Hesperian Health Guides

Magdan gazyp alýan senagatyň jogapkärçiligi

Bu bapda:

Bütindünýä banky we beýleki halkara agentlikler “Durnukly magdan gazyp alýan senagat” diýen düşünjäni öňe sürýärler. Emma iri möçberli magdan gazyp alýan senagat hemişe weýran edijidir we onuň howpsuz usulda gazjak peýdaly magdanlarynyň mukdary çäklidir. Magdan gazyp alýan senagat “ykdysady üstünligiň we göwnüçökgünligiň” senagatydyr, sebäbi täze mineral käni tapylanda, ol uly baýlyga öwrülip bilýär. Emma peýdaly magdanlar gutaranda, garyplyk höküm sürýär.

Häzire çenli durnukly magdan gazyp alýan senagat diýen düşünje ýokdy. Durnukly usullar bilen gazyp almak mümkin däl. Ýöne işçiler we ýerli ilat üçin has girdejili we az ýitgili bolan usullary ulanmak mümkindir.

A man speaks with a young girl beside a billboard that says: "A Diamond is Forever, DeBeers."
Biziň topragymyz hem hemişelik weýran edildi!

Ekologik we ýaşaýyş meýilnamalaryny ösdürmek

Gazyp almak işleriniň ählisi daşky gurşawy goramagyň we adamlaryň mätäçliklerini goldamagyň meýilnamasyny kabul etmelidir. Gazyp alýan korporasiýalar mümkin boldugyça köp baýlygy arzan bahadan almak isleýärler. Şonuň üçin käniň çäklerinde ýaşaýan ilat şol meýilnamalaryň işlenilmegini olardan talap etmelidir. Islendik meýilnamanyň netijeli bolmagy üçin, çözgütleri kabul etmäge goňşy çäklerinde ýaşaýan ilat hem çagyrylmalydyr.

Jogapkärçilikli meýilnama şulary göz öňünde tutmaly:

  • ýerli ilatyň gatnaşmagynda daşky gurşawa ýetiriljek täsire baha bermek (ser.: Goşundy B);
  • saglyk öýleri we mekdepler ýaly ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi, agyz suwunyň howpsuzlygyny üpjün etmek, arassalamak we beýleki zerur bolan hyzmatlary amala aşyrmak;
  • şahtaçylaryň, olaryň maşgalasynyň we täsire sezewar bolýan adamlaryň uzak möhletleýin we hemmetaraplaýyn saglygyny goramak;
  • şahtalaryň ýapylmagynyň, ýerleriň dikeldilmeginiň we öň şahtada işlänleri durnukly iş bilen üpjün etmegiň meýilnamasyny düzmek.



This page was updated:18 dek 2022