Hesperian Health Guides
Öýkeniň saglyk meseleleri
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany > Öýkeniň saglyk meseleleri
Howanyň hapalanmagy saglyk kynçylyklaryny döredýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar bermegine görä, howanyň hapalanmagy zerarly ýylda 3 million adam aradan çykýar.
Howany hapalaýan esasy jisimler – ozon diýip atlandyrylýan zäherli gaz we gaty bölekler. Gaty bölekler bu gurumyň, tüssäniň, metallaryň, himikatlaryň, tozanyň, suwuň we tekerleriň kauçugynyň maýdaja bölekleridir. Maýdaja bölekler örän zyýanlydyr, sebäbi olar öýkene içgin aralaşýarlar. Ol bölekleriň täsir etmekleri demgysmany we bronhiti, sowuklama keselleriniň ýygylygynyň artmagyny, dümewi we beýleki dem alyş ýokançlyklaryny döredip biler. Ozon adamyň howa ýollaryna agram salynmagyna sebäp bolýan güýçli gyjyndyryjydyr. Ol öýkeniň işini kynlaşdyrýar we öýkende öň bar bolan kynçylyklary beterleşdirýär. Şeýle hem ol kellagyrylary, dem almanyň kynlaşmagyny, döşdäki agyryny, ýürekbulanmany, ýadawlygy döredip bilýär we adamy öýken ýokançlyklaryna, şol sanda inçekesele ýa-da öýken sowuklamasyna sezewar edýär.
Tüsseli ýa-da hapa howa şol bada gözleriňi ýaşardýar, bokurdagy guradýar, üsgürdýär, demiňi gysdyrýar. Howanyň ýokary derejede hapalanmagy öýkeni şikeslendirip biler. Howanyň hapalanmagy öň bar bolan ýürek şikeslerini ýa-da öýken kesellerini beterleşdirip, bedene kislorod ýetirmekde ýürege we öýkene agram salynmagyna mejbur edýär, dem almagyň kynlaşmagyny, ýadawlygy we döşdäki agyryny döredýär.
Hapa howanyň uzak wagt täsir etmeginiň netijesinde şularyň ýüze çykmagy ahmal:
- öýkeniň has çalt garramagy;
- demgysma we dowamly bronhit ýaly öýkeniň dowamly keselleriniň ösmegi;
- emfizema we öýken düwnügi;
- adamlaryň ýüregagyrydan ir ýogalmagy.
Howanyň hapalanmagy öň ýürek şikesleri ýa-da öken keselleri bar bolan adamlara, göwreli aýallara, öýkeniniň ösmegi dowam edýän 14 ýaşa çenli çagalar we açyk howada işleýän ýa-da açyk howada köp türgenleşýän adamlar üçin howpludyr.
Mazmuny
Öňüni almak we bejermek
- Çilim (temmäki) çekmegiňizi bes ediň.
- Nahar taýýarlanan mahaly çykýan tüsseden, ulaglar işlände çykýan tüsseden we beýleki himiki buglaryň täsirinden gaça duruň ýa-da olary azaldyň.
- Elleriňizi ýuwuň. Waksina sanjymyny etdirip, öýken ýokançlyklarynyň öňüni alyň.
- Demgysmada dem alşy ýeňilleşdirmek üçin, tiz täsir edýän dermanlary (demgysmanyň bejergisine ser.),üsgülewükde şerbet ulanyň.
Düwnük döremeleri, emfizema we demgysma ýaly howanyň hapalanmagy zerarly döreýän keselleriň käbirini bejerip bolmaýar, ýöne adamlar bu keseller bilen uzak ýaşap bilýärler. Hapa howadan dem almak aradan aýrylsa, öýken keselleriniň köpüsini haýalladyp bolardy.
Dowamly bronhit
Dowamly bronhit – öýkeniň esasy dem alyş ýollarynyň sowuklamasy. Çilim çekme ýa-da temmäkiniň tüssesi, howanyň hapalanmagy, himiki buglar we tozan dowamly bronhitiň esasy sebäbi bolup durýar.
