Hesperian Health Guides

Tozan zerarly döreýän keseller

Bu bapda:

Gazylyp alynýan magdanlar we mineral tozany öýken şikeslenmesi ýaly saglyk kynçylygyny döredip bilýärler. Magdan gazyp alýan senagatynda ýeriň aşagynda ýada ýeriň üstünde işleýändigiňize garamazdan, şu aşakda beýan edilen ýagdaýlaryň bolan ýagdaýynda siziň öýkeniňiz şikeslenip biler:

  • işleýän wagtyňyz tozan siziň eşikleriňize, bedeniňize we enjamlaryňyza siňse;
  • siz köp üsgürip, kynlyk bilen dem alýan bolsaňyz.
A man using a jackhammer wears a mask and gloves. A man working nearby does not and is coughing.

Tozan öýkeni şikeslendirenden soň, öýkeni düýpli bejermegiň hiç bir usuly ýokdur. Tozan şahtaçylar we şahtalaryň golaýynda ýaşaýan ilat üçin howpludyr.

Kömür we kwars tozany tozanyň iň howply görnüşleridir. Kömür tozany antrakozy, kwars tozany bolsa silikozy döredýär. Düzüminde asbest (asbestozy döredýär) ýa-da agyr metallar bar bolan tozan hem howpludyr.

Öýken şikeslenmesiniň alamatlary

Magdan gazyp alýan senagatyndaky tozan dem almagy kynlaşdyrýar. Tozanyň köp mukdarda ýygnanmagy öýkeniň çişmegine we onda suwuklygyň ýygnanmagyna eltip biler. Öýkeniň tozan zerarly şikeslenmeginiň alamatlaryna şular degişlidir: EHB Ch21 Page 476-2.png

  • demgysma, üsgülewük, sesli dem alyş;
  • ýaşyl ýa-da sary gakylyk (bu nem öýkenden çykýar);
  • basyk;
  • gulaklaryň ýa-da dodaklaryň gögümtil bolmagy;
  • gyzdyrma;
  • döşde agyrynyň bolmagy;
  • işdäsizlik;
  • ýadawlyk.


Asbestoz, silikoz we antrakoz bejerilmese, örän howpludyr. Bu kesellere ýolukmazlyk üçin, iň gowusy tozanyň zyýanly täsiriniň öňüni almakdyr. Bu keseller olaryň alamatlary ýüze çykmanka hem beterleşip bilýär. Ýokarda agzalan alamatlaryň biri bar bolsa ýa-da siz tozanyň täsirine sezewar bolan bolsaňyz, tizden-tiz lukmana ýüz tutuň.

Çilim şekmek öýkeniň şikeslenmek howpuny artdyrýar. Şoňa görä-de, şahtaçylaryň çilim çekmezligi örän wajypdyr.

Antrakoz we silikoz

Kömrüň tozany öýkene siňip, dem almagy kynlaşdyran ýagdaýynda antrakoz ýüze çykýar. Ýeriň aşagynda işleýän şahtaçylar, magdany kömürden saýlap aýyrýan çagalar we aýallar bu öýken keseline has köp uçraýarlar.

Silikoz kwarsyň tozanjyklarynyň täsir etmegi zerarly döreýär. Kwars gazylyp alynýan magdandan we gumdan alynýan mineral bolup, şahtaçylaryň köpüsi üçin örän zyýanlydyr.

