Hesperian Health Guides

Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany


Bu bapda:

A small group of people gather in front of their homes as factory chimneys behind them spew smoke.

Senagatyň we industrial oba hojalygynyň güýçli depginler bilen ösmegi zäherli himikatlaryň biziň gündelik durmuşymyzyň bir bölegine öwrülmegine sebäp boldy. Şol himikatlaryň köpüsi olaryň adama we daşky gurşawa ýetirýän täsirine doly düşünilmän, ulanylyşa girizildi.

Biz bu himikatlar barada bilýän bolmagymyz-da ahmal, sebäbi biz olar bilen işleýäris ýa-da töweregimizi hapalanda, olary görýäris, ysyny alýarys. Nebiti arassalaýan zawodlar, ulag serişdeleri tüsse we bug bölüp çykarýarlar. Bu adamlarda demgysmany we üsgülewügi döredýär. Industrial ýerleriň, uly daýhan hojalyklarynyň ýanyndan akyp geçýän suw akarlary betnyşan we ýakymsyz ysly galyndylardan doly bolýar. Nebit önümçiligi, himiki galyndylar we hapa dökülýän ýerler suwy, topragy we howany hapalaýarlar. Daşky gurşawyň şeýle hapalanmagyny adaty göz bilen görüp bolýar.

Emma käwagt daşky gurşawyň hapalanmagy göze görünmeýär. Käbir himikatlar öz ulanylýan ýerlerinden daş ýerlere düşýär. Olar howa, suw, iýýän önümlerimiz, adamlaryň, haýwanlaryň we balyklaryň bedenleri arkaly geçýärler. Gündelik durmuşymyzyň bir bölegi bolan plastmassadan ýasalan çüýşeler ýa-da awtoulaglar ýaly adaty zatlarda köp sanly himikatlar ulanylýar. Emma biz olaryň howpludygy barada pikir-de etmeýäris.

Söýgi kanalynyň himikatlardan hapalanmagy

Söýgi kanaly ABŞ-da (Nýu-Ýork) Niagar şaglawugynyň ýanynda ýerleşýär. Ony birwagtlar Wilýam Law iki derýany birleşdirmek üçin gazyp başlapdy. Şonuň üçin-de, kanal onuň hatyrasyna Söýgi kanaly diýip atlandyrylypdy. Kanalyň gurluşygy tamamlanmandy. Himiki serişdeleri öndürýän kompaniýa gazylyp gutarylmadyk kanaly gerekmejek çukur hökmünde ulanyp, oňa zäherli himikatlaryň 21 000 tonnasyny guýýar. Kanal dolan badyna, kompaniýa onuň üstüni toprak bilen gömüp, ýüze çykjak saglyk meseleleriniň hiç haýsyna özüniň jogapkärçilik çekmezlik şerti bilen şähere 1 dollara satýar.


Satyn alnan ýerde (himakatlaryň gömlen ýerinde!) jaýlar we mekdep guruldy. Tiz wagtdan söýgi kanalynyň töwereginde ýaşaýan adamlaryň saglygy bilen bagly kynçylyklar ýüze çykyp başlady. Şol ýeriň ýaşaýjylarynyň biri Lois Gibs bir zatlary aňýardy. Ol: “Biz örän kän çaganyň düşýändigini, dogabitdi şikesleriň, nerw ulgamy bilen bagly meseleleriň, demgysmanyň we dem alyş agzalaryň beýleki meseleleriň köp duş gelýändigini görýärdik” – diýýär.


Bu kynçylyklaryň sebäpleriniň hökümet tarapyndan derňelmegini talap etmek üçin, hanym Gibs ýörite birleşigi döredýär. Barlaglardan soň, jaýlaryň töweregindäki ýerlerden syzýan zäherli himikatlar tapyldy. Adamlary başga ýere göçürmek üçin, ýerli ilat hökümetden pul talap etdi. Adamlar göçürildi, emma mundan öň olaryň köpüsi agyr saglyk kynçylyklaryny başdan geçirdiler. Hemişelik kesellän adamlar we boşap galan ýerler Söýgi kanalynda howply zäheriň gömlendigini henize çenli ýatladýarlar.


Lois Gibs zäherli himikatlar bilen hapalanmadan gelýän zyýana garşy göreşi beýleki ýerlerde dowam edýär. Onuň birleşegi kompaniýalaryň öz zäherli galyndylaryny arassalamaga kanuny esasda mejbur edilmegini amerikan hökümetinden talap edýär. Hanym Gibs adamlaryň himiki senagatyna garşy durmaga ygtyýarynyň, sagdyn daşky gurşawa hak-hukuklarynyň bardygyna, bu işde ýeňiş gazanyp bolýandygyna düşünmäge kömek edýär.


“Dioksinden ýogalýanlar” atly kitabynda ol şeýle ýazýar:

A woman speaks.
Biz pidalary tankytlap, adamlary süýt, balyk we et iýmezlige, çagalary emdirmezlige çagyryp bileris. Ýa-da biz adamlar ysgyndan düşýärkä himiki birleşmeleriň näme üçin kuwwatlanýandygyny derňäp bileris. Biz hökümetiň näme üçin hapalamak hukugyny biziň saglygymyzdan artyk goraýanlygy barada pikir alyşmaly.