Hesperian Health Guides

Suwuň howpsuz daşalyşy

Bu bapda:

Suw öz çeşmesinden adamlaryň zerurlyk çekýän ýerine daşalanda, ony zyýansyz we arassa saklamak üçin degişli çäreler görülmelidir. Suw daşamak – suw üpjünçiligi pes bolan islendik ýerde gündeki iň kyn işleriň biridir. Adatça bu işi aýal-gyzlar ýerine ýetirýärler. Agyr suwly gaplary kellede, arkada ýa-da kelläniň üstündäki halkada götermek kellagyrynyň, bil agyrynyň ýygy-ýygydan döremegine sebäp bolup, oňurga-da zyýan salyp biler, göwreli aýalaryň çagasynyň düşmegine getirer.

Suwuň daşalyşyny kämilleşdirýän suw taslamalary bu işi ýeňledip biler. Käbir ýönekeýje üýtgeşmeler suw daşamaklygy ýeňilleşdirip biler. Uzak aralyklara suw daşamak zerurlygy bolmaz ýaly, suw ulgamlaryny gurmak bolar. Jaýlary suw çeşmelerine golaý gurup bolar. Erkek adamlar maşgalalarynyň durmuşynda bu meseläniň wajypdygyna düşünip, suwy ýygnamak we daşamak işlerine gatnaşýan bolsalar, şol çäklerde saglyk meselesini gowulandyrmaga köp mümkinçilikler döreýändir.

Turbalar arkaly ýetirilýän suw

Suw ulgamyny gurmazdan öň, hemme zatlary oňat meýilleşdirmelidir. Bu mesele meýilleşdirilende häzirki wagtda suwuň näçeräk gerekdigine we elýeterdigine, ilat sanynyň günsaýayn köpelýändigi sebäpli gelejekde näçeräk suwuň gerek boljakdygyna düşünilmelidir.

A woman points to water spouting from the ground by a man holding a pickaxe.
Islendik suw ulgamynda esasy zat – döwlen turbalary bejermäge kimdir biriniň jogapkärdigine göz ýetirmek.

Suwy turbalar arkaly üpjün edýän suw ulgamynyň köp aýratynlyklary bar. Suw turbalary suwuň hapalanmak howpuny azaldýar, şol ýerde balykgulaklaryň we çybyn-çirkeýleriň köpelmeginiň öňüni alýar. Emma suw ulgamy ýaramaz gurlup, ýalňyş ulanylýan bolsa, erbet suw hapaçylygyny döreder.

Suw islendik suw çeşmesinden geçirilip bilner. Adatça muňa suw gözbaşlary ýa-da suw howdanlary degişlidir. Suwy ilatyň ýaşaýan ýerinden ýokarda ýerleşýän suw gözbaşyndan çekmeklik arzan düşýändir. Sebäbi suw ýokardan aşak akanda, ol öz agramyna aşak inýär. Munuň üçin suw sorujy enjamlaryny almak zerurlygy ýok.

Turba arkaly gelýän suw adatça suw howdanlarynda saklanylýar. Suw howdanyndaky suwy hlor bilen ýa-da ýörite süzýän enjamlar arkaly arassalap bolýar. Suw arassalanandan soň turbalar arkaly adamlaryň öýlerine ýa-da ilatly ýerleriň töweregindäki suw kranlaryna ýetirilýär. Suwy turbalar arkaly üpjün edýän suw ulgamyna hemişe gözegçilik edip durmalydyr. Suw turbalarynyň nireden geçirilendigini hasaba alynmalydyr, bu pajygaly ýagdaýlaryň öňüni almaga, turbalaryň döwlen ýagdaýynda olary tapmaga we bejermäge kömek eder. Turbalaryň ýarylmagynyň ýada deşilmeginiň netijesinde köp suwuň ýitirilmegi ýa-da turbalara hapa suwlaryň, toprakdaky zyýanly maddalaryň düşmegi mümkin. Ýata suwlaryň emele gelen ýerinde bolsa çybyn-çirkeýleriň, balykgulaklaryň köpelmegine amatly şertler döreýär. Eger turbalar bejerilende jut (ýüplük edilýän ösümlik), pagta ýa-da deri ulanylan bolsa, onda turbadaky suwuň hapalanmagy ahmal, sebäbi ady agzalan materiallar ýokançlyklaryň köpelmegine ýardam berýär.

Aýallar we erkekler suw hakynda gepleşýärler
2 women wash clothes at a wash basin as another woman fills a bucket at a tap and a child pours water over a toddler.

Meksikanyň kiçiräk obasyndaky suw komiteti uly çeşmeden turbalar arkaly oba suw geçirmegi meýilleşdirdiler. Olar her 2 öýe 1 suwgeçiriji krany gurmak üçin puluň ýeterlik boljakdygy hakynda netijä geldilir. Oba ýygnanşygynda suw komitetinde işleýän erkek adamlar suwgeçirijiden diňe içmek we nahar taýýarlamak üçin peýdalanmalydygyny aýtdylar. Olar munuň gowy boljakdygyny, indi aýallaryň suw daşamaga, ony zyýansyzlandyrmaga we içmek üçin gaýnatmaga wagtlaryny sarp etmejeklerini aýtdylar.

Ýöne ýygnakda bir aýal ýerinden turup: “Kir ýuwmak meselesi nähili bolar?” diýip sorady. Suw komitetindäki bir erkek adam: “Siz öňkiňiz ýaly, kiriňizi derýada ýuwmagyňyzy dowam edip bilersiňiz” diýip jogap berdi. Ikinji bir aýal ýerinden turup: “Çagalary suwa düşürmek babatynda nähili bolar?” diýip sorady. Erkek adam şeýle diýdi: “Siz öňki edişiňiz ýaly, çagalaryňyzy derýada suwa düşürmegi dowam ediberiň”. üçünji aýal ýerinden turup: “Biz melleklerimizi näme etmeli? Bize gök önüm öndürmek üçin suw gerek” diýip sorady.


Aýallar özleriniň diýýän zatlaryna düşünmeýändiklerini duýdular. Olar suw babatdaky hajatlaryny kanagatlandyrylmaýandygyny, suw komitetinde gelin-gyzlaryň ýokdugyny aýtdylar. Şunlukda, olar suw komitetine gatnaşmaga rugsat bermeklerini talap edip, täze meýilnama düzmäge kömek etjekdiklerini aýtdylar. Ýygnak agzalarynyň hemmesi bu pikiri goldady. Täze suw komiteti başga meýilnamany işläp düzdi. Olar suwgeçirijini her 2 öýe dälde, her 6 öýe bir suwgeçiriji kran we bir suwly howuz gurup bermek netijesine geldiler.


Hawa, aýallar heniz hem suw daşasalar-da, kiri obada ýuwmaga, çagalary obada suwa düşürmäge, mekgejöweni obada arassalamaga mümkinçilik döredi. Kranlardan akýan suw agyz suwy üçin, suw howdanlaryndaky suw bolsa beýleki işler üçin ulanylýardy. Bu agyz suwunyň arassa saklanylýandygyna göz ýetirmäge kömek berdi. Oba adamlary suw howdanyndan ulanylan suwy soňra mellekleri akdyryp, ekinlerini suwardylar.


Bu meýilnama erkek adamlar üçin hem bähbitli boldy. Sebäbi olar her gün meýdandan dolanyp gelenlerinden soň, gurallaryny ýuwmaga ýer boljakdy. Şunlukda, oba ilaty köp talaplaryny birbada kanagatlandyrdylar.