Hesperian Health Guides

Zäherli himikatlaryň ýetirýän zyýany

Bu bapda:

A woman holds a baby next to a man holding the hands of a boy and girl.
Şu maşgalanyň her bir agzasyna şäherlerindäki himiki fabrigiň zäherli himikatlary täsir edýär, käbirine – köp, käbirine bolsa – az derejede.

Zäherli himikatlaryň adama zyýan ýetirip-ýetirmezligi, saglyk babatda nähili kynçylyklary döretjegi birnäçe ýagdaýa baglydyr:

  • himikatyň görnüşine we onuň täsir ediji mukdaryna (dozasyna);
  • täsir etmeginiň dowamlylygyna;
  • adamyň ýaşyna, agramyna, boýuna we jynsyna;
  • zäherli himikatlaryň täsirine düşen adamyň saglyk ýagdaýyna.


Zäherli himikatlaryň howpy aýratyn hem bedeniň boý alýan we çalt ösýän döwründe artýar:

  • çaga enäniň göwresinde emele gelýän wagty;
  • çaganyň kiçi we çalt ösýän wagty;
  • ýetginjekleriň çalt ösýän we kämilleşýän wagty;
  • gartaşan adamlarda ösüşiň we zäheri bedenden çykarmak ukybynyň peselen wagty.


Zäherli himikatlaryň adama edýän täsiri adamlary düwnük (rak) keseline ýa-da dogabitdi şikeslere uçradyp biler. Bu ýagdaýlarda zäherli himikatlaryň täsiri mese-mälimdir. Emma okuwa ýetişmezlik, haýal ösüş, allergiki täsirlilik, çagalaryň baş bermezligi we ýygy-ýygydan keselleme ýaly beýleki täsirleri görmek has çylşyrymly bolýar.

Saglygyň belli bir kynçylygynyň ýüze çykmagyna zäherli himikatlaryň sebäp bolandygyna ýada ol öň bolan kynçylygy beterleşdirendigini bilmek köplenç kyn bolýar. Zäherli himikatlaryň dürli keselleriň köpüsini döredýändigi subut edilendir. Emma muňa garamazdan, biz ömrümiziň dürli wagtynda dürli himikatlaryň täsirine sezewar edilendigimiz üçin, keselimiziň haýsy himikat zerarly dörändigini kesgitli aýtmak kyn. Ýöne bir zat welin mese-mälimdir: adamlaryň zäherli himikatlaryň täsirine sezewar edilýän ýerlerinde keseller has giň ýaýrandyrlar.

Himiki zäheriň hatda ujypsyz mukdary hem zyýan ýetirip bilýär

Lukmanlar we alymlar adatça “zäherlilik mukdara baglydyr” diýen kada eýerýärler. Bu maddanyň köp mukdarynyň has güýçli täsiriniň bardygyny, az mukdarynyň gowşagrak täsiriniň bardygyny aňladýar. Mysal üçin, adam myşýak ýaly zäherli maddanyň köp mukdaryny ulansa, zäherlenip biler. Dermanlaryň köpüsi, mysal üçin – aspirin, az mukdarda içilse, peýdaly bolýar, emma köp mukdarda welin howply bolup bilýär.

Käbir zäherli himikatlaryň sähelçe mukdary hem örän zyýanly bolup bilerler. Polihlorirlenen definiller (PHD) islendik mukdarda ulanylsa-da, howpludyrlar.