Bejergisi
EHB Ch21 Page 477-1.png

Antrakoz we silikoz bejerilmeýär. Ýöne siz agyryňyzy, ejir çekdirýän sebäpleri azaltmak üçin, şu aşakdakylary edip bilersiňiz:

  • Öýkendäki nemiň suwuk bolmagy üçin köp suw içiň.
  • Dem alyş ýollaryňyz açyk bolsun. Gaýnan suwuň içine ewkalipt, narpyz ýa-da timýan ýaly ýakymly ysly otlary atyň. Ýüzüňizi şol buga tutup, kellaňize desmal ýa-ta galyň mata ýapyp, bugdan dem alyň. Muny günüň dowamynda birnäçe gezek 15 minudyň dowamynda gaýtalaň.
  • Bronhlary giňeldiji dermanlar hem dem alyş ýollarynyň açylmagyna kömek edip biler. Olaryň käbirinden dem alnanda, olar örän çalt täsir edýär.
  • Hassahanada adamyň dem alşyny ýeňilleşdirmek üçin, oňa kislorod berip bilerler.
  • Öz taýýarlan suwuk üsgülewük dermanyňyz agyryly üsgülewügi köşeşdirip biler. Bu serişdäni taýýarlamak üçin:
EHB Ch21 Page 477-2a.png EHB Ch21 Page 477-3.png EHB Ch21 Page 477-4.png
1 bölek ary baly 1 bölek limon şiresi her 2-3 sagatdan 1 çaý çemçeden içiň
  • Käbir adamlar süýt, peýnir, mesge ýagy ýaly süýt önümleri öýkendäki nemi has goýaldyp, gakylygyň gopmagyny kynlaşdyrýar diýip hasaplaýarlar. Bu önümleri iýeniňizden soň özüňizi erbet duýsaňyz, olary iýmäň. Başga ýokumly iýmitleri iýiň.
Ýatda saklaň: Alkagol içmegiň öýkeni tozandan saplaýandygy baradaky pikir nädogrudyr. Alkagol içgileri saglyk ýagdaýyny öňküden-de kynlaşdyrýar

Saglyk bilen bagly beýleki kynçylyklar

Antrakoz we silikoz bilen kesellän adamlaryň beýleki kesellere ýolukmak töwekgelligi ýokarydyr:

  • inçekesel (IK);
  • dowamly bronhit;
  • ýürek-damar keselleri;
  • öýken düwnügi (rak);
  • öýken sowuklamasy;
  • demgysma keseli;
  • guragyry ýa-da guragyry sebäpli bogunlaryň şikeslenmegi;
  • guragyry;
  • öýken dokumasynyň üýtgemegi (skleroz)


Goşmaça maglumat almak üçin, Where There Is No Doctor atly kitaby okaň.

Tozanyň zyýanly täsiriniň öňüni almak

Öýken şikeslenmesiniň öňüni almak üçin, tozandan dem almagy çäklendirmelidir.

Magdan gazyp alýan senagatçylar şahtalardaky tozany azaltmak üçin ýörite enjamlar bilen üpjün etmelidir

  • Ýerasty şahtalarda howa sorujy enjamlary bolmaly. Şahtalaryň ýokaryk galmak üçin çykalgalary köp bolmaly. Howa sorujy we ýelejirediş enjamlary arassa howa bilen üpjün edip, tozany we hapa howany daşyna çykarmaga kömek edýär.
Illustration of a mine
Känlerdäki hapa howany we tozany daşyna çykarýan ýelejirediş enjamlary
Käni arassa howa bilen üpjün etmek üçin howa çekýän enjam
  • Tozany ýatyrmak üçin suw pürküçler bilen üpjün etmeli. Ýokardaky gaplary suwdan dolduryň. Suw sorujy enjamyň ýa-da diametri kiçi turbanyň kömegi bilen şahtalara we ötüklere akar ýaly edilmeli. “Turşy suwy” içmek bolmaýar. Şahtaçylar köp mukdarda agyz suwuna mätäçdirler.
  • Tozany ýatyrmak üçin suw pürküji enjamlar bilen üpjün etmeli.

Magdan gazyp alýan senagatçylar şahtaçylary tozandan dem almakdan gorajak serişdeler bilen üpjün etmelidir

  • Partlama bolan ýerleriň üstüni örtmek üçin owradylan hek we keçe bilen üpjün ediň.
  • Zerur bolan maskalar bilen üpjün ediň we olaryň arassadygyna göz ýetiriň (ser.: Goşundy A).


