Hesperian Health Guides

Zaýalanan ýerleri dikeltmek

Bu bapda:

Käte toprak şeýle bir zaýa bolýar welin, ony hatda sagaldyp-da bolmajak ýaly görünýär. Sagdyn ýeriň çöle öwrülen ýa-da toprakdaky zäherli himikatlar ösümlikleriň ösmegine mümkinçilik bermeýän ýeriň dikeldilmegine ýüzlerçe ýyl gerek bolar. Emma biz işe yhlasly ýapyşyp, ýeri dikeltmegiň usullaryna düşünsek, onuň dikeldilmegine ýardam ederis.

Ýeri hasylly bolmaga hiç kim mejbur edip bilmez. Hawa, himiki dökünler mejbur edip biler, ýöne bu örän gysga wagtlaýyn bolup, topragy “mejalsyz” edýändigini ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin-de, biz tebigatyň aýlawlaryna üns berip, ýeriň dikeldilmegi we sagdyn hasylyň alynmagy üçin degişli şertleri döretmelidiris.

Tebigy suksessiýa

Suksessiýa – bu ýer ýüzüniň haýsydyr bir çäklerinde wagtyň geçmegi bilen ösümlikleriň, haýwanlaryň bir görnüşiniň başga görnüşleri bilen kem-kemden çalyşmagy. Käte ýeri dikeltmegiň iň gowy usuly – ony öz erkine goýup, kem-kemden dikeldilmegine ýardam bermekden ybarat. Munuň üçin şol ýeriň daşyna haýat aýlap, adamlardan daşrakda gezmeklerini haýyş edýän ýazgylary asmaly. Mundan başga-da, şol ýerde bakylýan mallaryň sanynyň azaldylmagy ýeriň dikeldilmegine oňat kömek edip biler. Ýer ulanylmakdan goralyp, şertler ýaşaýşyň dikeldilmegine laýyk bolsa, ösümlikler tebigy suksessiýa diýip atlandyrylýan tebigy usulda şol ýerde gaýtadan ösüp başlaýarlar. Bu hadysa birnäçe ýyllara, hatda birnäçe nesillere uzap bilýär.

A tall tree.

Emma şu aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykanda, tebigy suksessiýa ýeri dikeldip bilmeýär:

Ýerli we ýerli däl ösümlikler

Ýerli ösümlikler (şol çäklerde ösýän ösümlikler) ýerli şertlerde aňsat ösüp ýetişýärler. Olar ýerli mör-möjekleri, guşlary we haýwanlary özüne çekip, olara mesgen bolýarlar. Mundan başga-da, olar biodürlüligi saklaýar.

Käte ýerli däl ösümlikler we baglar tiz ösýändikleri, oňat agaç materiallary berýändikleri we topragy gowulandyrmaga kömek edýändikleri üçin köp ýerlerde ekilýärler. Mysal üçin, ewkalipt, sosna, tik, meliýa we Leusena ýaly käbir baglar dünýäniň ähli künjeklerinde ekilýändir.

Emma siziň ýaşaýan ýeriňize mahsus bolmadyk ösümlikler ekilse, olar käbir kynçylyklaryň döremegine sebäp bolup biler. Sebäbi ýerli däl ösümlikleriň ýerasty suwlary köp mukdarda talap etmegi mümkin. Şeýle-de olar ýerli ösümlikler bilen “bäsleşip”, toprakdaky ýokumly maddalar we suw üçin “göreşmekleri”, ýerli haýwanlary we ösümlikleri şol çäklerden gysyp çykarmagy ahmal. Haýsydyr bir çäklerde ýerli däl ösümlikler agdyklyk etseler, şol çäkdäki ýeri tebigy suksessiýa arkaly dikeltmek örän kyn bolýar.

Tebigy suksessiýa

Illustration of the below: Rain and sun on cracked, barren ground.
Illustration of the below: Rain and sun on ground with a few small plants.
1.   Ösümligi ýok we ýaramaz toprakly zaýalanan ýer. 2.   Uly bolmadyk çydamly ösümlikler (ilkinji) topragyň ýygnanyp biljek ýerlerinde ösýärler. Ilkinji ösümlikler suwy saklaýarlar, mörmöjekleri we guşlary özlerine çekýärler.
Illustration of the below: Rain and sun on small plants, birds and insects.
Illustration of the below: Plant roots growing down into soil.
Illustration of the below: Plants and a tree with deep roots.
3.     Ilkinji ösümlikler ýokumly maddalary we tohumlary getirip, suwy toprakda saklaýarlar. Guşlar ondan hem köp tohum getirýärler 4.   Has uly ösümlikler we nahallar ösüp başlaýar. Ösümlikleriň kökleri gatan topragy ýumşadýarlar. Toprak toplanyp, has köp suwy saklamaga ukyply bolýar. 5.   Uly ösümlikler, gyrymsy baglar täzeden ösüp başlaýarlar. Netijede, ýer dikeldilýär.
Tohum ýumajyklaryny taýýarlamak

ohum ýumajyklary toprak pytramasy zerarly zaýalanan ýerde ösümlik dünýäsini dikeltmegiň ýönekeý usulydyr. Her ýyl ýabany tohumlary ýygnaň. Çagalara tohumlary ýygnamak gowy başardýar. Bu olar üçin şadyýan we öwrediji sapak bolýar. Ýerli ösümlikleriň dürli görnüşleriniň tohumlarynyň mümkin boldugyndan köpüsini ýygnaň. Şol tohumlardan we ujypsyz toprakdan ýumajyklar taýýarlaň. Garyň:

