Hesperian Health Guides
Suw toplaýjy çäkleriň işleýşi
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 9: Suw toplaýjy çäkleri goramak > Suw toplaýjy çäkleriň işleýşi
Mazmuny
Suwuň tebigatda aýlawly hereketi
Suw hemişe hereketde bolýar. Käte ol derýadaky akym ýaly akýar. Käte ol suwuk görnüşden (suw) gaza (bug ýa-da suw buglary) öwrülýär, käte gaty görnüşde (buz ýa-da gar) hereket edýär. Emma dünýädäki suwuň umumy möçberi asla üýtgemeýär. ähli bar bolan suw asmandan ýere siňip, derýalara, köllere, ummanlara akýar, soňra ýene-de asmana bug görnüşinde galýar. Şeýle hereket suwuň tebigatdaky aýlawly hereketi diýlip atlandyrylýar.
Suw toplaýjy çäkler suwy we topragy goraýar
Suw toplaýjy çäklerdäki suwlarynyň aglaba bölegi derýalarda ýa köllerde bolman, topragyň özünde bolýar. Sagdyn suw toplaýjy çäkler arassa suwa we mes topraga baýdyr. Suw toplaýjy çäkleriň ýokarlaryndaky we çeşmedir derýalaryň kenarlaryndaky agaçlar we ösümlikler, esasanam uzyn otlar, ýerasty suwlary köpeldip, olaryň hilini gowulandyrýarlar.
Suwy, ösümlikleri, topragy gorap saklamak bilen, biz suw toplaýjy çäkleri goraýandyrys.
Suw toplaýjy çäkleri döretmek
Bu sapak adamlara suw toplaýjy çäkleriň nähili işleýändigine, onuň düzümindäki ähli elementleriň adam saglygy üçin näderejede wajypdygyna düşünmäge kömek eder.
Wagty: 30 – 45 min.
Enjamlar: Her topar üçin uly kagyz tagtasy, käse ýa-da tabak, dürli galamlar ýa-da suwuň esasynda ýasalýan dürli ruçkalar we suw gerek bolar
- 3-5 adamdan ybarat toparlara bölüniň.
- Her topar uly kagyz tagtany alyp, ony ilki ýygyrt-ýygyrt edip, soňra ýygyrtlar we güberçekler galar ýaly edip ýazyşdyrmaly.
- Topar kagyzyň ýüzünde suw toplaýjy çäkleriň dürli aýratynlyklaryny reňklemeli: gerişleri goňur, jülgeleri ýaşyl, derýalary we suw ýollaryny açyk gök reňk bilen reňklemeli. Soňra adamlaryň suw toplaýjy çäklerine goşan zatlaryny: zir-zibilleri, pestisidleri, benzini we beýleki himikatlary görkezmek üçin, dürli reňkleri ulanmak bolar (mysal üçin, gyzyl reňk galyndylar we zir-zibiller üçin, gara reňk pestisidler, benzin we beýleki himikatlar üçin).
- Kagyzy tabagyň ýa-da käsäniň içinde ýerleşdiriň. Ony ýerleşdireniňizde, jülgeleri aňladýan oýtumlaryň, gerişleri aňladýan güberçekleriň şekilini üýtgetmejek boluň.
- Adamlar barmaklaryny suwa batyryp, reňkler kagyzyň ýüzünde akyp başlaýança, suwy seresaplyk bilen suw toplaýjy çäkleriň üstüne pürkýärler. Olar reňkleriň suw toplaýjy çäkleriň düýbüne ýetýänçä nähili özgerýändigine üns berip, bu barada pikir alyşýarlar.
- Hemme toparlary bile ýygnaň. Goý, olar gören zatlarynyň suw toplaýjy çäklerde bolup geçýän ýagdaýa meňzeşdigi barada pikir alyşsynlar. Suwuň geçýän aralygyna we onuň düzümine dürli zatlaryň goşulýandygyna adamlaryň ünsüni çekiň.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin soraglar:
- Hapa galyndylar (gyzyl reňk) we pestisidler (gara reňk) akymyň aşak tarapynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna nähili zyýan ýetirýärler?
- Suw toplaýjy çäkleri hapalansa, ýaşaýan ýerleriňizde nähili üýtgeşmeler bolar diýip pikir edýärsiňiz?
- Suw toplaýjy çäkleriň dikeldilmegi we goralmagy üçin jemgyýetçilik topary haýsy çäreleri geçirip biler?
Aguan jülgesindäki suw toplaýjy çäkleriň zaýalanmagy
40 ýyl mundan ozal Aguan derýasynyň töweregindäki depeler tokaýlar bilen örtülendi. Bu jülge Gondurasda iň bir hasylly sebitleriň biri bolup, köp obalaryň ýaşaýjylaryny we daýhanlaryň maşgalalaryny bolelin üpjün edýärdi. Köp sanly kiçijek dury çeşmeler baýyrlyklardan Aguan derýasyna akýardylar. Derýa jülgäniň ortarasyndan geçip, Karib deňzine guýulýardy.
