Hesperian Health Guides
Goralýan guýular
Ilat üçin iň gowy guýy ýerasty suwuň çuňlugyna, ony gazmak, burawlamak, gurmak üçin elýeter enjamlaryň we serişdeleriň bolmagyna baglydyr. Köp halatlarda adamlaryň susak bilen suw alýan ýalpak guýulary suw sorujylar arkaly çykarylýan gymmat bahaly çuň guýularyndan gowy bolýandyr. Käwagt bir çuň guýudan birnäçe ýalpak guýular gowudyr, sebäbi olaryň biri gurasa, beýlekisinden suw alyp bolar.
Adamlar guýynyň gyrasynda duranlarynda ýa-da hapa susakdan peýdalananlarynda, guýudaky suwuň hapalanmagy mümkin. |
Mazmuny
Howpsuz guýular we suw howdanlar üçin edilmeli ädimler
Guýyny gazmazdan öň, onuň ähli adamlar üçin ýaramly boljakdygyna göz ýetiriň. Eger guýy şu aşakdaky ýerlerde gazylsa, onuň suwy adam saglygy üçin zyýanly bolmagy ahmal:
- Hajathana çukurlaryna, lagym ulgamynyň turbalaryna, hapa zibilhanalara ýa-da mal-garalaryň ýataklaryna juda golaý ýerlerde. Guýulary şeýle ýerlerden iň azyndan 30 metr uzaklykda guruň.
- Dag-magdan, nebit burawlamak ýaly senagat işleriniň, himiki pestisidleriň ýa-da dökünleriň ulanylýan meýdanlarynyň ýa-da zibilhanalaryň golaýynda.
- Lagym suwlarynyň ýa-da ýerüsti akarlaryň guýa akyp barýan ýerlerinde.
El bilen gazylan ýalpak guýular gowy we zyýansyz suw bilen üpjün edip bilerler. Ýöne olar tiz guraýarlar ýa-da hapalanýarlar. Ýagyş möwsümlerinde bolsa ýerüsti suwlary guýa akyp, oňa ýokançlyklary we beýleki zyýanly zatlary düşürip bilerler. Suwdan peýdalanýan adamlar we malgaralar öz aýaklaryndaky ýokançlyklary ýalpak guýulara düşürip bilerler. Guýynyň daşyndaky bedre bilen ýüp hem ýokançlyklary toplap, suw almak üçin guýa taşlananda suwy hapalap bilerler.
Suwy hapalanmakdan goramagyň sadaja usullary bardyr. Mysal üçin, guýa diňe arassa bedräniň we ýüpüň sallanylýandygyna göz ýetiriň. Suwy has howpsuz ýagdaýda saklamak üçin, guýynyň agzynyň daş-töwereklerini palçyk bilen suwaň, onuň ýokarsyny bolsa kerpiç ýa-da beton bilen tekizläň. Guýynyň agzyny tekizlemek, ýokaryk galdyrmak ony guramakdan we ýumrulmakdan gorar, çuň guýular bolsa bol suwly bolar. (Guýulary gowulandyrmagyň käbir usullary barada indiki sahypadaky suratlara seret).
Suw howdanlaryňyzy has howpsuz etmek üçin, täze guýulary gazmazdan ýa-da suw ulgamlaryny kämilleşdirmezden öň, aşakda beýan edilýän usullara üns beriň:
Açyk howdanlary kämilleşdirmek |
|
Adam howdandan suw alanda aýagyny öl etmez ýaly, daşdan basgançak guruň. Suw alanyňyzda, aýagyňyzy suwa sokmaň. |
Pes suw
|
Daşgyn
|
Ýönekeý we ýalpak guýulary kämilleşdirmek |
|
1. Kämilleşdirilmedik guýy. | 2. Guýynyň agzynyň şeýle gurulmagy daşyndan suwuň akyp girmegine ýol bermeýär. |
3. Guýynyň agzy çelejik (silindr) we gapak bilen ýapylandyr. | 4. Guýynyň ýokarsy kerpiçler bilen berkidilip, ol ýagyn suwlaryny syrykdyrmak üçin kiçiräk nowa bilen amatlaşdyrylan. |
5. Guýynyň agzy ýagyn suwlaryny syrykdyrmak üçin nowa we sowma kanaly bilen kämilleşdirilen. | 6. Guýynyň agzy ýagyn suwlaryny syrykdyrmak üçin nowa we sowma kanaly bilen kämilleşdirilen. Sowma kanalynyň ujunda ösümlikler ekilen. |
Hojalygyňyzyň guýularyny goraň
Ilatyň aglaba bölegi turba guýularyndan ýa-da suw sorujy bilen enjamlaşdyrylan suw skwažinalaryndan peýdalanýarlar. Bular hökümetiň, ýerli ýa-da halkara agentlikleriň gurup beren guýularydyr. Bu çuň we ýapyk guýular suwy hapalanmakdan goraýarlar. Emma bu guýularyň bir kemçiligi bar: wagtyň geçmegi bilen olaryň suw sorujy enjamlary döwülýär, bu enjamyň şaýlary tapdyrmaýar, tapdyraýanda-da, suw sorujylary bejerip bilýän ussalar eýýäm bu obadan göçüp gidendir. Bu ýagdaý arassa agyz suwy bilen yzygiderli üpjün edilmegine böwet bolýar. Adamlar suw mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin, uzak aralyklary geçip, ýerüsti hapa suwdan almaly bolýarlar. Afrikanyň käbir ýerlerinde turba görnüşli guýularyň deregine goragly hojalyk guýularyndan peýdalanýarlar.
