Hesperian Health Guides
Şäherde oba hojalygynyň durnukly usullaryny ulanmak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 15: Oba hojalygyny durnukly usullar arkaly alyp barmak > Şäherde oba hojalygynyň durnukly usullaryny ulanmak
Mazmuny
Oba hojalygyny alyp barmagyň usullaryny has kiçi meýdanlara uýgunlaşdyrmak
- Ösümlikleri sütünlerde, diwarlarda ýa-da beýleki söýgetlerde ýokarlygyna ösdürip ýetişdiriň. Jaýyň diwarlary çyrmaşýan ösümlikler üçin gowy ýer bolup biler.
- Azyk ekinlerini üçekde, balkonda, bedrelerde, haltalarda, tekerlerde, tüneke bankalarda we köne sebetlerde ösdürip ýetişdiriň. Umuman, suwy akar ýaly, aşagy deşikli islendik bir gaby ulanyp bilersiňiz. Ysmanak ýa-da latuk salaty ýaly (çylşyrymly güllüler maşgalasyndan bolan) ýaprak ösümlikleri we pomidor, burç we badam ýaly bakja ösümlikleri gaplarda gowy ösýärler. Bananlar, maýda (karlik) hurma palmalary, ananas, maýda sitrus we mango baglary hem gaplarda gowy ösýärler.
- Çuňlugy azyndan 20sm bolan joýalar mekgejöweniň däneleri, şaly ýa-da kokos gabygy, ýapraklar, hatda ownudylan gazet kagyzy ýaly organiki maddalar bilen doldurylyp bilner. Nahallary organiki maddaly çukurjyklara biraz toprak garyp ekiň, olaryň kökleri köpeler. Wagtyň geçmegi bilen organiki madda topraga öwrüler.
Üçekdäki bag |
- Iki gat agdarma usulynda (indiki sahypa serediň) ýa-da beton örtüginiň üstüne 1m çuňlukda toprak düşäp ýada içine toprak salnan ýapyk gaplarda goýup, sähelçe galdyrylan joýalary çekiň.
- Tohumlary we şitilleri birbirine adatdakysyndan golaý ekiň. Şeýle usulda ekilen ösümlikler wagtyň geçmegi bilen bir-birine golaýlygyna öwrenişýärler.
- Uly bolmadyk ýer böleginde birden köp ekinleri ekiň.
- Täze ekini öňki hasyly ýygnanyňyzdan soň, dessine ekiň.
Joýany iki gat agdarma usulynda taýýarlamak
Iki gat agdarma usuly uly bolmadyk ýerde mümkin boldugyndan köp ösümlik ösdürip ýetişdirilmegiň, gaty we az organiki maddaly toprakda ösümlikleri ekmegiň gowy usulydyr.
- Joýanyň gyralary ol ýerde iki adam dyzynda durup bir-birine ellerini uzadyp biljek inlilikde bolmaly. Onuň uzynlygy siziň islegiňize görä bolup biler.
- Topragyň ýokarky gatlagyny ýumşadyp, taýýar komposty ýa-da dersi tutuş joýanyň içine ýaýradyň.
- Bir ujundan başlap, joýanyň keseligine çuňlugy we giňligi 30sm bolan çukur gazyň.
- Çukuryň düýbüni ýumşadyp, oňa biraz kompost we ders sepmek üçin, çarşak we pil ulanyň.
- Joýanyň keseligine ikinji çukury gazyň. Ikinji çukurdaky topragy birinji çukura geçiriň. Düýbündäki topragy ýumşadyp, komposty we dersi ýaýradyň.
- Tutuş joýany tä depip-agdaryp bolýançaňyz dowam ediň. Ýumşadylan toprak töwerekdäki toprakdan ýokaryk galar. Joýanyň gyralaryndan suw we toprak akyp gaýtmaz ýaly, ony eňňitsiz we tekiz çekiň. Joýanyň içine elenen taýýar komposty sepiň. Indi ol ekişe taýýar.
Joýalary taýýarlanyňyzdan soň, olaryň üstünden ýöremäň, sebäbi ýer gatar. Her ýyl ekişden öň, siz joýany täzeden agdaryp, ony dökünläp dursaňyz, siziň topragyňyz uzak ýyllaryň dowamynda sagdyn we ýumşak bolar.