Soňra adamlar ekerançylygy we maldarçylygy has-da ýaýbaňlandyrmak üçin, tokaýlary çapmaga başladylar. Uly ir-iýmiş kompaniýalary döredildi. Bu kompaniýalar gazançlaryny artdyrmak maksady bilen, agaçlary öňküden-de köp çapyp, olaryň deregine banan plantasiýalaryny ekdiler. Jülgedäki iň oňat ýerleri baý ýer eýeleri eýeledi. Şonuň üçin-de, köp maşgalalar baýyrlyklara göçmäge mejbur boldular. Agaçlaryň köp bölegi çapylansoň, soňabaka adamlaryň köpüsi baýyrlyklaryň ýapgytlarynda ýaşap başladylar. Derýanyň we çeşmeleriň suwy azalyp, öňküsi ýaly arassa däldi.
Aguan jülgesinde ýaşaýan adamlar ähli zadyň üýtgändigini bilýärdiler. Emma olar suw toplaýjy çäkleriniň näderejede üýtgändigine diňe tupan turandan soň, ýagny güýçli çabgalar baýyrlary opuranyndan soň düşünip galdylar. Sebäbi tutuş obalary we birgiden jaýlary sil syryp äkitdi. Adamlaryň köpüsi ýogaldy, ençemesi bolsa keselledi.
Tupandan soň dikeldiş işlerini geçirenlerinde, adamlar baýyrlaryň ýapgytlaryndaky agaçlaryň ýok edilmeginiň, süýşgünleriň we ýüze çykan saglyk meseleleriň özara baglanşyklydygyna göz ýetirdiler. Mal-gara suw gözbaşlaryny hapalapdyrlar. Bu bolsa çagalaryň içgeçme we beýleki kesellere ýolukmagyna sebäp boldy. Hasyl peseldi. Meýdanlar agaçsyz galansoň, ýagyş möwsüminde toprak suwy saklamaýardy, meýdanlar çalt guraýardy. Gyş ýagyşlarynyň döwründe olar topragy ýuwdular. Ýerden alynýan hasyl örän azalansoň, adamlar açlyga sezewar boldy. Açlyk bolsa olaryň saglyk ýagdaýlaryny erbetleşdirdi.
Ýüze çykan ýagdaýlar barada pikir edensoňlar, adamlar saglyklaryny dikeltmek üçin suw toplaýjy çäklerini goramalydyklaryna düşündiler.
Zaýalanan suw toplaýjy çäkleriň saglyga ýetirýän täsiri
Agaçlary çapylyp, ösümlikleri aýrylan ýerlerdäki (tokaýsyzlandyrma) toprak suwy az saklaýar. Bu bolsa öz gezeginde ýerasty suwlaryň azalyp, çeşmeleriň we gözbaşlarynyň guramagyna sebäp bolýar. Gurakçylyk döwri has uzaga çekýär. Netijede, suw ýetmezçiligi zerarly döreýän saglyk kynçylyklary ýüze çykýa. Tokaýsyzlandyrma topragyň ýitirilmegine eltýär. Bu bolsa gök önümleri ösdürip ýetişdirmegi kynlaşdyrýar, açlygyň ýüze çykmagyna sebäp bolup, adamlary başga ýerlere göçmäge mejbur edýär.
Batgalyklar guraýarlar. Olar indi suwuň düzümindäki zäherli maddalary süzüp bilmeýärler. Bu bolsa suwuň öňküden hem artyk hapalanmagyna eltýär. Batgalyk ýerleriň ýok edilmegi we tokaýlaryň çapylmagy suw joşgunlaryň döremegine sebäp bolýarlar. Suw joşgunlary şikeslenmelere, ölüme, içgeçme keseliniň giňden ýaýramagyna eltýär.
Suw toplaýjy çäklerdäki üýtgeşmeler çybynlar arkaly geçýän keselleri artdyrýarlar
Çybynlar haýal akýan ýa-da ýata suwlarda köpelýärler. Suw toplaýjy çäklerdäki suw akymyna ýa-da topraga garaşylmadyk üýtgeşmeler girizilse, çybynlaryň köpelmegine amatly şertler döreýär.
Şeýle üýtgeşmeleriň netijesinde şular ýüze çykyp biler:
- Çäge we çagyl ýaly gurluşyk materiallaryny, şeýle hem altyn ýaly gymmatbahaly metallary almak üçin derýa hanalarynyň gazylmagynyň netijesinde ýata suwlar emele gelýär.
- Derýa akymynyň böwetlenmegi ýata suwy emele getirýär we akymyň ugruny üýtgedýär.
- Ýollaryň gurluşygy suw akymyny togtadyp, yata suwlary emele getirip biler.
Eger siz suwuň akymyny üpjün edip bilseňiz, suw howdanlaryndaky üýtgeşmeler denge gyzdyrmasy, gyzzyrma, sary gyzdyrma ýaly çybynlar arkaly geçýän keselleri döretmezler. Çybynlar zerarly döreýän keselleriň öňüni almak barada has giňişleýin maglumatlary bilmek üçin 8-nji baby okaň.