Goragly guýy el bilen gazylyp, agzynyň töweregi sement bilen berkidilýär. Guýudan suw çekmek üçin, ony tigirçek bilen enjamlaşdyrýarlar. Ýagyn suwlary guýa akmaz ýaly, guýynyň daşynda suw syrykdyrýan nowalary gurýarlar – bu el bilen gazylan, üsti beton bilen örtülip, düzlenen çuňlukdyr. Bularyň bary guýynyň goragyny güýçlendirýär. Şeýle çäreleriň görlüp, suwuň arssalanan ýagdaýlarynda, hojalyk guýulary howpsuz bolýar.
Guýulary nirede gazmaly
Guýy gazmak üçin daş-töweregiňize göz aýlaň. Eger golaýda guýular bar bolsa, onda şol ýerde ýerasty suwlaryň bardygynyň alamatydyr. Ýöne siziň görýän guýularyňyz burawlanyp gazylan guýular bolsa, onda bu ýerasty suwlaryň juda çuň ýerleşýändiginiň alamatydyr. Şol ýerlerde guýyny el bilen gazyp, suwa ýetmek juda kyn bolýar. Eger siz guýy gazmakçy bolýan ýeriňizde bütin ýylyň dowamynda guraman, gök öwsüp oturan ösümlikler bar bolsa, bu hem ýerasty suwlarynyň bardygyndan habar berýär. Suw adatça beýik ýerlerde däl-de, pes, oýtak ýerlerde bolýar. Ýöne guýy oýtak ýerde gazylan bolsa, onda ony ýagyş suwlaryndan goramak üçin degişli çäreleri görmelidir.
Guýularyň diwarlaryny daş bilen berkitmek
Gaty toprakly ýerlerde gazylan guýularyň diwarlaryny daş bilen berkitmek zerurlygy ýok. Emma guýynyň diwarlaryny (iň bolmanda 1-2m) daş örüp berkitseňiz, paýhasly hereket etdigiňiz bolar. Bu guýynyň diwarlarynyň içine opurylmakdan gorar. Eger guýynyň diwarlaryny düýbüne çenli daş örseňiz, bu guýy üçin has ygtybarly bolar. Ýöne soňra bu guýyny soň-soňlar gazmak kyn bolar. Guýynyň diwarlaryny daş, bişen kerpiç we beton bilen örmek bolar.
Guýynyň 1-2 metri örülen | Guýynyň diwarlary boýdan-başa örülen |
Guýynyň daşky örtügini nähili etmeli
Beton örtügi üçin şekil ýasaň. |
Armatur simlerini we deşik galdyrmak üçin haýsydyr bir gaby ýerleşdiriň. |
Beton örtüginiň şekilini garylan beton bilen dolduryň. |
Gorag halkasynyň şekilini ýasaň. |
Beton örtügi guýynyň agzyna goýuň. |
Guýynyň diwarlary daş ýa kerpiç bilen örülenden soň, guýynyň agzyna hem beton örtügini ýasamaly. Bu örtük guýyny içine hapa suwlaryň akyp girmeginden we beýleki zatlardan goraýar. Şeýle-de bu örtük guýyny çagalar üçin howpsuz edip, suw çekilýän bedreleriň arassa saklanylmagyna mümkinçilik döredýär.
- Guýynyň agzynyň beton örtügi onuň diwarlarynyň daş örüminiň aýlaw ölçegine laýyk gelmelidir. Beton örtügi guýmak we guýynyň agzynyň ölçegine laýyk gelýän örtük daşynyň tegelegini bellemek üçin, düz ýeri arassalaň. Çyzan tegelegiňiziň daşyna kerpiçleri goýuşdyryň. Bu tegelek örtük daşynyň şekilidir.
- Beton örtügüniň oratasynda suw çeker ýaly ýa-da suw sorujynyň turbasy geçer ýaly deşik goýuň. Bu deşigiň ululygy suw çekiljek gabyň ýa-da ulanylýan suw sorujynyň ululygyna baglydyr. Şonuň üçin-de, şolaryň daşky aýlawynyň ölçegindäki bir gaby beton örtüginiň guýuljak ýeriň merkezinde goýuň.