Zäherlenen toprak
Şäherdäki toprak boýag gurşuny, benzin we köne batareýler ýaly himikatlar bilen zäherlenip biler. Olar saglyga uly zyýan ýetirip bilerler (16-njy baba ser.). Topragyň zäherlenendigini ýa-da zäherlenmändigini bilmek üçin:
- bu ýeriň öň nähili maksat bilen ulanylandygyny biliň. Bu ýerde öň fabrika, benzin guýulýan ýer, ulag goýulýan ýer ýa-da galyndylar üçin çukurlar bolan bolsa, onda ýer zäherlenendir.
- topragy ysgap görüň. Toprakda himikatlaryň ysy bar bolsa, ýer zäherlenendir.
- reňklenen diwarlaryň aşagyndaky toprak gurşun bilen zäherlenendir.
Topragy uniwersitetde ýa-da hususy barlaghanada barlamak bolar. Gurşuny barlatmak gymmat däl, emma beýleki zyýanly maddalaryň barlaglary çylşyrymly bolup, gymmat düşýär.
Zäherlenen toprakda howpsuz ekiş
Siz zäherlenen ýerde iýmit önümlerini howpsuz ösdürip ýetişdirip bilersiňiz. Örän dykyz bolan palçygyň ýa-da betonyň ýuka gaty bilen ýeriň ýüzüni örtmek ýeke-täk usuldyr. Ol zyýan ýetirýän maddalaryň öňüne böwet bolýar. Zäherlenen toprakda miweli ekinleri (pomidor ýalylary) ösdürip ýetişdirmek has howpsuz bolýar, sebäbi olar ýapragy iýilýän ösümliklerine (ysmanak ýalylara) we köki miwelilere (käşir we ýer almasy ýalylara) garanyňda zäheriň az mukdaryny özlerine siňdirýärler.
Şäher ýerinde oba hojalygyny alyp barma gülläp ösýär
Kuba – ozal şeker çiňriginiň we temmäkiniň ägirt mukdaryny eksport üçin ösdürip ýetişdirýän adady. Onuň nebit ýangyjyna we benziniň esasyndaky oba hojalyk himikatlaryna daýanýan oba hojalygynyň senagat ulgamy bardy. Sowet Soýuzy dargansoň, Kuba benzin bilen üpjün edijisiniň we şeker çiňrigini, temmäki alyjysynyň iň irileriň biri bolan döwleti ýitirdi. Syýasy agzalalyklaryň netijesinde, ýurtlaryň köpüsi Kuba himikat satmaga we onuň önümlerini satyn almaga razy bolmaýardy.
Kuba azyklyk önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň täze usullaryny gözlemäge mejbur boldy. Kuba oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagyny öz täze milli ugruna öwürdi. Ol ýeri mugt hususy eýeçilige berip, ýerli bazarlary döretmek we gurmak arkaly durnukly usullary öňe sürdi. Täze usullar işlenip düzülende we döredilende, hemmeleriň sagdyn iýmiti ýeterlik boldy.
Köp ýurtlarda bolşy ýaly, kubalylaryň köpüsi obalardan şäherlere göçüp barypdylar. Hökümet indi adamlaryň durnukly usullar bilen şäherlerde iýmit önümlerini ösdürip ýetişdirmeklerini goldaýar. Şäher ýerinde oba hojalygynyň alnyp barylmagy sagdyn iýmitlenmäni öňe sürýär, iş ýerleri bilen we bilimi üpjün edýär. Kubanyň paýtagty Gawanada ulanylýan ter önümleriň (bakja önümleri, guş, güller we derman ösümlikler) köp bölegi şäherde ýa-da onuň golaýynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gawanada ösdürilip ýetişdirilýän derman ösümlikleri „ýaşyl dermanhanalar“ diýlip atlandyrylýan dükanlarda arzan bahalardan satylýar. Oba hojalygynyň durnukly alnyp barylmagyna maliýe çökgünlik sebäp bolsa-da, ol kubalylaryň durmuşyna iň gowy tarapa özgertdi.