Hesperian Health Guides
Sudury böwetler
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Sudury böwetler
Baýryň ýapgydyna galyp, onuň bir çetinden beýleki çetine şol bir derejesinde ýöräp bilseňiz, siz ýapgydyň sudury çyzygyna eýerersiňiz. Sudury böwetler diýlip diwarlaryň, haýatlaryň, otlaryň we gyrymsy agaçlaryň aýlaw şekilinde oturdylan “böwetlere” aýdylýar. Olar ýagşyň we ýeliň topragy köwmeginiň öňüni almaga kömek edýärler. Mundan başga-da, olar suwuň ýapgytdan aşak akmagyny haýalladyp, onuň topragyň üstüne ýaýramagyna we siňmegine kömek edýär. Keşler dikligine däl-de, keseleýin çekilse, bu ýeriň ýokarky gatlagynyň hereketiniň haýýalladylmagyna, suwuň bolsa ösümlikleriňize ugrukdyrylmagyna ýardam berýär. A-görnüşli çarçuwa (rama) sudury böwetleri çekip, ýeriňiziň sudurlaryny bellemäge kömek eder.
Mazmuny
A-görnüşli çarçuwany ýasamak
A-görnüşli çarçuwa size sudurlary çekmäge kömek edip biljek guraldyr. Aşakdaky enjamlary ulanyň:
- Aýajyklary ýasamak üçin uzynlygy 2 metr we ini 2 santimetr bolan 2 berk taýak we kese söýe üçin uzynlygy 1 metr bolan taýak.
- Iki taýagyň galyňlygyndan geçip, biraz daşda galar ýaly, 3 uzyn çüý.
- Agzy towlanyp ýapylýan ýa-da dykyly çüýşe, agramlyk üçin daş (takmynan 0,5kg).
- Bir tarapy düwlen 2 metr uzynlykdaky ýüp.
- Galam ýa-da ruçka, çekiç ýa-da daş, ýiti pyçak ýa-da byçgy we ölçeg lentasy.
- 2 aýajygy bile üçburçlyk görnüşde daňyň. Olary çüý bilen berkitseňiz, çüýüň papajygyny biraz daşyna çykyp durar ýaly ediň (siz soňra ondan peýdalanarsyňyz)
- Kese germewi aýaklara berkidiň.
- Agramy (çüýşäni ýa-da daşy) ýüpüň ujuna berkidiň. Sapagyň beýleki ujuny çüýüň papajygyna daňyň. Ýüpüň agramly ujy kese söýeden 2 santimetr aşakda bolar ýaly edip daňyň. Çüýşäni suwdan, çägeden ýa-da toprakdan dolduryp, agzyny gapak ýa-da dyky bilen ýapyň. Ujuna agram daňlan ýüpe “şugul” diýilýär.
A-görnüşli çarçuwanyň merkezini bellemek
- A-görnüşli çarçuwany tekiz ýerde goýuň. Çarçuwanyň her aýagynyň duran ýerini belläň. Şugulyň arkaýyn hereket edýändigine göz ýetiriň. Soňra ony gymyldatman saklaň. Şugul gymyldamasyny bes edende, sapagyň kese söýä degýän ýerinde bellik ediň.
- A-görnüşli çarçuwanyň birinji aýagynyň ikinji aýagynyň, ikinji aýagynyň bolsa birinji aýagyň ýerinde bolar ýaly öwrüň. Sapagyň kese söýe bilen kesişýän ýerini belläň. Indi kese söýede siziň 2 sany belligiňiz bolar.
- Iki belligiň arasyna sapak gerip, ony ölçäň. Soňra şol sapagy iki deň epläň-de eplenen ýerinde (kese söýede) üçünji belligi ediň.
- A-görnüşli çarçuwany tekiz ýerde goýuň. Şugul kese söýäniň merkezindäki belligiň edil üstünde bolmalydyr. Şugul kese söýäniň merkezindäki belligiň ýokarsynda bolan wagtynda, A-görnüşli çarçuwanyň 2 aýagyny hem bir derejede (bir beýiklikde) bolmaly. A-görnüşli çarçuwany öwrüň we onuň her aýagyny beýlekiň duran ýerine goýuň. Ölçeg henizem merkezdäki belginiň ýokarsynda durmaly. Sapak merkezdäki belginiň ýokarsynda bolmasa, ol şol ýerde bolýança, işi gaýtalaň.
Sudury böwetleri çekjek zolagyňyzyň ýerini saýlaň
A-görnüşli çarçuwaňyz taýýar bolanda, böwetleri ýapgytdan aşak bir-birine takmynan nähili ýakynlykda goýjakdygyňyzy çözüň. Baýryň ýokarsyndan syrygýan suwlary saklar ýaly, birinji sudury böwediňiz meýdanyňyzyň ýokarky çäginde çekilmeli. Beýleki böwetleri nähili goýjakdygyňyz ýapgyda bagly bolar. Eňaşak ýapgytlarda böwetleriň arasy 10 metr bolmaly. Ortaça ýapgytlarda olaryň arasy 15 metr bolmaly. Eňňitlerde böwetleriň arasy 20 metr bolup biler. Örän eňaşak ýapgytda işlemäge mejbur bolsaňyz, agaçlar üçin aýratyn sekileri, ekinler üçin kiçiräk çukurjyklary ýa-da uly bolmadyk sekileri döretmeklik ýaplary gazmakdan ýa-da sürmekden has gowy bolar.