Adamyň dem alyş ýollary gyjyndyrylanda, şepbeşik nem bölünip çykýar-da, olary bitirýär. Netijede dem alyş kynlaşýar. Könelişen bronhitiň alamatlaryna sary-ýaşyl gakylykly üsgülewük, döşüň gysylmasy, demgysma, kellagyrylar, injigiň we topugyň çişmesi degişlidirler.
Demgysma
Demgysma – çagalarda we ulularda giňden ýaýran dowamly kesel. Demiň gysmagy, üsgülewük, howanyň ýetmezçiligi we döşüň gysylmagy onuň alamatlarydyr. Bu kynçylyklar öýkendäki dem alyş ýollary ýapylanda we öýken nemden dolanda ýüze çykýarlar. Senagat hapalanmasy we zäherler demgysmanyň ýygy duş gelýän sebäpleridir, ýöne demgysmanyň tutgaýlary köp zatdan döräp biler.
Demgysma tutgaýynda dik oturyp, elleriňizi dyzlaryňyzyň üstünde goýuň. Arkaňyzy büküň-de, soňra döşüňizi ýazyp, rahatlanmaga çalşyň.
|
Bejergisi
Demgysmanyň tutgaýyny ýeňilleşdirmek üçin dem alyş ýollaryny açýan dermanlary ulanyň. Tiz täsir edýän dermanlar elýeter bolmasa, goýy demlenen kofe ýa-da gara çaý içip görüň. Tiz täsir edýän dermanlar demgysmanyň tutgaýlaryny aýyrýarlar, emma olaryň öňüni almaýarlar. Ony bejermek üçin lukmana ýüz tutuň.
Öňüni almak
Uzak möhletleýin bejergi demgysma tutgaýlarynyň öňüni almaga kömek eder, olary gowşadar we seýrekleşdirer. Uzak möhletleýin täsirli dermanlar elýeter bolmasa, demgysma tutgaýlaryň öňüni alyp biljek Nigella sativa serişdesini (gara tohum, kalonji, habba sawda), çernuşkany (ot ösümligi) ulanyň. Gara tohumyň 2 çaý çemçesini bal ýa-da ýogurt bilen iýseňiz, ol öýkeni we immun ulgamyny berkidýär.
Demgysma tutgaýlarynyň öňüni almak üçin, tutgaýlaryň döremegine sebäp bolan zatlar bilen galtaşmagy azaldyň. Şeýle “sebäpkärlere” şular hem degişlidir:
- iýmit taýýarlanylanda, gyzdyrylanda we çilim çekilende çykýan tüsse;
- fabrikleriň we ulaglaryň zyňyndylary bilen howanyň hapalanmagy. Howa gaty hapalananda, demgysmaly adamlar ýapyk jaýda bolmaly we agyr işleri etmeli däl;
- boýaglardaky, erediji maddalardaky, pestisidlerdäki, atyrlardaky, arassalaýjy serişdelerdäki himikatlar;
- tozan sakyrtgalary. Ýatylan otagdan ýumşak oýnawaçlary we halyçalary aýryň ;
- öý we beýleki haýwanlaryň tüýleri we ýelekleri;
- saçakçylar we beýleki zyýanly mör-möjekler;
- heň;
- durmuşdaky uly özgerişlikler, köp işlemeklik we agyr irki maşklar bilen bagly bolan ruhy we fiziki dartgynlyk.
Asbestoz
Asbest – birwagtlar ýangyna garşy göreşmek üçin jaýlarda we käbir ýangyn söndüriji ulaglarda ulanylan mineral. Asbest maýdaja süýümlerden ybarat bolup, howa düşýär. Adam şeýle howadan dem alanda, onuň süýümjagazlary öýkene aralaşyp, ony şikeslendirýär. Asbest örän howply bolany üçin, köp döwletleriň hökümeti tarapyndan gadagan edilendir.
Asbestiň täsirinden asbestoz we öýken düwnügi döreýär. üsgülewük, demgysma, döşdäki agyry, horlanma we gowşaklyk bu keseliň iň başlangyç alamatlarydyr.