Hesperian Health Guides
Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek (DGÝTB)
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Goşundy B: Ekologik hukuklar ugrundaky göreşde kanunlaryň ulanylyşy > Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek
DGÝTB ýol, kän, uçar menzili ýa-da beýleki senagat ösüşi ýaly taslamalaryň töwerekdäki adamlara, haýwanlara, topraga, suwa we howa ýetirjek täsirini kesgitleýär. Şeýle hem ol adamlaryň mejbury ýagdaýda göçüp gitmegi, adaty ýaşaýyş serişdeleriniň, taryhy ýa-da ruhy ähmiýetli medeni serişdeleriň ýitirilmegi ýaly ýaşaýyş meselelerine hem garaýar. Seredilýän taslama ösüşe ýardam berýän bolsa, onda DGÝTB alnyp baryljak işleriň zyýanly täsirini azaltmagyň ýollaryny hödürlemelidir.
DGÝTB diňe korporasiýa ýa-da korporasiýa, hökümet we jemgyýet agzalary bilen bilelikde döredilip bilner. (DGÝTB-niň ulanyşynyň mysaly "Saglyk üçin ylgamak" we "Ýerli ýaşaýjylar magdan gazyp alýan senagata garşy çykýar". sahypalarda berilýär)
Mazmuny
DGÝTB nähili işleýär
DGÝTB-niň işi iki görnüşde amala aşyrylýar:
- Taslamanyň ýetirýän täsirlerini öwrenmek we şol täsirler barada ýazmaça habar bermek. Adatça bu işe taslamany dolandyrýan korporasiýa jogapkärdir. Ol bu işe ýerli ilaty gatnaşdyryp ýa-da gatnaşdyrman hem biler.
- Taslama işe girizilmezden ozal işleriň geçiriljek ýerlerinde ýaşaýan ilatyň bu taslama baha bermegi üçin jemgyýetçilik maslahatlaryny geçirmek.
DGÝTB duýduryş ýörelgelerine eýerende, has netijeli işleýär. DGÝTB taslamanyň zyýan ýetirip biljekdigini görkezse, meýilnama togtadylmaly ýa-da üýtgedilmeli. Emma köplenç DGÝTB taslamany howpsuz, häzirki wagtda we geljekde adamlara, daşky gurşawa agyr zyýan ýetirmejek ýaly edip görkezmek üçin ulanylýar.
Korporasiýalaryň köpüsi DGÝTB-niň hasabatyny ýerli ilatyň gatnaşmagynda ýazman, olary çagyrmazdan öň, özleri ýazýar. Käte korporasiýalar DGÝTB boýunça duşuşyklar barada habar bermeýär ýa-da adamlaryň şol duşuşyklara gatnaşmagyna päsgelçilik döredýär. DGÝTB korporasiýalar ýa-da hökümet edaralary tarapyndan adalatsyz we howul-hara amala aşyrylsa, ol taslamanyň ýaňy işläp başlan wagtynda ýerli ilatyň bu işleri togtatmaklygyna sebäp bolýar. Muňa garamazdan, hödürlenilýän ösüş taslamalaryny gowulandyrmak we olara baha bermek üçin DGÝTB jemgyýetiň we hökümetiň iň wajyp guralyna öwrülip biler.
Jemgyýetiň DGÝTB-e täsir etmegi
Dürli çeşmelerden köp maglumat almak (diňe korporasiýadan däl) we ähli ýüze çykyp biläýjek meselelere düşünmek üçin wagt sarp etmeklik siziň DGÝTB gatnaşmaga bolan hukugyňyzyň wajyp bölekleridir. Adatça taslamanyň köp kararlary onuň täsirine has ýygy sezewar bolýan adamlaryň pikirleri aýdylmanka kabul edilýär.
DGÝTB gatnaşmagyňyz siziň jemgyýetiňize öz saglygyny we serişdelerini has gowy we uzak möhletleýin goramagy öwretmäge we gurnamaga kömek edip biler. Zyýanly taslamany hemişe togtadyp bolmasa-da, DGÝTB-ni öwrenmek we gurnamak siziň jemgyýetiňiziň goralmagyna kömek edip biler.
