Hesperian Health Guides
Öz çeşmäňizi goraň
- Bu hakyky çeşme? Ýa-da adaty akarmy, ýa-da ýeriň aşagynda çeşmeden ýokarda geçýän ýerüsti suwumy? Eger bu şeýle bolsa, onda çeşmedäki suw ýeriň aşagyndan akyp, az aralykdaky ýerüsti suwy bolup biler. Eger şeýle bolsa, onuň hapa bolmagy ahmal. Şeýle akarlar diňe ýagşyň ýagýan döwründe akyp biler.
- Siziň çeşmäňiziň ýokarsyndaky gaýada uly döwük ýerleri barmy? Eger bar bolsa, güýçli ýagyşdan soň çeşmedäki suwy barlaň. Eger suw bulanyk bolsa, onda çeşme ýerüsti akýan hapa suw bilen hapalanandyr.
- Çeşmäniň töwereginde ýa-da ýokarsynda hapa ýerler barmy? Bu ýerlere mallaryň otlaýan örüleri, hajathana çukurlary, hapalanan suw howdanlary, pestisidler, himiki dökünler ýa-da adamyň işleri bilen bagly beýleki ýerler degişlidir.
- Çeşmäniň 15 metr çemesi töweregindäki toprak ýumşak ýa-da çägesöwmi? Bular ýaly toprak ýerüsti hapa suwlaryň ýerasty suwlaryna akyp barmagyna sebäp bolýar.
Mazmuny
Çeşmäniň töweregindäki zolagy goraň
Çeşmäni goramak guýy gazmakdan ýa-da skwažina burawlamakdan arzan düşýär. Goralýan çeşmeden ilatyň ýaşaýan ýeriniň golaýyna turba geçirmek ýeňildir. Çeşmäniň golaýyndaky zolagy goraň, bu zolagyň töweregine haýat aýlaň we ýerüsti hapa suwlaryny we galyndylary alyp gider ýaly zeýkeş akabasyny gazyň. Bu haýwanlar üçin hem böwet bolar.
Çeşmäni has gowy gorar ýaly, onuň töwereginde bag ekiň. Agaçlar topragyň pytramasynyň öňüni alýar we çeşmäniň töweregine saýa salyp, ýakymly ýere öwürýär.
Çeşme gözbaşyny goraýan “guty”
Çeşme gözbaşyny goraýan “gutyny” daşdan, kerpiçden ýa-da betondan gurýarlar. Bu çeşme gözbaşyny hapalanmakdan goraýar. Şeýle-de bu “guty” çeşmeden suw almaga ýa-da ilaty turbalar arkaly suw bilen üpjün etmäge, çeşmäniň suwuny suw howdanlara gönükdirmäge kömek edýär. “Gutynyň” oňat bolup bolmazlygy ýeriň gatlaklaryna we elýeter materiallara bagly
“Gutynyň” gurluşy
Çeşmäniň gözbaşyndan gaýdaýan turbalary we ony goraýan “gutyny” ýygy-ýygydan arassalamalydyr
Çeşme suwunyň zyýansyzdygyna göz ýetirmek üçin, “gutyny” wagtal-wagtal barlap durmalydyr. Gyrmança, ýapraklar, haýwanlaryň maslyklary we beýleki zatlar çeşme gözbaşyndan gaýdaýan turbalara ýa-da “guta” düşüp, suwuň akmagyna böwet bolmagy ýa-da ony hapalamagy mümkin. Turba howply zatlar düşmez ýaly, “guta” girýän turbanyň ujuna simden örülen tory berkitmeli. Suwuň durnukly akyp durmagy üçin, tory wagtal-wagtal arassalap duruň.