Hesperian Health Guides
Suw toplaýjy çäkleri goramak we dikeltmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 9: Suw toplaýjy çäkleri goramak > Suw toplaýjy çäkleri goramak we dikeltmek
Durnukly ösüş suw toplaýjy çäkleri goraýar
Ýollaryň gurluşygy, elektroenergiýany ýa-da suwaryşy üpjün etmek üçin derýalaryň böwetlenmegi, mör-möjekleriň köpelmezligi üçin batgalyklaryň guradylmagy ýaly üýtgeşmeler adamlaryň durmuşyny gowulandyrmak umydy bilen suw toplaýjy çäklerde amal edilýär. Emma bu üýtgeşmeler suw toplaýjy çäklerindäki suwlaryň akymyny göz öňünde tutmazdan amala aşyrylsa, olaryň zyýany peýdasyndan köp bolmagy mümkin.
Suw toplaýjy çäkleri zaýalaman, olaryň adam saglygy üçin şu gün we gelejekde howpsuz bolmagyna ýardam berjek ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň birnäçe usullary bar:
- Suw üpjünçiligi we arassaçylyk boýunça taslamalaryň ýerli ilatyň we daşky gurşawyň bähbitlerini araýandygyna gözegçilik ediň (6-nji baba we 7-nji baba ser.).
- Tokaýlaryň sagdyn saklanmagyny üpjün ediň.
- Oba hojalygynda ulanylýan topragyň mes we hasylly bolmagyny üpjün edýän usullary ulanyň (15-nji baba ser.).
- Galyndylary azaldyň we olary howpsuz usullar arkaly ýok ediň (18-nji baba we 19-nji baba ser.).
- Jaý guranyňyzda, derýalaryň suw toplaýjy çäklerden geçýän tebigy akymlaryny üýtgetmejek boluň. Gurjak jaýlaryňyza möwsümleýin silleriň howp salmaýandygyna göz ýetiriň. Şeýle-de toprak pytramasyna (eroziýasyna) sebäp boljak hereketlerden gaça duruň.
Suw toplaýjy çäkleri goramagyň bähbitleri
Suw toplaýjy çäkleriň goralmagyna şular girýär:
- ýer bilen bagly jedelleri çözmek;
- kesgitli araçäkleriň geçirmek;
- suw akymy boýunça meýilnamalar düzmek;
- ýerden we suwdan peýdalanmak barada goňşular arasynda ylalaşyklaryň baglanyşylmagy;
- geçirilmeli işler üçin zerur bolan resurslary bilelikde toplamak we peýdalanmak.
Käbir jemgyýetlerde şeýle taslamalary durmuşa geçirmek aňsat däl. Ýerli we sebit hökümetleri jedelleri çözmäge gatnaşyp bilýärler, ýöne bu käwagt şowly, käwagt bolsa şowsuz tamamlanýar. Emma adamlar suw toplaýjy çäkleri goramakda agzybir işleseler, suwuň bol bolmagyny üpjün ederler.
Suw ýetmezçiligi dawa-jedelleri döredýär ýa-da ýitileşdirýär. Suwuň bol bolmagy adamlaryň özara gatnaşyklaryny gowulandyrýar, ilatyň saglygyny hem goraýar.
Suw toplaýjy çäkleri goramagyň käbir artykmaçlyklary şulardan ybarat:
- guýularda we çeşmelerde arassa suw köpelýär;
- guraklyk döwründe hem hasyl oňat bolýar;
- mallar has gurat bolýar.
Suw bol bolanda, hasyllylyk hem artýar. Adamlaryň girdejileri ýokarlanýar. Bu olaryň oturymly ýerlerini taşlap, iş gözlemäge gitmezligine mümkinçilik döredýär.
Beýan edilen wakanyň dowamy "Aguan jülgesindäki suw toplaýjy çäkleriň zaýalanmagy".
Aguan jülgesinde ýaşaýan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň gowulanmagy
Gondurasy heläk eden tupan Aguan derýasynyň suw toplaýjy çäkleriniň meýdanynda ýaşaýan adamlaryň ählisine zyýan ýetirdi. Şonuň üçin-de, her bir adam hemmeler bilen bilelikde dikeldiş işlerine gatnaşmaga taýýardy. Jülgäniň ähli obalarynyň adamlary birek-biregi bilen duşuşyp başladylar. Sil zerarly dörän opurylmalar köp öýleri weýran edensoň, adamlaryň aglaba bölegi öýsüz-öwzarsyz galdy. Dini baştutanlaryň kömegi bilen, olar öz meseleleriniň uzak möhletleýin çözülmegi barada gürrüň edip başladylar.