Işçiler egin-eşiklerini goýar ýaly, işden öýlerine gaýdanlarynda tozanly eşiklerini çalşyryp suwa düşer ýaly arassa ýer bilen üpjün edilmeli. Mundan başga-da, magdan gazyp alýan senagatçylar gazyp almak işleriň geçirilmeginiň netijesinde tozanyň töwerekdäki ilata zyýan ýetirmezligini üpjün etmelidir.

EHB Ch21 Page 478-2.png
Ýatda saklaň: Tozany ýok edip bolýandyr. Şahtaçylar tozany azaltmak üçin ähli bar bolan usullaryň, şol sanda kärhananayň berýän gorag serişdeleriň ulanylmagyny talap etmäge haklydyrlar. Tozandan goranmak üçin ulanylýan maskalar diňe arassa we laýyk bolsa, peýdalydyr. Siz kagyz maskany ulanýan bolsaňyz, onda ony ýygy-ýygydan çalşyp duruň. Ulanýan maskaňyz plastmassadan, matadan bolsa ýa-da siz ýaglyk ulanýan bolsaňyz, olary hem ýygy-ýygydan ýuwuň.

Şahtaçylar işleýän ýerlerinde tozany azaltmak üçin, şulary edip bilýärler:

Döwmezden we burawlap deşmezden öň, tozan galmaz ýaly, şol ýeri suwlaň.

  • Howada kwarsyň ýa-da kömür tozanynyň galmagyna ýa-da köpelmegine ýol bermezlik üçin, owradylan heki sepeleşdiriň.
  • Tozany ýatyrmak üçin partladylan we döwlen ýerleri çyg keçe ýa-da suw geçirmeýän brezent (keten) bilen ýapyň. Partlandan ýa-da döwlenden soň, şol ýere suw sepiň.
  • Şol ýere barmazdan öň tozan ýatyşýança garaşyň.
  • Gorag geýimleri we gorag serişdeleri ulanyň. Şahtaçylar üçin iň gowy maska-zyýanly maddalara garşy filtrli (süzgüçli) mäkäm geýdirilýän rezin respiratordyr. Şahtaçylara maskalary saýlamagy, ulanmagy we saklamagy öwretmelidir. Tozandan goraýan maskaňyz bolmasa, agzyňyza we burnuňyza mata tutuň, ony her gün ýuwuň. äýnek ýa-da gorag äýnegi siziň gözüňizi gorar (Gorag enjamlary barada goşmaça maglumat almak isleseňiz, ser.: Goşundy A).
  • El-ýüzüňizi nahardan, suw içmekden, çilim çekmekden öň, işläniňizde we işden soň ýuwuň.
A man washes a tool under a faucet.
  • Enjamlary ýygy-ýygydan ýuwuň. Howadaky tozan köpelmez ýaly, tozanly sumkalaryňyzy kakmaň-da, ýuwuň. Sumkany kakmaly bolsaňyz-da, şemalyň tozany size tarap sowurmaýandygyna göz ýetiriň. Sumkaňyza tozan geçirmeýän zat ýapyň. Mümkin bolsa, polietilen paket ulanyň.

Känlerdäki tozanyň siziň öýüňize düşmez ýaly, şu aşakdakylary berjaý ediň:

A house with large banana leaves covering a window.
  • Işden soň we öýüňize girmezden öň, ýuwnuň.
  • Tozanly iş eşikleriňizi iş ýeriňizde goýup gaýdyň ýada öýe girmezdeň öň, olary çalşyň.
  • Tozany aýyrmak üçin pollary ýuwuň. Bu howany tämizleýär.
  • Daşary tozan bolsa, gapyny we penjireleri ýapyň. Olar ýapylmaýan bolsa, perde tutuň.
Silikoz keseline ýolugan şahtaçylaryň bejerilişi

Hindistanyň Lal Kuan atly obasynda daşlary owradýan magdan gazyp alýan senagaty işleýär. Şu sebäpden Lal Kuandaky ähli zat tozana gömlendir. Tozan şeýle bir köp welin, hatda ondan ýaňa zatlary saýgarmak hem kyn. Bu tozan ýerli ilatyň dem almasyny örän kynlaşdyrýardy.


