Hesperian Health Guides

Ýagyş suwlaryny ýygnamak

Bu bapda:

Ýagyş suwuny ýygnamak zyýansyz suw bilen üpjün bolmagyň iň aňsat we netijeli usullaryň biridir. (Ýöne bu howasy hapa ýa-da haýsydyr bir zatlar bilen zäherlenen çäklere degişli däldir.) Ýagyş suwuny ýygnamak suw gytçylygy we howpsuzlygy babatdaky kynçyklary çözüp bilýär.

Ýerüsti çelekleri jaýyň golaýynda goýmak bolar. Ýagyş suwy jaýyň üçeginden syrygyp, ternawlardan çeleklere akýar. Galaýydan ýa-da büdür-südür metallardan edilen üçekler iň gowusydyr. Samandan edilen üçekler hapany köp ýygnaýandygy üçin, ondan ýagyş suwuny ýygnamak howpludyr. Gurşundan, asbestden ýa-da şepbikden edilen üçeklerden ýygnalan ýagyş suwy zyýanlydyr, sebäbi bu materiallaryň düzüminde zyýanly himikatlar bar. Ýagyş suwuny ýygnajak çelekleriňiziň arassa we saglyk üçin howpsuz bolmagy üçin, olarda nebit ýa-da pestisid ýaly zäherli himikatlaryň saklanylmandygyna göz ýetiriň.

Gutters hanging from the edge of a roof funnel rainwater into barrels with taps.
Ýagyş suwuny ýygnamak üçin ak ýasy ýuka demirler (tüneke) ulanylýar.


Ýeriň derejesindäki zeýkeş (kaptaž, suw saklanylýan howuz) ýerüsti akar suwuny we ýagyş suwuny ýygnap bilýär. Ýönekeý zeýkeş etmek üçin, çuň çukur gazyň-da, ony tapbatlaň ýa-da palçyk bilen suwaň, ýa-da plita, ýa-da beton, ýa-da plastmas bilen örtüň. Bu howza ýygnalan suwy mallary suwa ýakmak ýa-da suwa düşünmek üçin ulanyp bolar. Eger bu howuzdaky suw agyz suwy üçin ulanyljak bolsa, ony içmezden öň oňat arassalamalydyr.

üçeklerden ýa-da ýeriň derejesindäki zeýkeşden ýygnalan suwy ýeriň aşagyndaky howdanlarda hem saklamak bolar. Bu usul suwy sowuk saklamak we goramak üçin gowudyr. Şeýle hem bu usul suw saklanylýan ýerüsti howdanlary (howuzlary) gurmakdan ýa-da satyn almakdan arzan düşýär.

ýagyş suwuny içmek üçin ýaramly etmek

Ýygnalan ýagyş suwy hapalanmakdan goralyp, içmek üçin ýaramly bolmalydyr. Ýygnan ýagyş suwuňyzyň howpsuzdygy babatda ynamly boljak bolsaňyz, şulary berjaý ediň:

  • Ýagýş ýagýan möwsümi başlamazdan öň suw saklanyljak çelegi (howzy, howdany), onuň turbalaryny, gapagyny we üçekleri arassalaň.
  • Suwy nebit, pestisidler ýa-da beýleki zäherli himikatlar saklanylan gaplarda saklamaň.
  • Suw saklanyljak çelegi (howzy, howdany) arassalamak üçin, ilkinji ýagan ýagyş suwy bilen ony ýuwuň.
  • Suw saklanyljak çelegiň agzyny ýapyň we mör-möjekler, ýapraklar we beýleki hapa zatlar düşmez ýaly, onuň agzyna süzgüç berkidiň. Bu çybyn-çirkeýleriň köpelmezligi üçin hem gowudyr.
  • Eger mümkin bolsa, suwy krandan akdyryň. Eger siz suwy susak ýa-da bedre bilen alýan bolsaňyz, onda olaryň arassadygyna göz ýetiriň.
  • Howpsuzlygy güýçlendirmek üçin, suw saklanylýan gaba hlor atyň ýa-da oňa suw süzgüjini berkidiň.
  • Suwy çaýkamaň ýa-da bulamaň. Hapa zatlaryň ýa-da ýokançlyklaryň suw saklanylýan çelegiň düýbüne çökmäge mümkinçilik beriň.
  • Ýygnalýan ýagyş suwunyň arassa bolmagy üçin, wagtal-wagtal üçekleri arassalaň.
Çölde ýagyş suwuny ýygnamak
Near a naadi, a man leads a camel pulling a water carrier on wheels.

OHindistanyň Sar Rajystan çölünde ýagyş suwuny ýygnamagyň bir täri bar. Ol ýerde ýagyş suwy oba howdanynda saklanylýar we ony “naadi” diýip atlandyrýarlar. Obanyň tutuş ilaty, hatda geçip barýan ötegçiler-de naadiniň suwundan peýdalanyp bilýärler. Naadiniň suwuny arassa saklamak üçin, oba adamlary köp tagalla edýärler. Gadymy kanunlar naadiniň töweregindäki, naadä ýygnanjak ýagyş suwunyň akýan çäklerindäki agaçlary çapmagy gadagan edýär. Haýwanlar naadä golaý saklanylmaýar. Adamlara onuň töwereginde buşukmaga ýa-da täret etmäge rugsat berilmeýär. Obanyň adamlary aýda bir gezek, asmanda aýyň görünmeýän güni, naadiniň düýbüne çöken çägäni we gyrmançany aýyrmak üçin ýowar geçirýärler. Naadini arassalanlarynda, ol çuňlaşýar, şonda onuň düýbüne çöken ýokançlyklar hem aýrylýandyr.


Arassalaýyş işleri tamamlanandan soň, suw durlanýança, ondan peýdalanmaýarlar. Şunlukda howdandaky suw ýene howpsuzlandyrylýar. Ýerli ilat şeýle çäreleri geçirip, öz suw çeşmelerini goraýar.