Gatnaşdyrylmagy talap etmek
Jemgyýet DGÝTB-de öz sesleriniň bolmagyny talap edip biler. Käte kazyýet, hökümet ýa-da ösüş meseleleri boýunça gulluklar jemgyýetiň agzalaryna DGÝTB-iň işine gatnaşmaga rugsat berýär. Jemgyýetiň agzalary DGÝTB işine özleri gatnaşyp biler ýa-da öz tarapdarlary bolan hökümete degişli bolmadyk guramadan, aklawjydan wekilçilik etmeklerini sorap biler. Jemgyýetiň agzalary DGÝTB-niň işine gatnaşsa, olar öz ýygnaklarynda korporasiýanyň näme meýilleşdirýändigi we näme işleýändigi barada hasabat berip biler. Şeýle hem DGÝTB-niň işine gatnaşmak jemgyýetiň hukuklaryna we borçlaryna, taslamanyň zyýanly täsirine ýa-da taslamanyň bütinleý öňüni almak üçin ulanylýan usullara düşünmäge mümkinçilik döredýär.
DGÝTB-niň doly hasabatyny almak
Jemgyýet DGÝTB-niň diňe bir gysgajyk netijesini ýa-da bir bölegini däl-de, eýsem resminamany dolulygyna görmäge haklydyr. DGÝTB-niň hasabatlarynda köplenç “Howpsuzlyk töwekgelligi”, “Ýaşaýyş töwekgelligi”, “Saglyk töwekgelligi” we “Arassalamak üçin çykdajylar” ýaly bölümleri bolýar. Bu bölümlerde korporasiýanyň aýtmak islemeýän meseleleri (esasanam köpçülik ýerlerinde) beýan edilýär.
Zyýanly taslamala has güýçli garşylyk görkezmek üçin, DGÝTB-niň ýüze çykaran we ünsden düşüren meseleleri barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, hökümet işgärlerine we jemgyýetçilige habar berip bilersiňiz. Şeýle hem siz Birleşen Milletler Guramasy ýaly jemgyýetiň meselelerini çözmek maksady bilen korporasiýalara ýa-da hökümete diýenini etdirip biljek halkara guramalaryna ýa-da milli häkimiýete ýüzlenip bilersiňiz.
Ýerli ýaşaýjylar magdan gazyp alýan senagata garşy çykýar
Junin atly kiçi oba Ekwadordaky And daglarynyň ýapgytlaryndaky tropik tokaýyň owadan böleginde ýerleşýär. Bu ýeriň ýaşaýjylary garypdy, ýöne olar ýüzlerçe ýylyň dowamynda ekerançylyk bilen eklenýärdi. Ýaňy-ýakynda Juniniň ilaty öz taryhynda ilkinji gezek uly synagdan geçmeli boldy: korporasiýa olaryň ýaşaýan ýerinde Günorta Amerikada iň uly açyk mis känini açmagy meýilleşdirdi. Ýaponiýanyň magdan gazyp alýan senagat korporasiýasy ýerleri barlamaga gelende, Juniniň ýaşaýjylary magdan gazyp alýan senagatyň hapalanma döretjekdigini bilýärdi. Magdan gazyp alýan korporasiýa ýollary, mekdepleri, klinikalary gurjakdygy barada söz berýärler. Şol sebäpli hem Juniniň adamlary olara ýerlerde peýdaly magdanlaryň agtarylmagyna razylygyny berýär. Tiz wagtdan korporasiýa uly mis ýataklaryny tapýar, yzýany bolsa Juniniň suw üpjünçiligi kän galyndylary bilen hapalanýar. Adamlar deri örgüninlerine we beýleki saglyk kynçylyklaryna sezewar bolýar.
Ýerli ilat gazyp alýan korporasiýadan öz ýerlerini hapalamagy bes etmeklerini haýyş edýär. Emma korporasiýa öz işini bes etmänsoň, Juniniň ýaşaýjylary çäre görmeli boldular. Şahtaçylar zähmet rugsadyna çykanlarynda, oba ýaşaýjylarynyň ýüzlerçesi gazyp alýan düşelgä girip, gurallary, mebelleri we beýleki gymmat bahaly zatlary alyp, ol ýerden häkimiýet bilen çykyp gaýtdylar. Soňra olar düşelgäni bütinleý otladylar. Korporasiýa bu duýduryşa düşünip, işi togtatdy, ýöne soň käni Kanadanyň korporasiýasyna satdy.
