Hesperian Health Guides
Magdan gazyp alýan senagatda ulanylýan himikatlar
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 21: Magdan gazyp alýan senagat we saglyk > Magdan gazyp alýan senagatda ulanylýan himikatlar
- peýdaly magdanlary almak üçin eredijiler, kükürt turşulygy we sianid;
- azot turşulygy;
- ötükleri partlatmak üçin ulanylýan ýangyç (“ANFO”) we ammoniniň nitraty;
- simap, uran we gurşun ýaly agyr metallar;
- benzin, dizel ýangyjy, ulaglaryň we enjamlaryň işlenilen gazy;
- kebşirlemek we birikdirmek üçin asetilen.
Sianid
Sianid altyny peýdaly magdandan bölüp aýyrmak üçin ulanylýar. Arassa görnüşde reňksiz bolýar we onuň ysy ajy maňzyň ysyna meňzeş bolýar. Beýleki himikatlar bilen garyşanda, sianid öz ysyny ýitirýär. Ol külke, ergin we gaz görnüşinde ulanylýar.
Sianid ýuwdulan ýagdaýynda örän zäherlidir. Sianidiň tüwiniň dänesi ýaly mukdary hem adamy öldürip bilýär. Onuň az mukdarynyň uzak wagtyň dowamynda täsir etmegi netijesinde galkan şekilli mäzde düwünler (zob) döreýär. Ol iýmit ýetmezçiliginden hem döräp biler.
Altyn gazylyp alnanda ýa-da galyndy ýygnan suw howdanlary joşanda, sianid suw ýollaryna düşýär. Magdan gazyp alýan korporasiýalaryň aýtmagyna görä, sianid suwa düşende, şol bada howpsuzlanýar. Emma bu diňe kislorod we günüň ýagtysy köp bolan ýagdaýlarynda mümkindir. Sianid howpsuzlanan ýagdaýynda-da beýleki himikatlardan köp zyýan ýetirip bilýär. Sianid ýeriň aşagynda dökülip, howa bulutly bolsa ýa-da ýagyş ýagsa, bu zäher uzak wagtyň dowamynda zyýanly bolup, balyklary, derýanyň kenaryndaky ösümlikleri ýok edip bilýär. Sianidiň düşen suwy bolsa içmek we suwa düşünmek üçin howply bolýar.
Kükürt turşulygy
Kükürt turşulygy mis magdany gazylyp alnanda ulanylýan zäherli himikatdyr. Şeýle hem ol magdan gazylyp alnan mahaly suw we agyr metallar bilen garyşyp, turşulyk zeýkeşlerini döredýän önümdir. Kükürt turşulygynyň ysy palak ýumurtganyň ysyna meňzeşdir. Kükürt turşulygy bilen galtaşmak ýanyklary, körlügi döredip biler, hatda ölüme hem eltip biler
Bejergisi
Magdan gazylyp alynýan ýerlerde ulanylýan himikatlar deriňize, eşikleriňize syçrap ýa-da gaz görnüşinde dem alyş ýollaryňyza düşüp biler. Şeýle ýagdaýa sezewar bolan adam tiz lukmançylyk kömegine mätäçdir. (Kömek ýetip gelýänçä himiki zeperlenmeleriň we ýanyklaryň bejerilişi barada ser.: Goşundy A).
Öňüni almak
Zäherli himikatlaryň, şol sanda agyr metallaryň zyýanly täsiriniň öňüni almagyň iň oňat usuly olardan peýdalanmazlykdyr. Ýöne zäherler ulanylmaly bolan ýagdaýlarynda-da, olaryň zyýanyny azaldyp bolýar.
- Gorag enjamlaryny ulanyň (ser.: Goşundy A).
- Günüň dowamynda eliňizi köpräk ýuwuň. Zäher bilen ýa-da onuň golaýynda işläniňizde, eliňizi ýuwman öz ýüzüňizi ellemäň, çilim çekmäň, beýleki adamlar bilen gatnaşmakdan saklanyň.
- Magdan gazyp alýan senagatçylardan tozany we suwuň hapalanmagyny azaltmaklaryny talap ediň.
- Himikatlaryň ulanylýan, garylýan ýa-da saklanylýan ýerlerinde iýip-içmäň.
- Himikatlary howpsuz saklaň.
Himikatlary saklamak
Himikatlaryň köpüsi ýangyn we partlama döredip ýa-da zäherli gazlary bölüp çykaryp biler. Himikatlaryň howpsuz saklanylmagy heläkçilikleriň öňüni alyp we känlerdäki zyýany azaldyp biler. Himikatlary saklamakda şulary berjaý ediň:
- Olary partlaýjy maddalardan, elektrik çeşmelerden, suwuň we awtoulaglaryň ähli çeşmelerinden daşda saklaň.
- Olary adamlaryň iýmitlenýän ýerlerinden daşda saklaň.
- Olary aýdyň bellik edilen gaplarda saklaň. Himikatlary bir gapdan başga bir gaba geçireniňizde, täze gaba hem bellik ediň. Himikatlardan boşan gaplary iýmit we içgiler üçin ulanmaň. Himikatlary biriniň ýalňyşlyk bilen iýmegi ýa-da içmegi mümkindir. Himikatdan boşan gaby ýuwan hem bolsaňyz, iýmit we içgi saklamak üçin hiç wagt ulanmaň.
- Himikatlary bellik edilen we ýöriteleşdirilen ygtybarly, gulplanýan şkaflarda saklaň.