- Gözenek ýasamak üçin, 3mm diametrdäki simleri guýuljak beton örtüginiň çäklerinde ýerleşdiriň. Simleri biri-birinden 10sm aralykda goýuň.
- Armatur simlerinden edilen gözenegi aýryň. Soňra guýuljak betony garyň. Bu betonyň düzüminiň ⅓ bölegini çagyl, ½ bölegini ýuwlan derýa çägesi we 1 bölegini sement düzýändir. Eger çagyl tapdyrmasa, ýuwlan derýa çägesini we betony 1:4 gatnaşykda garyň. Garylan betony çyzan tegelek şekiliňiziň ýarysy dolýança guýuň. Soňra armatur simlerinden ýasalan gözenegi betona çümdüriň-de, betonyň galanyny tä gözenekler dolýança guýuň-da, ýasy tagta bilen üstüni tekizläň.
- Tegelek şekiliň içine guýan betonyňyz 1 sagat gurasyn. Deşik goýmak üçin goýan gabyňyzy aýryň-da, onuň içini çyg çäge bilen dolduryň. Merkezdäki deşigiň gyrasyna kerpiçler örüň. Kerpiçler bilen çägäniň arasynda 75 mm galdyryň. Soňra bu aralygy sement bilen dolduryň-da, 1 sagat goýuň. Soňra kerpiçleri we deşik üçin goýan gabyňyzy aýryň-da, gorag halkasynyň şekilini ýasaň.
- Ýasan beton örtügiňiz, iň bolmanda, 5 gün gurap gatasyn. Şol wagtyň dowamynda betony çyglap duruň. Beton örtügini guýynyň agzyna ýapmazdan öň onuň berkligini barlaň. Ol 7 gün durandan soň, onuň aşagyna 2,5 – 5 sm uzynlykdaky 4 sany agaç böleklerini örtügiň 4 tarapyndan goýyň. Birnäçe adam beton örtüginiň üstünde tans oýnasyn, böksün, garaz, onuň berkligini barlasyn. Gowy ýasalan beton örtügi üstünde tans edýän ýa-da bökýän birnäçe adamy göterer. Beton örtüginiň berkdigine göz ýetireniňizden soň, ony guýynyň agzyna sement garyndysyna oturdyň.
Suw çekýän enjam, bedre we zynjyr
Suw çekýän enjam – bu suwly bedräni galdyrmak üçin el bilen aýlandyrylýan çarh. Zynjyryň bir ujuny çarha, beýleki ujuny bolsa bedrä baglaýarlar. Guýudan suw çekmek üçin, bedräni guýa sallaýarlar-da, çarhy el bilen aýlaýarlar. Zynjyr çarhyň daşyna oralyp, bedräni ýokary galdyrmaga kömek edýär. Zynjyryň bahasy gymmat bolsa-da, ol saglyk üçin has howpsuzdyr, sebäbi zynjyryň daşky gatlagynda ýokançlyklar köpelmeýär diýen ýalydyr. Tanap zynjyrdan arzandyr. Ol üzüläýendede, ony çalyşmak kyn däl. Eger siz soňra haýsydyr bir sebäplere görä suw sorujy enjamy oturtjak bolsaňyz, çarhy aýyrmak aňsatdyr.
Guýynyň her tarapynda suw çekýän enjamyň pürslerini dikip, olaryň düýbüne beton guýuň.
Tanap sygar ýaly, pürsleriň ýokarsynda ganawjyk oýuň.
|
Çarh aýlananda kese agaç ganawjykdan çykmaz ýaly, onuň ýokarsyndan ýogyn çüýleri kakyň.
|
Bu suratda çarhy diremek üçin ýere kakylýan pürsler görkezilen. Ýöne pürsleriň deregine kerpiç sütünlerini örmek-de bolýar. |
Zeýkeş nowasy
Zeýkeş nowasy ýagyş we hapa suwlary guýudan sowup, olary zeýkeş zolagyna alyp gidýär. Bu bolsa guýynyň töwereginde hapaçylygyň bolmagynyň we ýokançlyklardyr mör-möjekleriň köpelmeginiň öňüni alýar. Nowany guranyňyzda, jaýryklary goýmajak boluň, sebäbi ýokançlyklar jaýryk ýerlerde çalt köpelýändirler.
Guýa gözegçilik etmek
Guýa hapa gaby, ýüpi ýa-da zynjyry atmaly däldir, sebäbi olar suwy hapalap bilýär. Guýyň suwuny arassa saklamak üçin, bir gaby guýa berkidip goýuň we ony bedreleri we uly suw gaplaryny doldurmak üçin ulanyň. Suw alynmazdan öň, eller ýuwulmalydyr. Mal-gara guýa golaýlaşmaz ýaly, haýat gurulmalydyr. Bu çäreler guýynyň suwunyň hapalanmagynyň öňüni alar.