Kanadanyň korporasiýasy ýerli ilatyň agzyny alartmak isleýärdi. Ýerlerini satyn aljak bolup, olar adamlara köp pul hödürlediler. Käbir adamlar ýerlerini satýardy, käbirleri- satmaýardy. Korporasiýa dawa turjagyny bilýärdi. Şeýle hem korporasiýa diňe käniň peýdasy baradaky kagyza gol çekenlere kömek etmek üçin lukman ýollady. Bu adalatsyzlyk äşgär bolansoň, Ekwadoryň belli daşary halkara tarapdarlary näsaglara seretmek üçin lukman iberdi.
Ekwadorda kanuna laýyklykda ähli ösüş taslamalaryň başlanmazyndan öň DGÝTB-ni geçirmek talap edilýär. Şol sebäpli hem öz ýerlerini goramak maksady bilen Juniniň ilaty DGÝTBni öz meýilnamalaryna goşdular. DGÝTB adalatly geçirilen bolsa, hökümetiň magdan känini gurdurmaga rugsat bermejekdigini oba ýaşaýjylary bilýärdi. Şeýle-de olar adalatly DGÝTB-niň mis magdan gazyp alýan senagatyň adamlary başga ýerlere göçüp gitmäge mejbur etjekdigini, howany hapalap biljekdigini, suw akymlarynda eroziýany we gyrmançany döretjekdigini, suw akymlarynyň hapa suwlar, agyr metallar we beýleki zäherli taşlandylar bilen hapalanjakdygyny görkezerdi.
Juniniň ýaşaýjylary kanundan peýdalanmagy öwrendiler. Korporasiýa DGÝTB-ni geçirendigi barada habar berende, hökümet doly işlenilmändigi sebäpli, ony kabul etmeýär.
Ýollary ýapyp we korporasiýa meýdanlaryna girmäge mümkinçilik bermän, Juniniň ýaşaýjylary dogry hereket edýärdi. Ýerli ýolbaşçylar tutuş çägi gazylyp alynmaýan ýerler diýip ýglan etdi. Açyk mis käni öýleri, baý tokaý we suw serişdelerini weýran etmez ýaly, Juniniň ýaşaýjylary göreşde tärleriň köpüsini ulandylar.
Jemgyýetlere esaslanýan DGÝTB
Jemgyýetlere esaslanýan DGÝTB obadaky, şäherdäki ýa-da welaýatdaky adamlara howa, iýmit, suw, haýwanlar, tokaý materiallary, derman ösümlikleri, keramatly ýerler ýaly serişdelerden peýdalanmaklaryna, olary goramaklaryna we olara mätäç bolmaklaryna düşünmegiň umumy ýollaryny tapmaga kömek edip biler. Ol jemgyýetde serişdeleriň ulanylmagy babatda dörän dawalary çözüp biljek işi gozgap bilýär. Şeýle hem ol korporasiýalara we hökümetlere garşy çykyş etmek üçin ýerli ilata kömek edip bilýär. Öz bähbitleri üçin suwy, agaç materiallary, topragy we beýleki serişdeleri ulanmak üçin adamlaryň arasynda agzalalyk döredýän senagat pudaklarynyň garşysyna çykyş etmek üçin hem adamlary bir ýere jemlemäge kömek edýär.
Jemgyýete esaslanan DGÝTB ýerli ilatyň haýsy serişdelerden peýdalanmalydygyny ara alyp maslahatlaşmak we olary ulanylmakdan has oňat goramak barada netijä gelmek ýaly ýönekeý bolup biler. Jemgyýete esaslanan has çylşyrymly DGÝTB jikme-jik kartalary, sorag geçirmegi we goňşy jemgyýetler we goldaw beriji guramalar bilen arkalaşyklary döretmegi öz içine alýar.
Munuň DGÝTB-niň ýuridik talaplaryna laýyk gelmeýän bolmagy mümkin, sebäbi ol serişdeleriň ulanylmagyny alada etmeýän ýaly, diňe wajyp görünmek üçin jemgyýet, adam saglygy we medeniýet barada pikir edýän ýaly görünmek isleýär. Jemgyýete esaslanan DGÝTB özi üçin niýetlenen “ylmy” diliň gurluşyna düşünmegiň kyndygyny we ara alyp maslahatlaşmak geçirilmez ýaly edilip köp adamlar üçin bulaşdyrylandygyny belleýär. Jemgyýete esaslanan DGÝTB “Daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermegiň başga usuly mümkin” diýmegi aňladýandyr.
Şu kitapda berilýän kartografiýa, ýaşaýyş dramalary, saglyga gözegçilik, suw sakalaryny goramak, zir-zibil gezelençleri ýaly hereketleri jemgyýete esaslanan DGÝTB ýardam berip biler.