolsa daýhanlar adaty haýatlary gurdular.


Möwsümiň ahyrynda daýhanlar bilen DGG-niň işgärleri duşuşyp, netijeleri deňeşdirdiler. Täze berk haýatlardan aşakdaky meýdanlaryň daýhanlaryň köpüsi nägilediler. Mallar pes haýatlardan aşyp, olaryň meýdanlaryna geçýärdi, ýagyş möwsümlerinden soň bolsa daýhanlaryň täze topragy we şaly meýdanlary üçin suwy öňküsinden azdy.


Bu ýagdaý aşaky we ýokarky meýdanlaryň eýeleriniň arasynda dawa-jenjeliň döremegine sebäp boldy. Synag daýhanlaryň öňki haýatlarynyň gowulandyrylan haýatlardan peýdalydygyny görkezdi. Daýhanlar berk daş haýatlaryň köp kynçylyklary döredýändigini DGG-niň işgärlerine düşündirdiler. Şu waka arkaly DGG-niň işgärleri daýhanlaryň adaty haýatlarynyň diňe bir toprak pytramasynyň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem mallaryň ekin meýdanlaryna aralaşmagynyň hem öňüni alýandyklaryna göz ýetirdiler. Haýatlardan biraz topragyň we suwuň geçmegi oňat goňşuçylykly gatnaşyklaryna zyýan ýetirmedi. Bu bolsa daýhanlar üçin sähelçe goşmaça işden has wajypdy!