Adamlar siliň weýran edenlerini dikeldip başlanlarynda, täsin zatlary bildiler: olar öz ekindikinleri arkaly topragy gorap-da, oňa zyýan ýetirip-de bilýän ekenler. Daýhanlar ösümlikleri baýyrlyklaryň ýapgytlarynda aşakdan ýokaryk ekmegiň deregine, keseligine çekilen joýalarda ekseler, topragyň gowulanmagyna ýardam berip, onuň pytramasynyň öňüni alyp biljekdiklerine düşündiler. Olar suwy sowýan ýaplary, daş diwarlary we beýleki böwetleri gurup, baýyrlaryň ýapgytlaryny gorap biljekdiklerine hem düşündiler. Daýhanlar öz ýerlerini goramagyň täze usullaryny bilendiklerine şatdylar. Olar plantasiýalaryň eýeleriniň we maldarlaryň topraga örän köp zyýan ýetirýändiklerine hem göz ýetirdiler. Oba ýaşaýjylary we daýhanlar uly banan plantasiýalarynyň eýesi bolan maşgalalara we köp sanly mallary bolan maldarlaryň hojalyklaryna baryp başladylar.
Oba ýaşaýjylary suwy goramagyň her bir adam üçin wajypdygy barada iri ýer eýeleri bilen gürrüňdeş boldular. Olar: “Topragyň zaýalanmagyndan we suwuň hapalanmagyndan diňe garyp adamlar däl, biziň ählimiz ejir çekýäris” – diýip, maldarlara we ýer eýelerine düşündirdiler.
Wagtyň geçmegi bilen jülgedäki iň baý ýer eýeleri hem dikeldiş işlerine öz goşantlaryny goşup başladylar. Käbirleri çeşmejikleri we gözbaşlary mallardan goramak üçin, olaryň daşyna haýat aýladylar. Baýyrlyklardaky ýerleriň eýeleri aşakdaky ýerleriň eýeleri bolan oba ýaşaýjylaryna öz baýyrlyklarynyň ýapgytlaryndan agaç ekmäge rugsat berdiler. Jülgedäki daýhanlar baýyrlaryň ýapgytlarynda ýaşaýan iri ýer eýelerine ýüzlenip, olardan ýerleriniň bir böleginiň daşyna haýat aýlamaga we ýokardaky ýerleri goramaga rugsat bermeklerini haýyş etdiler.
Maldarlara jülge mal bakmak üçin gerekdi. Tutuş ilat üçin bolsa mallary baýyrlaryň ýokarsyndan uzakda saklamak gowudy. Şunlukda, bu meýilnama hemmelere kömek etdi. Aguan derýasynyň töwereginde ýaşaýan adamlar öňler birek-biregi bilen gatnaşmaýardylar, gürleşmeýärdiler. Emma tupandan soň olar birekbiregi bilen gowy gatnaşyklary ýola goýdular. Olar öz suw toplaýjy çäklerini goramak bilen, çagalarynyň has arassa suwly we has howpsuz jaýly boljakdyklaryna göz ýetirdiler. Bu suw toplaýjy çäkler üçin hem, adamlar üçin hem gowudyr.
Suw toplaýjy çäkleriniň taslamasyny meýilnamalaşdyrma
Aguan derýasynyň boýunda ýaşaýan adamlar öz suw toplaýjy çäklerini gorap başlanda, aşakda beýan edilýän tertipde hereket etdi:
- Suw toplaýjy çäkleriň ýagdaýyny kesgitlemek
Jemgyýetçilik toparyň ýolbaşçylary, mugallymlar we beýleki adamlar bilen bir topar bolup, suw toplaýjy çäkleriň abatlygy üçin wajyp ýerlere aýlanyň. Suw toplaýjy çäkleriň ölçegine baglylykda, bu iş birnäçe günden birnäçe hepdä çenli dowam edip biler. Esasy suw akarlaryna baryp görüň-de, olaryň bir-birleri bilen sepleşýän ýerlerini belläň. Suw toplaýjy çäkleriň meýdanynda kimiň nirede ýaşaýandygy we dürli ýerlerde tebigy baýlyklaryň we topragyň nähili ulanýandygy barada bellikleri ediň.
