Hesperian Health Guides
Köp sanly himiki duýgurlyk
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany > Köp sanly himiki duýgurlyk
Adamlaryň KSHD-niň dürli alamatlaryna arz edýändikleri sebäpli, saglygy goraýyş işgärleriniň köpüsi muňa himikatlar zerarly dörän hakyky keseldir diýip pikir etmeýärler. Olar kesel nerw dartgynlykdan ýüze çykandyr diýip pikir edýärler. Şeýle hem KSHD-ni allergiki täsirlilik bilen garjaşdyrýarlar, emma onuň tapawutlary bardyr:
- alamatlar himikatlaryň adama täsir eden ýagdaýynda ýüze çykýarlar;
- himikatlaryň eden täsiri uzaga (dowamly) çekip, möwsümleýin bolmaýar;
- alamatlar az mukdardaky täsirlerden ýüze çykýar;
- alamatlar olary döreden himikatlar ýok edilende aýrylýar;
- alamatlar gönüden-göni himikatlara degişli bolmadyk dürli maddalaryň bolan ýerinde hem ýüze çykýarlar (boýag we atyr ýa-da plastmassa, çilim tüssesi).
Öňüni almak we bejermek
KSHD-niň öňüni almagyň iň gowy usuly – ony döredýän himikatlaryň täsirinden gaça durmak. KSHD-ni bejermek adamyň özüne bagly, sebäbi her bir adamyň duýgurlygy aýry-aýry bolýar. Şeýle bolsa-da, daşky gurşawdaky zäherleriň ýok edilmegi ähli adamlaryň ýagdaýyny gowulandyryp bilýändir.