Hesperian Health Guides

Ýaşaýyş meseleleri

Bu bapda:

Adamlar howply şertlerde işlänlerinde we zäherli himikatlaryň täsirine sezewar bolanlarynda, gazyp alynýan senagat olaryň saglygyna gönüden-göni täsir edýär. Bu adamlaryň ýaşaýyş şertleri bilen hem baglydyr. Şahtaçylaryň şäherleri we düşelgeleri çalt ösýär, olaryň gurluşygy meýilleşdirilmeýär, olar barada alada edilmeýär. Bu ýagdaý köp kynçylyklary döredýär. Erkekler iş tapmak üçin, şahtalara gelýärler. Eklenje mätäç aýallar bolsa loluçylyk etmäge mejbur bolýarlar. Bu ýagdaý AIW/AIDS we jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän beýleki ýokançlyklaryň giňden ýaýramagyna sebäp bolýar. Gazyp alýan senagatyň tötänleýin baýlygy ýa-da garyplygy aýallara we çagalara zulum edilmegi artdyrýar, ýolbaşçylar diňe öz bähbitlerini araýarlar, tebigy baýlyga bolan gözegçilik ugrundaky göreş güýjeýär. Adamlaryň köpüsi känler açylandan soň, öňküleri ýaly ýaşamaga mümkinçilikleri bolmandygy sebäpli, oturymly ýerlerini taşlap gitmäge mejbur bolýarlar.

A woman speaks.
Aýallar magdan gazyp alýan senagatynyň taslamalaryndan has köp ejir çekýärler.

Gazanç etmegiň başga çeşmeleri az bolan ýerlerde magdan gazyp alýan senagat millionlarça adamy ýaşaýyş üçin zerur bolan serişdeler bilen üpjün edýär. Emma ýerdäki baýlyklar şahtaçylaryň baýamaklaryny hemişe üpjün etmeýär. Magdan gazyp alýan senagatyň esasy niýeti – ýeriň her bir bölegini ulanmak, her bir işçini öz bähbidi üçin işletmek. Bu senagat öz maksadyna ýetmek üçin, känleriň bar bolan ýerlerindäki adamlaryň saglygyny, hukuklaryny we daşky gurşawy pida etmekden hem gaýtmaýarlar.

A man speaks.
Kärdeşler arkalyşygy meniň saglygymy, işimi, ýeňilliklerimi goraýar. Korporasiýa uly we güýçli bolanda, işçiler guramaçylykly hereket etmelidir.

Kärdeşler arkalayşyklarynyň döredilmegi we birleşmegi şahtaçylaryň ýaşaýyş we iş şertleriniň gowulanmagyny, ekologik we adam hukuklarynyň goralmagyny üpjün edip biljek usullaryň iň netijelisidir. Şahtaçylaryň kärdeşler arkalaşyklary olaryň saglygyny goraýan we howpsuzlygyny üpjün edýän düzgünleriň kabul edilip, berjaý edilmegini hökümetden talap edýärler. Emma kärdeşler arkalaşyklary iş ýerleri we aýlyk haklary ýaly gysga möhletleýin meselelere üns berip, minerallaryň ulanylmagy we gazylyp alynmagy ýaly uzak möhletleýin saglyk meselelerine (meselem, energiýa almak üçin kömrüň ýakylmagy zerarly hapalanma) üns bermeýärler.

Magdan gazyp alýan senagatyň işi örän howply bolup, dürli keselleri we hapalanmany döretse, ol ýapylmalydyr. Emma şahtaçylar işsiz we garyplykda galdyrylmaly däldir. Şeýle känleri ýapmak boýunça meýilnamalar düzülende, şahtaçylaryň abadanlygyny üpjün etjek serişdeler hem göz öňünde tutulmalydyr. Aýallar magdan gazyp alýan senagatynyň taslamalaryndan has köp ejir çekýärler.

Çagalary goramak

4 children in a classroom.
Magdan gazyp alýan birleşmeler işçileri oňat aýlyk haky we ýeňillikler bilen üpjün etseler, olaryň çagalary işlemäge mejbur bolman, okuwa giderdiler.

Öz maşgalalaryna kömek etmek üçin çagalar hem köplenç magdan gazyp alýan senagatynda işlemeli bolýarlar. Agyr şertlerde köp sagat işlemek olaryň ösüşine we heniz doly bekäp ýetişmedik süňklerine zyýan ýetirýär, mekdebe gatnamaga mümkinçilik bermeýär. Halkara kanunlaryna laýyklykda çaga zähmeti gadagan edilendir (ser.: Goşundy B).

Hindistanda erkekler we aýallar daş känlerine işe gidenlerinde, kömek üçin çagalaryny hem ýanlary bilen alyp gidýärler. Bu hemişe şeýledi. üýtgedip gurmagyň meýilnamasy işlenilmese we bu ugurda bilim berilmese, hiç zat üýtgemez.

Şahtaçylaryň çagalary üçin mekdep we iýmit

Hindistanyň Punda obasyndaky daş känlerinde işleýän çagalar ýaramaz iýmitlenýärler, boýdan-başa tozana gömülýärler. Durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň käbir işgärleri şol çagalar bilen işlemek üçin “Santulan” atly meýletinler toparyny döredýärler. Olar çagalaryň bilim almaga, oňat saglyga we çagalyga hukuklarynyň bardygy barada aýdýardylar. Şol hukuklary durmuşa ornaşdyrmak üçin, olar känlerde mekdepleri açýar.


“Santulan” ilkinji nobatda täze mugallymlary taýýarlady. Kände işleýän aýallaryň käbirine aýdym aýtmak we okatmagyň beýleki usullary öwredildi. Olar galam, kagyz, synp tagtasy we kitaplar bilen üpjün edildi. Käbir känleriň ýolbaşçylary synp otaglaryny gurmak üçin “Santulana” ýer hödürlediler. Beýleki känlerde işçileriň özleri synp otaglaryny gurdy.


EHB Ch21 Page 475-2.png

Çagalar mekdebe gatnap başlan ilkinji günlerinden mugallymlar olaryň günüň dowamynda hiç zat iýmän okap bilmejekdiklerine düşünýärdiler. “Santulan” mekdebi tüwi, merjimek we gaýnadylan ýumurtga bilen üpjün edip başlady. Bu bolsa ata-enelerini öz çagalaryny mekdebe ibermäge has-da höweslendirdi. Çagalar mekdepde okap, öýe dok gelýärdiler.


Känlerde mekdepleriň açylmagyndan birnäçe ýyl geçensoň, 3000-den gowrak çaga sapaklara gatnaşyp başlady. Olaryň köpüsi öz maşgalasynda ýazmagy we okamagy başarýan ilkinji adamdy. Çagalar aýdym aýdýar, taryhy öwrenýär. Ýöne iň esasy zat – olar öz çaga hukuklarynyň bardygyny bilýärler.


This page was updated:18 dek 2022