Hesperian Health Guides

Suw akymyny dolandyrmak

Bu bapda:

Suwuň ýere siňdirilmegine ýa-da ternawlara akdyrylmagyna zeýkeş diýilýär. Oňat zeýkeşler silleriň we toprak pytramasynyň howpuny peseldýär. Olar suwuň köp böleginiň ýere siňmegine kömek edýär. Zeýkeş gowy bolmasa, ol toprak pytramasyny we ýata suwlary emele getirýär.

Zeýkeşi gowulandyrmagyň iň oňat usuly – ýagyn suwlaryny “ylgatman”, haýallyk bilen ýeriň ýüzüne ýaýrap, topraga siňdirmek.

right alt=Illustration of the below: Men use shovels to clean a drainage canal.
Zeýkeş kanallarynyň yzygider arassalanmagy keselleriň we silleriň öňüni alýar.

Muny etmek üçin:

left alt=Illustration of the below: Gutters hanging from the roof of a house channel runoff into containers.
Ýagyş suwuny durmuş baýlygyna öwrüň.

Uly şäherdäki we şäherçelerdäki suw toplaýjy çäkler

Uly şäher ýa-da şäherçe gurlanda, ol suw toplaýjy çäklerden akýan suwuň akymyny üýtgedýär. Şäher gurluşygy ýollar, örtükler we üçekler ýaly gaty zatlary döredýär. Bu bolsa ýagyş suwuny ýere siňmän, haýsydyr bir ugra akmaga mejbur edýär. Suwuň topraga siňmezligi onuň ýygnanmagyna, ýata suwuň döremegine eltýär. Ýata suwlar bolsa çybynlaryň köpelýän ýerine öwrülýärler. Suwuň ýere siňmezligi suw almanyň töwekgelligini hem artdyrýandyr.

Gür ilatly we senagatyň ösen ýerlerinde suw has köp hapalanýar. Batgalyk meýdanlaryny we kenarlary şäherlerde we şäherçelerde sagdyn saklamak kyn bolsa-da, örän möhüm çäredir. Sebäbi batgalyk meýdanlar hapa suwuň ýygnanmagyna, ösümliklere, haýwanlara we adam saglygyna zyýan ýetirilmegine ýol bermeýärler.

Ýerli ilat özüne degişli suw toplaýjy çäkleri goramak üçin, şu aşakdakylary berjaý edip biler:

  • Suw gözbaşlarynyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin, adamlaryň galdyrýan hapalaryny we zäherleri himikatlary howpsuz ýok etmeli.
  • Şäheriň çäklerindäki batgalyk meýdanlaryny, çeşmeleri we derýa kenarlaryny seýilgähler hökmünde dikeltmeli. Käbir jemgyýetçilik toparlary ýollaryň gyralarynda baglary ekýärler. Bu suwuň lagym turbalaryna akman, topraga süňmegine ýardam berýär
  • Suw joşgunlarynyň bolup biläýjek ýerlerinde ýaşaýan adamlary has howpsuz jaýlar bilen üpjün etmek üçin, şäher häkimlikleriniň degişli çäreleri geçirmegini gazanmaly.
  • Önümçilik pudaklarynyň we kärhanalaryň öz galyndylary babatda jogapkärçilikli bolmagyny talap etmeli.
  • Şäher häkimliginiň we raýat guramalarynyň durnukly ösüş boýunça geçirýän işlerine işjeň gatnaşmaly.


People in a city neighborhood clear trash from a drainage ditch and storm drain.
Şäherdäki we şäherçelerdäki suw toplaýjy çäkleriň hapalanmagy aňsat, emma olary gorap bolar!