Hesperian Health Guides
Kän ýapylanda
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 21: Magdan gazyp alýan senagat we saglyk > Kän ýapylanda
Kän ýapylanda, magdan gazyp alýan senagatçylar bu ugurdaky hökümet guramalarynyň gözegçiligi astynda ulanylan ýeri geljekde ýene-de howpsuz ulanmak üçin dikeltmäge borçludyr.
Magdan gazyp alýan korporasiýalar we känleriň işini ýola goýýanlar aşakdakylary berjaý etmelidir:
- zäherli materiallary, ulanylan maşynlary we magdan gazyp alýan enjamlary aýyrmaly;
- çukurlary gömmeli, ötükleri ýapmaly, howply ýerleriň daşyna haýat aýlamaly we ol ýerlerde aýdyň bellik etmeli;
- gaýalary, çukurlaryň we galyndylaryň gömlen ýerleriniň diwarlaryny pytramadan goramak üçin, olaryň ýumrulmagynyň öňüni almak üçin berkitmeli;
- topragy dikeldip, sagdyn toprak we ösümlik bilen örtmeli;
- şikeslenen suw ýollaryny dikeltmeli.
Käbir ýurtlarda magdan gazyp alýan korporasiýalar işle başlamazdan öň, pul maýa goýumlaryny (hökmany borç diýlip atlandyrylýar) amala aşyrmaly. Bu goýum örän uly möçberli bolsa, netije berýändir. Bu korporasiýanyň uly zyýan ýetirmegine päsgel berýär. Borçlar ýeri dikeltmek we gazylyp alynmagyň netijesinde edilen ýitgileriň çykdajysyndan az bolsa, korporasiýanyň öz borçlaryny berjaý etmezligi mümkindir. Korporasiýa öz borçlaryny berjaý eder ýaly, käbir jemgyýetçilik guramalary mümkin bolan iň ýokary borç barada gepleşikleri geçirýär. Şeýle edilse, her bir bölek üçin ownuk borçlary talap etmän, bütin taslama degişli bir uly borjy talap etmäge kömek eder.
Şikeslenen ýeri dikeltmek
Magdan gazyp alýan senagatyndan soň we dikeltmekden öň |
Ýer toprak pytramasy zerarly zaýalanyp, ýokarky gatlagy aýrylan bolsa, onuň dikeldilmegine uzak wagt gerek bolar (11-nji baba ser.). Känleriň galyndylary we himikatlar bilen zaýalanan ýeri dikeltmek örän kyn bolýar, käwagt ony düýbünden dikeldip bolmaýar.
Dikeldilmegine we ösümlikleriň ekilmegine magdan gazyp alýan senagatçylar jogapkärdir. Şol çäklerde ýaşaýan ilat özbaşdak ýa-da hökümetiň kömegi bilen magdan gazyp alýan korporasiýalardan öz borçlaryny berjaý etmeklerini talap etmelidir.
Käniň dikeldilmegi we onda ösümlikleriň ekilmegi üçin zäherli galyndylar suw ýa-da şemal bilen alnyp gidilmez ýaly edilmeli, turşulyk zeýkeşleriniň öňüni almaly.
Ýeri sagdyn etmeklik uzak ýyllaryň dowamynda köp işleri talap edýär. Ýer howpsuz we jogapkärçilikli saklanylmasa, onda gazylyp alynma işleri asla amala aşyrylmaly däldir.
20 ýyldan ösümlik dünýäsi doly dikelýär |