Hesperian Health Guides
Känlerdäki howpsuzlyk
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 21: Magdan gazyp alýan senagat we saglyk > Känlerdäki howpsuzlyk
Işçiler we we tutuş jemgyýet özlerini goramaga, zyýanly materiallaryň täsirini azaltmak üçin maglumatlara, bilimlere we enjamlara mätäçdir. Şertleriň howpsuzdygyna göz ýetirmek üçin, şahtaçylar we jemgyýet howpsuzlyk komitetlerini döredýär. Bu howpsuzlyk komitetleri adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çeken işçileri daşamak we howp abananda, adamlary başga ýere geçirmek boýunça meýilnamany taýýarlaýarlar.
Magdan gazyp alýan senagatçylar işçileriň ählisini gorag enjamlary bilen üpjün etmeli we olary gorap saklamaly. Şeýle hem her bir gazylyp alynma geçirilende, tiz kömek bilen üpjün etmeli we işçileriň ondan peýdalanyp biljekdigine göz ýetirmeli (ser.: Goşundy A). Himikatlaryň howplulygy barada işçileriň ählisiniň habarly bolmagy zerurdyr.
Känleriň daşky gurşawa, howa we suwa kän bir zyýan etmeýändigine göz ýetirmek üçin, känlerdäki hapalanmanyň alamatlaryny barlamaly. Zäherli himikatlaryň, aşa köp tozanyň we beýleki howply zatlaryň täsirine sezewar bolýan adamlar saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan yzygider barlanyp durmaly we saglyk meseleleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, hökman degişli bejergini geçirmeli.
Mazmuny
Şahtaçylaryň ýaşaýşyny gowulandyrmak boýunça guramalar
Şahtaçylar hyzmatdaşlyk etseler, uly işleri bitirjekdiklerine düşünýär. |
Dünýädäki şahtaçylar kärdeşler arkalaşyklaryny we bileleşikleri gurnap, gazyp alýan korporasiýalardan kanuna laýyk hereket etmeklerini, hökümetden bolsa şol kanunlary durmuşa ornaşdyrylmagyny talap edip, öz durmuşlaryny, howpsuzlygyny we saglygyny gowulandyrdylar. Şeýle hem olar känlerde howpsuzlygy we saglygy ýola goýýan halkara ylalaşyklary durmuşa ornaşdyrmak boýunça guramalary döredýärler. Adalatsyz, howply ýa-da daşky gurşaw üçin zyýanly gazyp alma işleri geçirilende, olary bes etdirmek maksady bilen iş taşlaýyşlary, närazylyk bildirýän çykyşlary we gabawlary gurnaýardylar.
Şahtaçy aýallar öz hukuklary
Boliwiýada aýallar şahtalaryň golaýyndaky zibil dökülýän ýerdäki galyndylardan altyn, kümüş, galaýy galyndylaryny ýygnaýarlar. Aýallaryň köpüsi ýanýoldaşlarynyň känlerdäki heläkçiliklerden ýa-da silikozdan aradan çykandygy sebäpli, bu agyr işi ýerine ýetirmeli bolýardy. Aýallar uzak wagtyň dowamynda goragsyz, hapa suwda işlemeli bolýardylar. Olar örän az pul gazanýardylar. Hökümet olary işçi diýip-de hasaplamaýardy. Olar göze görünmeýän adamlar ýalydy.
Günleriň birinde gazyp alýan korporasiýa birtopar aýalyň işleýän zibil dökülýän ýerinden geçýän ýoly partlamaga başlaýar. Eklenjiň ýeke-täk çeşmesiniň ýumrulmagyna ýol bermezlik üçin, aýallar baýryň depesine çykýarlar. Olar ýumrulmagy saklap bilmeseler-de, öz hukuklary ugrunda göreşi dowam edýärdiler. Aýallar ýygnaýan galyndylaryny satyn alýan korporasiýalardan köpräk pul tölemeklerini talap etmek üçin, birleşme döredýärler. Korporasiýalar köp pul tölemäge razy bolmaýar.
Hökümet aýallaryň tarapyny tutýar. Ol aýallaryň kesel sebäpli işe gelmedik ýagdaýlarynda korporasiýalary olara iş haklaryny tölemäge borçly edýär. Bu ilkinji ädilen kiçiräk ädim bolsa-da, aýallaryň işiniň hökümet tarapyndan goldanylmagynyň subutnamasydy. Bu uly bolmadyk ýeňiş täze birleşmeleri döretmäge, adalat ugrunda göreşmek üçin birleşmäge aýallary we beýleki şahtaçylary ruhlandyrdy.
Korporasiýalaryň jogapkärçiligi
Magdan gazyp alýan senagatyň işiniň köp bölegini ägirt uly korporasiýalar dolandyrýar. Olaryň baş edaralary känlerden uzakdaky ýurtlarda ýerleşýär. Bu ýagdaý olary jogapkärçilige çekmäge päsgel berýär. Emma bütin dünýädäki adamlar birleşip, olary iş usullaryny üýtgetmäge mejbur etdiler.
Asbest känleriniň işçileri kazyýetde ýeňiş gazanýarlar
Odri heniz çagaka Günorta Afrikanyň käninde Beýik Britaniýanyň magdan gazyp alýan senagaty üçin işleýärdi. Odri asbest külkesini haltalara gaplamak amatly bolar ýaly, onuň üstünde ýöräp, depelemelidi. Gözegçi Odri we beýleki çagalar durman işlär ýaly, olara syn edýärdi. Çaga işlemän biraz dursa, gözegçi ony gamçylaýardy. Asbestden dem almagyň netijesinde Odri we beýleki işçileriň köpüsi kessellediler.
30 ýyldan soň Odri Günorta Afrikanyň müňlerçe ýaşaýjylary bilen saglyga zyýan ýetirenleri üçin, Beýik Britaniýanyň bu korporasiýasyna talap arzasyny berýär. Korporasiýa bu işi afrikan kazyýetleri çözmeli diýip, 3 ýyl sarp edýär. Odri we onuň işleşýän ynamdar adamlary afrikan kazyýetiniň ýurda köp girdeji getiren korporasiýa garşy çykyp bilmejekdigine we adalatly netije çykarmajakdygyna bilýärdiler. Şonuň üçin-de, olar başga ýurtlara aýlanyp, adamlara öz alyp barýan göreşi barada gürrüň berip, goldaw gözlediler. Ahyrynda, kazyýetler bu işiň asbest korporasiýanyň watany – Beýik Britaniýada diňlenilmegine razylyk berýär.
5 ýyldan soň korporasiýa öz günäsini boýun almaga mejbur boldy. Olar ýetiren zyýanlary üçin şahtaçylara millionlarça dollar tölediler. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsi asbestiň gazylyp alynmagyny gadagan edýär, beýlekiler bolsa asbestiň ulanylmagyny düýbünden gadagan edýär. 2008-nji ýylda Günorta Afrika hem dünýädäki iň uly asbest öndüriji bolmak islemeýär we asbestiň ýa-da islendik asbest önüminiň öndürilmegini we ulanylmagyny gadagan etmek kararyna geldiler.