Hesperian Health Guides
Magdan gazyp alýan senagat bilen bagly saglyk meseleleri
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 21: Magdan gazyp alýan senagat we saglyk > Magdan gazyp alýan senagat bilen bagly saglyk meseleleri
Magdan gazyp alýan senagatynyň öň işläp giden ýeri hem adamlaryň saglygyna howp salyp bilýär. Sebäbi şol çäkleriň topragynda we suwunda zyýanly galyndylar, himikatlar bolýar. Magdan gazyp alýan senagat dürli ýollar bilen adam saglygyna zyýan ýetirip bilýär:
- Tozan, himiki galyndylar, zyýanly buglar, agyr metallar we radiasiýa işçileri zäherläp, ömürboýy dowam etjek kesellere uçradyp biler.
- Agyr ýük götermek we oňaýsyz ýagdayda işlemek eliň, aýagyň we arkaň şikeslenmegine eltip biler.
- Urulýan çekiçleriň we beýleki sarsdyryjy gurallaryň ulanylmagy nerwleri we gan aýlanyşy şikeslendirip biler. Şeýle hem duýujylygyň ýitirilmegine, çüýremä getirip biljek howply ýokançlyklara, hatda ölüme hem eltip biler.
- Enjamlaryň we gurallaryň dyngysyz güýçli sesi eşidiş bilen bagly kynçylyklara, şol sanda kerlige eltip biler.
- Ýeriň aşagynda, gowy yşyklandyrylmadyk ýerde uzak wagt işlemek göreçler üçin zyýanlydyr.
- Ýokary gyzgynlykda az suw içip işlemek öte gyzma eltýär. Başaýlanma, ysgynsyzlyk, ýüregiň çalt urmagy, suwsuzlyk bedeniň öte gyzanlygynyň alamatlarydyr.
- Suwuň hapalanmagy we suw serişdelerinden artykmaç peýdalanmak saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar (5-nji we 6-njy baplara ser.).
- Ýeriň we topragyň zaýalanmagy iýmit ýetmezçiligine we açlyga eltýär.
- Şahtalaryň golaýynda gurlan elektrostansiýalar we metallurgik zawodlar zerarly hapalanýan howa agyr keselleri döredýär (16-njy baba ser.).
Magdan gazyp alýan senagat we Daýneh taýpasynyň saglyk kynçylyklary
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň günbatar çölleriniň ýaşaýjylary we Daýneh taýpasy Hudaý sary külkäniň iki görnüşini ýere eçilipdir diýip hasaplaýarlar. Onuň bir görnüşi mekgejöweniň sary tozgajygydyr. Daýneh taýpasy üçin mekgejöwen keramatly iýmit bolup, onuň tozgajygy dini däpdessurlarda hem ulanylýar. Sary külkäniň ýene-de bir görnüşi “sary gutap” diýlip atlandyrylýan urandyr. Daýnehleriň pikirine görä, uran hemişe ýeriň aşagynda saklanylmalydy. Ol hiç wagt gazylyp alynmaly we ulanylmaly däldi.
Emma 1940-njy ýylda Amerikanyň hökümeti urany ýader ýaragy we ýader energiýasy üçin ulanyp boljakdygyny ýüze çykarýar. Gazyp alma bilen meşgullanýan korporasiýalar Daýneh topragyndan uran gazyp almaga başlaýarlar. Daýneh taýpasynyň maldarçylyk bilen eklenýän ýaş erkekleri täze şahtalara işe ýerleşip başlaýarlar. Tiz wagtdan uranyň gazylyp alynmagy Daýnehiň ýaşaýjylary üçin gazanç etmegiň iň uly çeşmesine öwrülýär. Emma şol ýyllaryň içinde uranyň gazylyp alynmagy Daýnehiň ýaşaýjylarynyň köpüsini agyr kesellere uçratdy.
Hökümet we gazyp alýan korporasiýalar uranyň gazylyp alynmagy bilen bagly kynçylyklardan habarlydylar. Emma şahtaçylar we olaryň maşgalalary bu howp barada diňe kesellänlerinden soň bilmelidiler. Radiasiýanyň zyýanly täsiri zerarly Daýnehiň şahtaçylary ýaş aradan çykýardy. Aýallaryň köpüsiniň çagasy düşýärdi ýa-da dogabitdi ýetmezçilikli, keselli çagalar dünýä inýärdi. Şahtada işleýän erkek adamlaryň käbiri öýken düwnügine (rak) ýoluksa, beýlekileri dem alyş bilen bagly saglyk kynçylyklaryna uçraýardylar. Olaryň käbiri ýöremekden hem galýardy. Hatda şahtanyň golaýyndaky iri şahly mallar we goýunlar hem heniz süýt, ýüň bermänkäler keselläp ölýärdiler.
Bu ýagdaý 50 ýyl dowam etdi. Ahyry, 2005-nji ýylda, Daýnehde uranyň gazylyp alynmagy gadagan edildi. Emma Daýnehleriň ýerinde uran känleriniň ýüzlerçesi we zäherli galyndylaryň uly üýşmekleri galdy. Amerikanyň hökümeti uran zäherlenmesi zerarly aradan çykan adamlaryň maşgalasyna hemaýat pulyny töleýär, ýöne bu hemaýatyň mukdary gaty ujypsyz. Emma bolup geçen ýagdaýlara garamazdan, ýader senagaty heniz-de Daýnehde köpsanly şahtalaryň açylmagyny talap edýär.
Daýneh taýpasyna degişli ýerlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bar bolan kömür ýataklarynyň köp bölegi bardyr. Uran şahtalarynyň ýapylmagy netijesinde, kömür senagaty Daýnehiň erkekleri üçin oňat gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesine öwrülýär. Emma kömür senagaty hem saglyk we daşky gurşaw üçin howpludyr. Kömür ýerden gazylyp alnanda, elektrostansiýalarda tok almak üçin ýakylanda, uly zyýan ýetirýär.
Köp ýerlerde bolşy ýaly, Daýnehiň ýaşaýjylary hem garyplygy ýa-da ýaramaz saglygy saýlamaly bolýardy. Daýnehleriň has gowy ýaşamaklary üçin köp zatlary üýtgetmelidir. Ilki bilen adamlaryň öz serişdelerini, jemgyýetini we gelejeklerini dolandyrmaklaryna ýol bermeýän jynsparazlyk (rasizm) aradan aýrylmalydyr. Bütin dünýä, hususanam Amerika energiýany öndürmek üçin urandan we kömürden başga has howpsuz usullardan peýdalanmalydyrlar.