Adamlaryň suw alýan ýerlerine, suwuň hapa bolaýjak ýerlerine (zawodlaryň, öri meýdanlaryň, hapa dökülýän ýerleriň töweregi) we haýsydyr bir kynçylygyň sebäbi bolýan ýerlere baryp görüň.
Adamlar bilen dürli pasyllarda bolup geçýän özgerişlikler barada gürrüňdeş boluň. Awçylar we balykçylar haýwanlaryň, guşlaryň nirede mesgen tutýandygyny, olaryň dürli pasyllarda nirede bolýandygyny bilýärler. Suw toplaýjy çäkleriňiz boýunça hünärmenler öz araňyzda-da bardyr. - Suw toplaýjy çäkleriň kartasyny ýa-da suratyny çekmek
Hemme ýerlere aýlanyp çykanyňyzdan soň, alan maglumatlaryňyzy ara alyp maslahatlaşyň we olary ýerli ilata ýetirmegiň iň oňat ýoluny kesgitläň.
Suwa we topraga nämäniň zyýan ýetirip biljekdigi barada pikir alşyň. Bu size suw toplaýjy çäkleriň kartasyny çyzmaga we onuň kynçylyk döredýän ýerlerini bellemäge kömek eder. Ýaşulular ähli zadyň öň nähili bolandygyny we nämeleriň üýtgändigini görkezýän kartalary döretmäge ýardam bererler. - Jemgyýetçilik toparyň ýygnagyny gurnamak
Suw toplaýjy çäkleriň meýdanynda ýaşaýan ähli toparlaryň wekilleriniň duşuşygyny guraň. Saglygy goraýşyň işgärlerini, suwa we arassaşylyk ýagdaýyna jogapkär adamlary, ýer eýelerini, telekeçileri we suw ýygnaýan adamlary çagyrmak örän wajypdyr.
Suw toplaýjy çäklerde ýüze çykan kynçylyklary düşündirmek üçin, öz kartaňyzy ulanyň. Adamlary biynjalyk edýän saglyk ýagdaýlary barada gürrüň berilmegini gazanyň. Suw toplaýjy çäkler bilen baglanyşykly meseleleriň: suwuň hapalanmagy, tokaýsyzlandyrma, toprak pytramasy ýaly meseleleriň saglygy erbetleşdirip bilýändigini ara alyp maslahatlaşyň.
Ara alnyp maslahatlaşmagyň maksady – meseleler ýüze çykarylandan soňra olaryň çözgüdini agtarmak. Her meseläniň çözgüdi agtarylanda, şeýle soraglary berip bilersiňiz: Meseläni häziriň özünde çözüp bolýarmy? Tehniki goldaw, pul ýa-da beýleki serişdeler gerek bolarmy? Bu işe kimler çekilmeli? - Hyzmatdaşlygy ýola goýmak
Suw toplaýjy çäkler barada maglumatlary toplamak üçin gezelenç etmek we ýygnaklar geçirmek şol ýerde ýaşaýan adamlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň usullarydyr. Derýa akymynyň aşaky we ýokarky taraplarynda ýaşaýanlaryň arasynda ýygnaklar geçiriň. Soňra aýry-aýry toparlaryň arasynda duşuşyklary guraň. Umumy maksatlary kesgitläp, hemmeler üçin bähbitli bolan çözgütleri tapyň.
Käwagt suw toplaýjy çäklerde, aýratyn-de uly suw toplaýjy çäklerde hyzmatdaşlygy ýola goýmak kyn bolýar. Toparlaryň we guramalaryň köpüsiniň suw toplaýjy çäklerde boljak zatlar barada öz pikirleri bolýar. Şoňa görä-de, olara beýlekileriň pikirlerini, isleglerini kabul etmek kyn bolýar. Güýçleriň, serişdeleriň we jemgyýetdäki orunlarynyň tapawutly bolmagy käwagt dawa-jenjelleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Emma diňe baý, abraýly adamlaryň däl-de, her bir adamyň islegi we goşandy sylanylmalydyr. Diňe şeýle ýagdaýda berk hyzmatdaşlygy döredip bolar. Hyzmatdaşlykdaky açyklyk we dogruçyllyk birek-birege bolan ynamy döreder. Hyzmatdaşlyk edýänleriň ählisi öz gatançlaryny goşýandyklary üçin, edilýän işler her bir adamyň bähbidini aramalydyr.