Budh Rem 20 ýyl mundan öň Lal Kuana daş owradyjy maşynda işlemek üçin gelýär. Ol 10 ýyl işländen soň, onuň dem alşy kynlaşýar. Ol hökümet hassahanasynda özüne inçekeselden bejergi alýar. Inçekesele garşy ulanan dermanlar kömek edýär, ýöne Budh Rem bir ýyldan gaýtdan syrkawlaýar. Bu kesele diňe Budh Rem ýolukmandy. Köp adamlar inçekeselden ejir çekip, gaýta-gaýta bejergi alýardy. Emma bejergileriň geçirilýändigine garamazdan, oba ilatynyň köpüsi dem alyp bilmeýändigi we döşde dörän güýçli agyrylar zerarly ýogalýardylar.


Ynsan hukuklary we barlaglaryň sosial merkeziniň guramaçysy S.A.Azad Lal Kuan obasyna gelende, onuň esasy maksady oba ýaşaýjylaryna okamagy we ýazmagy öwretmekdi. Emma ol köp adamlaryň aradan çykýandygyny görende, oba adamlaryna kesel sebäpli öwezlik tölegi we bejergi almaklary üçin kömek etmegi ýüregine düwýär.


Azad adamlaryň inçekeselden bejerilýändigine, emma olaryň silikozdan aradan çykýandygyna düşündi. Budh Rem ýaly işçileriň köpüsi özleriniň silikoz bilen keselländiklerini bilmeýärdi. Magdan gazyp alýan senagatçylar bolsa silikoz barada bilmek islemeýärdiler. Sebäbi Hindistanyň kanunlaryna laýyklykda, olar iş ýerlerde dörän kesellere jogapkärçiligi öz üstlerine ýüklemelidiler. Işçileriň silikoz sebäpli aradan çykýandyklary barada hiç kimiň bilmezligi magdan gazyp alýan senagatçylar üçin amatlydy.


Silikoz bilen kesellänleri goldamak we olaryň lukmançylyk kömegini, kömek pullaryny talap etmek üçin, Azad beýleki guramalar bilen habarlaşýar. Birnäçe ýyldan soň Deliniň hökümet baştutany Lal Kuandaky kynçylyklar barada gürrüňdeş bolmak üçin duşuşmaga razylaşýar. Bu duşuşyk örän netijeli bolýar. Hökümet baştutany Azadyň we Lal Kuanyň ilatynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga razyçylyk berýär.


A mobile medical van.

Uzak ýyllaryň dowamynda Lal Kuanyň ejir çeken adamlary üçin indi iş bilen bagly keselleriň bejerilmegine niýetlenen medeni-köpçülikleýin we jemgyýetçilik ýerleri döredildi. Göçme lukmançylyk ulagy hepdede 4 gezek aýlanyp, mugt lukmançylyk kömegini berýär. Hökümet Lal Kuanda lukmançylyk barlaglary geçirmegi we silikozyň pidalaryna pensiýa bermegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem maşgalalaryny eklemek we gazanç etmek üçin, başga usullary tapmaga kömek etmek maksady bilen olara goldaw we bilim berjekdigini mälim etdi.


Bu üstünlik oba ilatynyň we şahtaçylaryň öz hukuklaryna bolan ynamy artdyrdy. Lal Kuanyň howasynda henizem tozan kän, ýöne has oňat geljek üçin mümkinçilik hem az däl.



This page was updated:18 dek 2022