Topragyň hilini hem ünsden düşürmeli däldir. Toýunsow ýaly toprak suwy aňsatlyk bilen siňdirmeýär. Şoňa görä-de, böwetler bir-birine ýakyn bolmalydyr. Toprak çägesöw ýa-da düzüminde organiki maddalar köp bolsa, ol suwy aňsat siňdirýär. Şoňa görä-de, böwetleri bir-birinden uzagrakda edip bolar. Böwetleriň arasynyň nähili bolmalydygyny çözeniňizden soň, olary bellemek üçin ýere taýak dürtüp goýuň.
Sudury çyzyklary nädip bellemeli
Sudury böwetleri çekmek üçin, ilki bilen sudury çyzyklary geçirjek ýerleriňizi tapmaly.
- Ýapgydyň depesinde, ýagny birinji böwedi goýmak isleýän ýeriňizde ýapgydyň aşaklygyna-da ýokarlygyna-da däl-de, keseligine A-görnüşli çarçuwany goýuň. Sudury çyzygyň başlanmagyny isleýän ýeriňizde A-görnüşli çarçuwanyň bir aýajygyny goýuň. A-görnüşli çarçuwanyň beýleki aýajygyny şugul kese agajyň merkezindäki bellige ýetýänçä, süýşüriň. Şugul merkezi belligiň üstünde duran wagty, A-görnüşli çarçuwanyň aýajygynyň duran ýerine sudur diýilýär.
- A-görnüşli çarçuwanyň ikinji aýajygynyň duran ýerinde ýere gazyk kakyň.
- Ýapgytda indiki tekiz ýeri tapar ýaly A-görnüşli çarçuwany öwrüň-de, birinji ädimi gaýtalaň. Her 2 metrden ýere gazyk kakyp, bellik ediň. Muny meýdanyň ýa-da ýapgydyň ahyryna çenli dowam ediň.
- Böwet goýjak indiki ýeriňize geçiň (ýapgytdan 10 metrden 20 metre çenli) we işi gaýtalaň.
- Her sudury çyzygy belläniňizden soň, her çyzygyň ahyrynda durup, gazyjyklar hataryna serediň. Sudury çyzyk dogry aýlaw görnüşinde bolmaly. Eger gazyjyklary biri bu aýlawly hatardan çykýan bolsa, ony aýlawda bolar ýaly dogrulaň.
Gazyjaklar bilen bellenen sudury çyzyklar. |
Sudury böwetleri gurmak boýunça görkezmeler
Sudury çyzyklar ölçelip, görkezilenden soň, ýeriňiz üçin haýsy böwetleriň has oňat boljakdygyny çözeniňizden soň, şu görkezmeleri hem göz öňünde tutuň:
- Baglary we ösümlikleri ekiň. Olary goraň. Ýapgyt örän eňaşak bolsa, ol ýerde öň ösüp oturan ýa-da siziň eken baglaryňyz baýryň opurylyp gaýtmagynyň öňüni alarlar. Berk kökli otlar we ösümlikler topragydyr suwy saklamaga kömek edýärler.
- Suwy haýalladyň, ýöne onuň togtamagyna ýol bermäň. Suwuň ýapgytdan aşak syrygyp durmagy ýa-da topraga siňmegi örän wajypdyr. Ýaramaz bellenilen böwetler ýata suwlaryň döremegine sebäp bolar. Ýata suwlarda bolsa çybyn-çirkeýler köpelip, gyzzyrmanyň we beýleki keselleriň ýaýramagyna sebäp bolýandygyny unutmaň.
- Mesele ýüze çykanda, ony şobada çözüň. Güýçli apy-tupan suduryň ýa-da diwaryň köwülmegine eltip biler. Toprak pytramasynyň öňüni almak üçin, köwlen ýerleri tizara bejeriň.
- Ýokardan başlaň. Suw ýapgytdan aşaklygyna akýar. Ýokardan başlasaňyz, siz aşakdaky ähli zady goraýarsyňyz we birgiden uly bolmadyk böwetleri ulanyp bilersiňiz.
Sudury böwetleriň dürli görnüşleri
Topragyz üçin-de, siziň üçin-de amatly bolup, gurulmasy iň aňsat boljak sudury böwetlerden peýdalanyň.
Sudury çyzyklaryň gyralarynda ösýän agaçlardan, gyrymsy agaçlardan ýa-da beýleki ösümliklerden gurlan “janly” böwetler suwy we topragy saklaýar. | Gyrymsy ösümlikden, daşdan ýada samandan edilen böwetler. Olar gorplaryň ýa-da topragy syrylan ýerlerde keseleýin edilýär. Olar suwuň akymyny haýalladyp, onuň aşak syrykmagyna mümkinçilik berýär. |
Daşdan, toprakdan saman briketlerinden ýada beýleki materiallardan salnan, galyňlygy 30 santimetre we boýy azyndan 25 santimetre ýetýän diwarlar suwy haýalladyp, onuň ýere siňmegine kömek edýärler. | Keşler suwuň akymyny belli bir ýere ugrukdyrýarlar. Suwuň topraga siňmegine kömek etmek üçin, keşiň içinde her 8-10 metrden uly bolmadyk böwet goýuň. |
Gabionlar – topragy saklamak, ýaplaryň gapdallaryny berkitmek üçin demir tordan ýasalan gapyrjak. | Oýjagazlar – depäniň ýokarky tarapyndaky keşli uly bolmadyk böwetlerdir. Keş çekmek üçin gazylan toprak aşaklygyna gaýdyp, oý edilýär. Gyralary opurylmaz ýaly, onuň inini çuňlugyndan 3 esse uly ediň. Oýjagazlaryň içinde bag we gyrymsy baglary ekiň. Olar suwy topraga siňdirip, topragy süýşmekden gorarlar. |