Zeýkeşli suw gözbaşy |
Ýuwudyjy çukur
Daşlar
Çagyl
Çäge |
Siz öz guýuňyzy şu aşakdakylary berjaý etmek arkaly gorap bilersiňiz:
- suw alanyňyzdan soň guýynyň gapagyny ýapyň;
- zeýkeşiň nowasyny we kanalyny arassa saklaň;
- tutawajyň çarhjagazlaryny ýaglap duruň;
- çagalara guýynyň ýa-da suw sorujynyň ýanynda oýnamaga rugsat bermäň;
- mal-gara guýa barmaz ýaly, onuň daşyna haýat aýlaň;
- guýynyň ýagdaýyna gözegçilik ediň.
Guýularyň we suw geçirijileriň zeýkeşi
Adamlaryň suw alýan ýerinde suw dökülýändir. Suwuň dökülip, onuň ýygnanan ýerinde çirkeýler peýda bolup, gyzzyrma we beýleki keselleri ýaýradýarlar. Guýularyň, suw geçiriji turbalaryň, suw saklanylýan uly gaplaryň bolan ýerlerinde zeýkeş akabalary hökman gerekdir. Bu ýere dökülen suwlaryň ýata suwlary emele getirmez ýaly, olary uzaga äkitmek ýa-da topraga siňdirmek üçin gerek.
Siz suwuň akyp gidýän ýerinde ösümlikleri, baglary ekip, suwy öz peýdaňyza ulanyp bilersiňiz. Eger-de siz bag ekip bilmeseňiz, onda ýerden çukur gazyp, onuň içini daşdan, çagyldan we çägeden dolduryň. Suw olardan syzyp geçip, topraga siňer. Muny “ýuwudyjy guýy” diýip atlandyrýarlar. Olar çirkeýleriň köpelmeginiň öňüni alar.
Guýulardan suwy çykarmak
Suwy guýudan çykarmak üçin suw sorujylar gerek. Suw sorujylary işletmek üçin kuwwatlygyň dürli görnüşlerinden, ýagny elektrik, gaz, gün kuwwatlyklary ýa-da adam güýjüni ulanýarlar. Suw sorujydan peýdalanmak kynlaşsa ýa-da ol ýygy-ýygydan bozulsa, adamlar suwy howply suw çeşmelerinden alyp başlarlar.
Suw sorujyny nähili saýlamaly
Hemme suw sorujylaryň bir umumy ýagdaýy bar: olar döwülse, guýudan suw alyp bolmaýar we adamlar suwsuz galmaly bolýarlar. Adamlaryň aglaba bölegi üçin suw sorujylaryň iň göwusy özleriniň guran, işledip we bejerip bilýän suw sorujylarydyr. Suw sorujylar saýlanylanda şu aşakdakylara üns berilmelidir:
- Suw sorujy hem aýallaryň, hem-de erkekleriň talaplaryny ýerine ýetirmäge ýaramlymy? Jemgyýetçilik topary üçin suw sorujysy saýlanylanda, muňa aýallar hem gatnaşdyrylarmy?
- Kuwwatlylygyň haýsy çeşmesi elýeter? Eger suw sorujyny işletmek üçin gymmat bahaly ýangyç ýa-da kuwwatlylyk çeşmesi ulanyljak bolsa, bu jemgyýetçilik topary üçin bähbitli bolmaz.
- Elýeter ätiýaçlyk şaýlaryny edinip, döwlen suw sorujyny aňsat dikeldip bolarmy? Haýsysy gowy: çalt döwülýän, ýöne tiz bejerip bolýan suw sorujymy ýa-da ýerli ýaşaýjylaryň bejerip bilmejek, ýöne köp ýyllaryň dowamynda döwülmän işlejek suw sorujymy?
(biraz gowşadylan)
Ýüpli suw sorujy: bahasy arzan, suwy çykarmak aňsat
Ýüpli suw sorujy Hytaýda dörän gadymy usullara esaslanýar. Ol 15 metr çuňlukdaky guýulardan suwy köp güýç sarp etmezden çykarmaga ukyplydyr. Adam çarhy aýlaýar, suw bolsa ýokaryk çykyp, guýynyň ýokarsyndan akyp başlaýar.
Bu suw sorujynyň bahasy arzan, ony ýasamak we gurmak aňsatdyr. Bu suw sorujynyň kemçiligi – ýüpüniň üzülmegidir. Ýöne ýüpi çalyşman, üzülen ýerini daňyp hem suw sorujyny işledip bolýandyr. Köp ýurtlaryň adamlary ýüpli suw sorujylary özleriniň talaparyna we ýagdaýlaryna görä uýgunlaşdyrdylar.