Hesperian Health Guides
Suwy arassa saklaň
Mazmuny
Detektiw wakasy: Agyz suwy nähili hapalandy?
Bu sapak guýynyň, suw çeşmesiniň ýa-da suwgeçiriji ulgamynyň nähili hapalanandygyny derňemäge kömek eder. Bu sapaga 4 we ondan hem köp adam gatnaşyp biler.
Dowamlylygy: 1 sagat
- Kömekçi topara özleriniň saglyk gözegçileridigini düşündirýär. Soňra olara görkezme berýär. Mysal üçin, 10 maşgala agyz suwlaryny guýudan alýar. Günleriň birinde maşgalalaryň birinde çaga öýdäki hapa suwy içip, keselleýär. Beýleki maşgalalaryň saglyk ýagdaýy gowy. Detektiwiň wezipesi – guýudan turbalar boýunça çykarylan suwuň nähili hapalanandygyny bilmeli.
- Kömekçi sapaga gatnaşýan topardan birküç meýletinçini saýlaýar. Soňra toparyň galan bölegini bir gyra çagyryp, meýletinçeleri gönükdirmegi öwredýär. Meýletinçiler suwuň nädip hapalanandygyny bilmek üçin sorag berýärýär. Soňra kömekçi meýletinçilerden suwuň nähili hapalanandygyny soraýar. Meýletinçiler onuň soragyna çalt jogap bermelidirler.
- Soňra topar öz gezeginde meýletinçilere sorag berýär. Meýletinçiler derrew jogap berip bilmeseler, beýlekiler olara gönükdiriji soraglary berýärler.
- Eger topar uly bolsa, ony birnäçe toparlara bölüp bolýar. Soraglaryň sanyny azaldyň, meselem, her topara ýa-da her adama 4 soraga çenli bermegi rugsat ediň. Kim ilkinji bolup dogry jogap berse, şol hem utýandyr.
Bu sapagy dürli ýollar bilen birnäçe sapar gaýtalaň. Sapagyň ahyrynda kömekçi suwuň hapalanmagynyň dürli ýollary hakynda gürrüňdeşlik geçirip, adamlar öýde we hemme ýerde agyz suwuny arassalamak üçin nämeler edip boljakdygy hakynda pikir alşarlar
Suw saklanylýan gaplary (howdanlary, çelekleri) arassa saklamak
Adamlar saklanylýan suwa hapa elleri bilen galtaşsalar, ony hapa gaplara guýsalar, hapa okara bilen suw alsalar, suwa hapa ýa-da tozan düşse, ol hapalanar. Öýdäki suw hapalanmaz ýaly, şu aşakdakylar berjaý edilmelidir:
Agzy dar suw gaplary suw saklamak üçin howpsuzdyr. |
- Suwy alyp goýmazdan we bir gapdan beýleki gaba guýmazdan öň, elleriňizi ýuwuň.
- Suw daşaýan gaplaryňyzy arassalaň, olaryň agzy ýapyk bolsun.
- Öýdäki suwly gaplaryňyzy hemişe arassa saklaň.
- Suwly gaplaryňyzy ýerde goýmaň, olary mal-garadan uzakda saklaň.
- Suw alanyňyzda, suwly gaplaryňyzyň erňegine degmän, hemişe şol bir susagy ulanyň.
- Suw içýän gaplaryňyzy (käse, bulgur we ş.m) hemişe arassalap duruň.
- Pestisidleriň ýa-da himikatlaryň saklanylan gaplarynda asla suw saklamaň.
- Diňe ulanjak suwuňyzy arassalaň. Agatça her maşgala agzasyna günde nahar we agyz suwy üçin 5 litrden köp suw gerek bolmaýar. Suw saklanylýan gaplaryň agzyny ýapy
Suw saklanylýan gaplaryň agzyny ýapyň
Suw saklanylýan gaplaryň agzy ýapyk bolany üçin, olardaky suw açyk howuzlardaky suwa garanyňda has howpsuzdyr. Agzy ýapyk gaplara çybyn-çirkeýler ýa-da balykgulaklar düşüp bilmeýär, olaryň içindäki suw bugaryp gutarmaýar. Eger suw howuzlarda ýa-da ganawlarda saklanylýan bolsa, olary gazyp çuňaldyň. Şonda olardaky suwuň bugarmasy azalar.
Suw saklanylýan sisternalar suwuň peýdalanyljak ýerine golaý goýulmalydyr.
Suwuň syzmagyna ýol bermäň
Suwuň syzyp durmagy, bugarmagy we damyp durmagy bilen köp suwy ýitirip bolýar. Suwy tygşytlamak üçin, ondan peýdalanmaýan wagtyňyz suw kranlarynyň ýapykdygyna göz ýetiriň. Suwuň akyp durandygyny bileniňizden soň döwlen ýa-da deşilen turbalary we çelekleri bejeriň ýa-da çalşyryň. Suw syzyp ýa-da damyp dursa, şol turbada deşigiň bardygynyň alamatydyr. Bu bolsa suwa ýokançlyklaryň aralaşmagyna mümkinçilik döredýändir.