Aguan derýasynyň jülgesinde ýaşaýanlaryň özara baglanyşan ylalaşyklary barada pikirleniň. Bir topar beýleki toparyň ýerlerinde agaçlary oturtdy. Baý maldarlar çeşmeleriň we gözbaşlarynyň daşlaryna haýat aýlamaga razylyk berdiler. Käbir adamlar öz ýerlerini beýlekileriňki bilen çalyşdylar. Gaýratlylyk, sabyrlylyk we has arassa suwa bolan isleg hyzmatdaşlygyň ösmegine, üstünlik gazanmaga mümkinçilik berdi. - Ýerine ýetiriljek işleriň meýilnamasyny düzmek
Öňüňizde aýdyň maksatlary goýuň we ýerine ýetiriljek işleriň meýilnamasyny düzüň. Mysal üçin, 5 ýyldan ähli suw gözbaşlarynyň töwereginde agaçlaryň ösmegi siziň maksatlaryňyzyň biri bolup biler. Derýanyň suwuny goramak – beýleki bir maksat bolup biler. Şonda takmynan 50 ýyldan bu derýanyň suwuny içmek howpsuz bolar.
Geçiriljek işleriň meýilnamasyna haýsydyr bir ýeri goramaklygy hem goşuň. Şeýle goragly ýerlere çeşmeleriň we baýyrlyklaryň ýokarlaryndaky ýerler degişli edilse, gowy bolar. Şeýle ýerleri ulanmazlyk olary goramagyň bir usulydyr. “Ulanmaly däl” diýen ýazgylary asyň ýa-da agaçlara reňk bilen bellik ediň.
Derýanyň aşaky akymynyň boýunda ýaşaýanlar suw toplaýjy çäkleriň goralmagyndan ilkinjiler bolup peýda görýärler. Sebäbi olar suwy bol alýarlar, şol töwerekdäki toprak has mes bolýar. Ýerine ýetirjek işleriňiziň meýilnamasyny suw çäkleriniň ýokarsynda ýaşaýanlar üçin-de bähbitli bolar ýaly düzüň. Jemgyýetçilik toparlarynyň ählisi bile işlese, meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmeginiň mümkinçiligi artýar.
Aguan derýasynyň suw toplaýjy çäkleri boýunça ýerine ýetiriljek işleriň meýilnamasy
- Suw gözbaşlarynyň töweregindäki ösümlikleri çapyp aýyrmaly däl.
- Agaçlaryň azlyk edýän ýerlerinde, esasan hem suw gözbaşlarynyň golaýynda tokaýlary döretmeli, nahallaryň ösmegine ýardam bermeli.
- Tokaýlary dikeltmek üçin ýöriteleşdirilen nahalhanalary döretmeli.
- Tokaý ýangynlarynyň öňüni almak boýunça toparlary döretmeli. Ýerli daýhanlara meýdanlary otlamazlygy ýa-da howpsuz, gözegçilik edip boljak ody ýakmagy öwretmeli.
- Suw gözbaşlarynyň töweregine haýat aýlap, ”Goralýan meýdan” diýen ýazgylary asyň.
- Daýhanlary topragy goramaga höweslendiriň. Goý, olar ekerançylygyň galyndylaryny dökün hökmünde ulansynlar, söýget diwarjyklaryny gurup, joýalaryny çekilen çyzyklaryň ugry boýunça çeksinler.
- Adamlaryň pestisidleri we himiki dökünleri ulanmakdan ýüz öwürmeklerini gazanyň.
- Hajathanalary, lagym ulgamlaryny, haýsydyr bir zatlary ýuwmak üçin niýetlenen meýdançalary suw gözbaşlaryndan uzagrak ýerlere geçirmek babatda ýerli hökümet we iş toparlary bilen hyzmatdaşlyk ediň.
- Ýaşaýan ýeriňizde ýowar geçiriň we hapanyň çeşmelere, derýalara garylmagyna ýol bermäň.
- Mallary suw gözbaşlaryndan daşlaşdyryň we mal bakmagyň gadagan edilen ýerlerinde bellik ediň.
- Täze göçüp gelen adamlaryň we täze kärhanalaryň suw toplaýjy çäkler barada bilýändiklerine göz ýetiriň, onuň goralmagy üçin nähili kömek berip biljekdiklerini anyklaň.
Bu ädimler jemgyýetçilik topara suw toplaýjy çäkleri goramak boýunça taslamanyň nusgasy hökmünde hyzmat edip biler. Taslamany durmuşa geçirmek üçin, oňa köpden-köp adamlaryň gatnaşdyrylmagy möhümdir. Adamlaryň özara hyzmatdaşlyk etmegi gelejek üçin örän peýdalydyr.