EHB Ch11 Page 204-1.png
EHB Ch11 Page 204-2.png
EHB Ch11 Page 204-3.png
EHB Ch11 Page 204-4.png
1 bölek Garyşdyrylan tohum 2 bölek Ekmek üçin toprak ýa-da elenen kompost 3 bölek Elenip, daşlary aýrylan toýunsow toprak Biraz suw

Tohumlary kompost ýa-da toprak bilen garyň-da, soňra toýunsow topragy goşuň. Garyndyny çyglandyrar ýaly mukdarda suw goşuň. Suwy aşa köp goşsaňyz, tohumlar örän tiz wagtdan baldak çykararlar. Garyndydan kiçiräk ýumajyklary ýasaň. Yumajyklar gurar ýaly, olary günüň aşagynda birnäçe gün saklaň.

EHB Ch11 Page 204-5.png

Ýagyş möwsüminde ýa-da onuň öň ýany ösümlik dünýäsini dikeltmek isleýän meýdanyňyza baryp, ýumajyklary oklaşdyryň. Ýumajyklary oklaşdyranyňyzda, muny keşleriň şekilinde ediň. Bu ýerasty suwlaryň akymyny ugrukdyryp, tohumlaryň baldaklamagyna ýardam berer. Tohumlar ýagyşdan soň baldaklap başlaýarlar.


Kompost ýokumly iýmit maddalary bilen üpjün edýär, toýunsow toprak bolsa tohumlaryň guramagyna, syçanlaryň we guşlaryň olary iýmegine ýa-da ýele sowrulyp gitmegine ýol bermeýär. Bir ýyldan täze ösümlikler öz tohumlaryny berer, olardan täze ösümlikler ýetişer. Toprak ösümlikleriň töweregine ýygnanýar. Bu bolsa toprak pytramasynyň öňüni alar. Tiz wagtdan ösümlikleriň täze görnüşleri dörär. Olar biynjalyk edilmese, birnäçe ýyldan ähli ýerler dikeldiler.

Baglaryň kök urmagyna hemaýat etmek
A woman sitting beneath a dead tree.

Somalide we Gündogar Afrikada gurak we yssy çöl klimaty sebäpli baglar örän azdyr. Agaç kömrüni taýýarlamak üçin baglaryň çapylyp aýrylmagy olaryň sanyny has hem azaltdy. Agaç kömrüniň belli bir böleginden somalililer peýdalanýardy, ýöne onuň aglaba bölegi beýleki ýurtlara satylýardy. Fatima Jibrell atly aýal şeýle ýagdaýyň döretjek kynçylyklaryna düşünende, kömrüň başga ýurtlara satylmagynyň öňüni almak üçin degişli çäreleri geçirip başlady. Ol: “Biziň özümize ýetmän durka, serişdelerimizi başga ýurtlara satyp bilmeris” diýip, obadaşlaryna ýüzlendi.


Fatimanyň geçiren çäresi şowly boldy. Emma bu çäräniň geçirilip başlanan döwründe baglaryň sany eýýäm örän azdy. Şonuň üçin-de, Fatima Somalide täze baglary ekmeklik işini öňe sürüp başlady. Ol baglaryň öňki sanyny dikeldilmeginiň Somali halkynyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrjakdygyna ynandy.


Somaliniň topragy örän gyzgyn we gurak bolup, baglary ekmegi kynlaşdyrýar. Somali halkynyň baglary ekip, olara gözegçilik etjekdiklerine umyt baglap-da bolmaýardy. Sebäbi ol pasyllara baglylykda bir ýerden başga bir ýere göçýärler. Şonuň üçin Fatima halk ýurduň çäklerinde bir ýerden başga ýerlere göçenlerinde, pes daş haýatlary gurmagy öwredip başlady. Ýeriň örän tekizdigine garamazdan, Fatima suwuň iň pes ýerlere-de ýetip, topragy “janlandyrjakdygyna” ynanýardy. Gysga ýagyş möwsümlerinde bu pes daş haýatlary topraga gerekli ýokumly maddalary ýygnamaga kömek etdiler. Ösümlikler we baglar özbaşdak ösüp başladylar. Indi Somalide ösýän baglaryň sany öňküden-de köp.

A tree beside a low rock fence.